Şu gün Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde türkmen paýtagtyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi.
Şu maslahat döwlet Baştutanymyzyň şu hepdäniň dowamynda ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de onuň çäklerini giňeltmegiň we düzümini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri boýunça geçiren maslahatynyň dowamyna öwrüldi. Bu gezek maslahat has giň, umumy döwlet möçberinde geçirildi, munuň özi diňe bir onda kabul edilen çözgütler däl-de, bu wakanyň baýramçylyga mahsus görnüşde geçmegine badalga beren beýleki ýagdaýlar bilen şertlendirilendir.
Maslahat köşgünde ählumumy ruhubelent we joşgunly ýagdaý höküm sürýär, bu ýerde ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem ähli welaýatlardan mekdepleriň uçurymlary we giň jemgyýetçiligiň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar.
Ýygnananlar şowhunly el çarpmak arkaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy garşylaýarlar. Döwlet Baştutanymyz sahna çykýar we ýygnananlar bilen salamlaşýar. Milli Liderimiz dabaraly maslahatyň gün tertibini beýan edip, ony açyk diýip yglan edýär.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Ýygnananlar bu sena ruhubelentlik bilen goşulýarlar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow prezidiumyň agzalaryny öz orunlaryna geçmäge çagyrýar. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň Başlygynyň orunbasary H.Nazarow, ýurdumyzyň hormatly myhmany, Ginnesiň rekordlar kitabynyň baş redaktory jenap Kreýg Glendeý we Aşgabadyň ilatynyň dürli gatlaklarynyň wekilleri – 5-nji orta mekdebiň matematika mugallymy O.Orazmuhammedow we paýtagtymyzyň ýaşaýjysy pensioner A.Mämmedowa öz orunlaryna geçýärler.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti ilki bilen, şanly waka mynasybetli paýtagtymyza ýörite gelen Ginnesiň rekordlar kitabynyň baş redaktory jenap Kreýg Glendeýe söz berdi.
Myhman ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň tutuş halkyna mähirli myhmansöýerlik, türkmen paýtagtyndaky tutuş dünýäniň haýran galdyrýan özgertmeleri görmäge mümkinçilik döredilendigi üçin hoşallyk bildirip, ak mermerli Aşgabadyň gözelligine, onuň sazlaşykly depgindäki ösüşine tüýs ýürekden haýran galandygyny aýtdy. Şonda bu ýerde şäher gurlyşygy boýunça uly möçberli maksatnamanyň amala aşyrylmagynyň täze belent jaýlaryndan we binagärlik toplumlaryndan ybarat şäheriň täsin galdyrýan binagärlik keşbiniň döredilmegine ýardam berendigi bellenildi. Täze binalaryň sany barha artyp, paýtagtymyzyň myhmanlaryny gurluşyklaryň gerimi, gözelligi we durmuş maksatly binalaryň oýlanyşykly ýerleşdirilmegi bilen haýran galdyrýar. Aşgabadyň has gözel künjekleri Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi türkmen paýtagtynyň ösüşindäki örän uly üstünlikleriň we gazanylanlaryň halkara derejesinde ykrar edilýändigini aýdyň görkezýän ýene-de bir subutnama bolup durýar.
Jenap Kreýg Glendeý özüniň ýolbaşçylyk edýän Ginnesiň dünýä derejesindäki rekordlar boýunça redaksiýasynyň Aşgabat şäheriniň dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde hasaba alynmagyny makul görendigini aýtdy.
Hususan-da, bu ýagdaýy tassyklaýan şahadatnamada 22 inedördül kilometre barabar meýdanda ak mermer bilen örtülen we umumy meýdany 4,5 million inedördül metre barabar bolan täze binalaryň 543-siniň ýerleşýändigi, ýagny her 4,87 inedördül metre mermeriň 1 inedördül metriniň düşýändigi bellenilýär.
Ýygnananlaryň el çarpyşmagynda bu şahadatnama Aşgabat şäheriniň häkimine gowşuryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Glendeýe Aşgabada mynasyp baha berlendigi üçin şäheriň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan Ginnesiň rekordlar kitabynyň işgärlerine minnetdarlyk bildirip, maslahaty dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz ata Watanymyzyň ak mermerli paýtagtyny ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda täze başlangyçlaryň öňe sürlendigini belledi. Aşgabat şäheri bilen onuň töwereginde ýerleşýän ýanaşyk obalaryň we şäherleriň ösüş meýilnamasyny bir bitewi maksatnamada jemlemek, utgaşdyrmak, täze maksatnamalary işläp düzmek, şeýle hem binagärlik we şäher gurluşygy boýunça täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin oňyn şertleri döretmek maksady bilen, Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň çäginde ýerleşýän käbir ilatly ýerleriň hem-de Abadan şäheriniň paýtagtymyza birikdirilmegi makul görüldi. Paýtagtymyzyň çäklerini giňeltmek we onuň diňe bir işjeň ýagdaýda ösýän şäheriň zerurlyklaryna däl-de, oňa ýanaşyk ýerleriň durmuş-ykdysady kuwwatyny güýçlendirmek, onuň durmuşdaky sazlaşykly depginini artdyrmak we ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly wezipäniň berjaý edilmelidigi öňden bäri aýdyň görünýärdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu başlangyç esasynda we “Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň hem-de döwlet kärhanalaryna, guramalaryna, edaralaryna we beýleki desgalara at dakmagyň, adyny üýtgetmegiň tertibi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň kadalaşdyryjy resminamalary işläp taýýarlandygyny aýdyp, ýurdumyzyň Mejlisiniň ýolbaşçysyna söz berýär.
Milli parlamentiň Başlygy A.Nurberdiýewa Türkmenistanyň Mejlisiniň “Aşgabat şäheriniň hem-de Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyny yglan edýär.
Ýygnananlar Aşgabadyň senenamasynda resmi ýagdaýda täze sahypany açan bu habary şowhunly el çarpmak bilen garşyladylar. Hakykatdan-da, bu ädim birnäçe maksatlaryň ýetilmegine gönükdirilendir. Munuň özi ilkinji nobatda, adamlaryň ýaşaýşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegini, durmuşyň hiline degişli ähli ýokary ülňüleriniň kemala getirilmegini, şeýle hem paýtagtymyzyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiki wezipeleriniň berjaý edilmegine goşýan goşandynyň artdyrylmagyna, Aşgabadyň wajyp ähmiýetli halkara işewürlik, medeni, syýahatçylyk merkezi hökmündäki ähmiýetiniň we ornunyň ýokarlandyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny aňladýar. Milli Liderimiz türkmen paýtagtynyň hukuk derejesini pugtallandyrmak we at-abraýyny has-da ýokarlandyrmak barada aýdanynynda hut şu wezipeleri öňde goýýar. Döwlet Baştutany hökmünde ählihalk tarapyndan saýlanan gününden başlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy düýpgöter özgertmek, döwrebaplaşdyrmak we oňyn özgertmeleri amala aşyrmak baradaky strategiýany öňe sürdi, şol özgertmeler tutuş türkmen topragyny gurşap almak bilen, häzirki wagtda özüniň ajaýyp miwelerini berýär, şol netijeler tutuş dünýäniň Türkmenistana başgaça garamagyna itergi berýär. Biziň söýgüli Watanymyz elmydama şunuň ýaly özgertmeleriň öňdäki hatarynda boldy we şeýle bolmagynda galýar.
Bu ýerde ýurdumyzyň baş şäherinde ykbalçözüji kararlar kabul edilýär hem-de jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli wajyp wakalar bolup geçýär, galyberse-de, her günde tutuş ýurdumyzda sazlaşykly iş depginine badalga berýän ýagdaýyň arasy üzülmeýär. Ösüşiň we özgertmeleriň batly depgini birjik-de gowşamaýar we munuň özi paýtagtymyzyň binagärlik keşbinde öz beýanyny tapýar. Onuň daşky keşbiniň içerki many-mazmun bilen sazlaşykly utgaşmagy esasy netije bolup durýar, munuň özi adamlar, şahsyýetleriň öz mümkinçiliklerinden peýdalanmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmeginde öz beýanyny tapýar.
Soňky ýyllarda şäherimizde täze, joşgunly, baý döredijilikli durmuş gaýnap joşýar. Bu ösüşiň depginleri we ugurlary gurluşyklaryň häsiýetlerinde äşgär bolýar, bularyň durmuşa gönükdirilendigi örän aýdyň görünýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk boýunça uly möçberli we möhüm ähmiýetli taslamalary öňe sürmek bilen çäklenmän, olaryň ähli tapgyrlarda ýerine ýetirilişine, binagärlik çözgüdiniň berjaý edilişine, geljekki binanyň ulanmaga berilmegine çenli onuň inženerlik-tehniki taýdan üpjün edilişine berk gözegçilik edýär.
Milli Liderimiz paýtagtymyz we onuň daş-töweregi boýunça her bir iş saparynyň barşynda möhüm ähmiýetli gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen jikme-jik tanyşýar. Şonda ýurdumyzyň Prezidenti her bir ýagdaýy göz öňünde tutup, gurluşygyň barşynyň ähli inçe tilsimlerine aýratyn üns berýär. Döwlet Baştutanymyzyň desgalary ulanmagyň köpugurlylygynyň ýokarlandyrylmagyna, binalaryň ygtybarlylygynyň we howpsuzlygynyň, daşky bezeginiň göwnejaý bolmagynyň üpjün edilmegine degişli oýlanyşykly maslahatlary taslamalary düzüjiler, binagärler, gurluşykçylar we dizaýnerler üçin esasy ugra öwrülýär. Şunuň ýaly her bir teklipde ýa-da bellikde diňe bir oňaýly oý-pikir däl-de, eýsem, adam baradaky ýadawsyz alada, adamyň daş-töwereginiň oňaýly we estetiki taýdan göwnejaý ýagdaýyň gurşap almalydygy we biziň borjumyzyň şunuň ýaly ýagdaýyň üpjün edilmeginden ybaratdygyna düşünilmelidigini aňladýar.
Türkmenistanyň Mejlisi milli Liderimiziň paýtagtymyzy ösdürmekdäki bahasyna ýetip bolmajak işlerini, ata Watanymyzyň şäher gurluşygyna goşan uly goşandygyny ykrar etmek arkaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan arhitektory” diýen hormatly ady dakmak hakyndaky karary kabul etdi.
Parlamentiň ýolbaşçysy Mejlisiň bu hormatly ady dakmak hakyndaky kararyny okaýar, ýygnananlaryň şowhunly el çarpmagy bilen döwlet Baştutanymyza degişli nyşan we şahadatnama gowşurylýar.
Milli Liderimiz hormatly adyň dakylandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, şeýle diýdi: “Men bu hormatly ady biziň ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna ähli halkymyz bilen agzybirlikde we jebislikde çeken zähmetimize berlen ýokary baha hökmünde kabul edýärin. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, merdana halkymyzyň we geljekki nesillerimiziň bagtyýarlygynyň hatyrasyna döretmek we işlemek bagty bize miýesser etdi”. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, şeýle diýdi: “Biziň saýlap alan ýolumyz gurmagyň we döretmegiň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermegiň ýoludyr. Biziň üçin şondan uly bagt ýokdur! Biz Garaşsyz Diýarymyzy, merjen şäherimiz Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, dünýäniň iň gözel şäherine öwürmek boýunça alyp barýan işlerimizi mundan beýl-k hem dowam etdireris. Bu maksatlara ýetmek üçin biz ähli tagallalary ederis, yhlas bilen, tutanýerli zähmet çekeris! Bu biziň ata-babalarymyzyň ruhunyň öňündäki, nesillerimiziň öňündäki mukaddes borjumyzdyr”.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli watandaşlarymyza özgertmeleri goldaýandygy we bulara işjeň gatnaşýandyklary, halal zähmet çekýändikleri üçin minnetdarlyk bildirip, biziň bilelikde öňde goýlan maksatlara ýetip, mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmugynyň hatyrasyna ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirjekdigimize ynam bildirdi.
Ýygnananlar el çarpmak arkaly milli Liderimiziň ruhubelent sözlerini biragyzdan goldadylar. Şondan soňra Türkmenistanyň Prezidenti şu gün şanly senäni belleýän milli bilim ulgamyna wekilçilik edýän prezidiumyň ýene-de bir agzasyny – Aşgabat şäheriniň 5-nji orta mekdebiniň matematiuka mugallymy O.Orazmuhammedowy çykyş etmek üçin çagyrdy.
Ýaşlaryň halypasy aýdylan pikirlere goşulmak bilen, öz ýurduňa, paýtagtyňa buýsanmagyň ýaşlary watançylyk we ahlak taýdan terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigini aýdyp, ýarym asyra golaý wagtlap zähmet çekmek arkaly baý tejribe toplan mugallym özüniň mukaddes borjunyň ýaşlara diňe bir bilimleriň dünýäsine ýol açmak bilen çäklenmän, häzirki döwürde gazanylanlary we üstünlikleri dowam etdirýän ýaş nesle ata Watanymyzyň ykbalyna dahyllydygyny öwretmekden ybarat bolup durýandygyny aýtdy.
Çykyşda Türkmenistanyň Prezidentiniň ähli ugurlara gönükdirilen özgertmeleriň strategiýasyny hut miilli bilim ulgamyny özgertmekden başlamak arkaly, bu ulgamy belent maksatlara ýetilmegi, ýurdumyzyň innowasion ösüşde öňe gidişligi gazanmagy üçin esasy binýada öwrendigi bellenildi.
Diňe bir ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýat merkezlerinde däl-de, eýsem obalarda hem täze, döwrebap, has öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, çport toplumlary dynç alyş we döredijilik ösüşi boýunça merkezler gurulýar. Her ýylda tutuş ýurdumyzda täze okuw şäherjikleri açylýar, şolarda okuw we öwrenmek arkaly dynç alyş üçin ähli şertler döredilýär. Bilim ulgamyny özgertmegiň häzirki tapgyrynda okuw mekdepleriniň maddy-tehniki taýdan üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmak, olary maglumatlar we kommunikasion tehnologiýalara degişli serişdeler bilen üpjün etmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ine, şu ýylda-da, döwlet Baştutanymyzyň karary boýunça sentýabr aýynda birinji synpa okuwa gitjek çagalar üçin has kämil kompýuterleriň – netbuklaryň 193 müňden gowragy satyn alnar.
Dünýäde toplanan öňdebaryjy tejribäni özleşdirmek arkaly, ýurdumyzyň bilim ulgamy halkymyzyň nesilden-nesile geçýän ruhy däp-dessurlary we gymmatlyklary, pähimli öwüt-nesihatlary esasynda ösdürilýär. Şunda ata Watanymyza söýgi esasy ýörelge bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýaş raýatlaryna göwnejaý bilim almak, geljekki hünäri saýlap almak, öz zehinini we ukyplaryny amala aşyrmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Türkmen ýaşlarynyň gazanýan üstünlikleri tutuş ýurdumyzyň buýsanjydyr. Ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri bolsa ýaşlar üçin buýsanmagy, ýurduň raýatyna mahsus watançylygy öwredýän sapaga öwrülýär.
Şuňa görä-de türkmen paýtagtynyňy gazananlary, onuň rowaçlanmagy we halkara derejesinde has-da giňden ykrar edilmegi geljekde Aşgabadyň, onuň ýaş nesilleriniň adam bilen bagly ölçegleriniň kämilleşdirilmegine goşulýan goşant bolup durýar. Şu günki çäräniň ýurdumyzyň mekdeplerinde “Soňky jaň” bilen bagly dabara gabat gelmegi bellärliklidir. Çünki orta mekdepleriň uçurymlaryna durmuşda öz ýoluňy has batyrgaý kesgitlemek üçin oňaýly ýagdaý döreýär. Şunda örän ýagşy, öz şäherimize, ýaşlarymyza, ýurdumyza buýsanmaga mümkinçilik berýän oňat alamatlar görünýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aşgabatly mugallymyň çykyşynda beýan edilen oý-pikirleri jemläp, häzirki wagtda ýurdumyzyň we onuň paýtagtynyň taryhynda uly we şanly wakanyň bolup geçýändigini aýtdy.
Biz paýtagtymyzyň çäklerini giňeldip, täze we giň möçberli işlere badalga berýäris, şäherimiziň taryhynyň täze sahypasyny açýarys, diýmek, aşgabatlylaryň ýaş nesliniň durmuşda üstünlik gazanmagy üçin has giň we oňaýly mümkinçilikleri döredýäris.
Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň ýüzlerçesi orta mekdeplerdäki okuwy tamamlap, özbaşdak durmuş ýoluna gadam basýar. Şunda belent başlangyçlar, wajyp ähmiýetli sepgitleri eýelemek, köňülde beslenen arzuwa ýetmek üçin aýgytly, jogapkärli hereket edilmegine çagyryş jemlenýär. Şoňa görä-de, bu wakalar bir-birine sazlaşykly laýyk gelýär. Ýaşlaryň bagtyýar şadyýanlygy, olaryň ýagşy we belent arzuwlara ýetmäge çalyşmagy şäherimiziň geljekki ykbalyndaky bu pursadyň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, şeýle diýdi: “Şu aýdylanlardan ugur alyp, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni merkezi hökmünde Aşgabat şäheriniň ornuny has-da ýokarlandyrmak, sebitde iri ylalaşdyryjy, işewürlik we medeni merkeze hem-de Aziýanyň merjen şäherine öwrülen, ak mermere beslenen paýtagtymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk-de belende galdyrmak maksady bilen, her ýylyň 25-nji maýyny Aşgabat şäheriniň güni diýip yglan etmegi teklip edýärin”. Ýygnananlar döwlet Baştutanymyzyň bu sözlerini şowhunly el çarpmak arkaly oňladylar. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidentiniň bu başlangyjynyň hemmeler tarapyndan oňlanylmagynyň beýanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat şäheriniň gününi döretmek hakyndaky” Permana gol çekip, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowa söz berdi.
Şäheriň häkimliginiň ýolbaşçysy şu günüň – 2013-nji ýylyň 25-nji maýynyň tutuş ýurdumyz üçin şanly senä we paýtagtymyzyň senenamasynda aýratyn ýatda galjak güne öwrüljekdigini aýtdy.
Aşgabat gün-günden gözelleşýär, döwrebaplaşýar hem-de şunda şäherliler üçin has kämil dünýä ülňülerine laýyklykda ähli oňaýlyklar we eşretler hödürlenýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm ähmiýetli her bir taslama aýratyn üns berip, onuň amala aşyrylmagyna badalga berilmegine gös-göni gatnaşmagy paýtagtymyzyň ösdürilmegine güýçli itergi berýär. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyza “Türkmenistanyň at gazanan arhitektory” diýen hormatly adyň berilmegi watandaşlarymyzyň milli Liderimize çuňňur hoşallyk bildirýändigini aňladýar.
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda şäherde tutuş etraplaryň, şol sanda taryhy merkeziň dolulygyna durky täzelenildi, täze ýaşaýyş toplumlary döredildi, ýüzlerçe binalar guruldy, olaryň arasynda binagärlik we inženerlik -- tehniki oý-pikir bilen baglylykda täsin galdyrýan desgalar az däl. Olaryň käbiri Ginnesiň rekordlar kitabyna goşuldy, beýlekiler bolsa arhitektura boýunça halkara derejesindäki abraýly bjsleşikleriň sylaglaryna mynasyp boldy. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäheriniň dünýäniň has owadan paýtagtlarynyň hatarynda öňdäki orny eýelemäge mynasypdygyna şaýatlyk edýär.
Şäher gurluşygy Aşgabady ösdürmekde esasy ugra öwrülip, paýtagtymyzyň ykdysady jähetlerini, onda maýa goýumlaryna we işewürlige degişli amatly ýagdaýyň döredilmegini kesgitläp, bir tarapdan, daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň artdyrylmagyna we beýleki tarapdan ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna, ilkinji nobatda bolsa, hususy kompaniýalaryň gurluşyga degişli taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmagyna degerli ýardam berdi. Dünýäde gurluşyga degişli tehnologiýalara degişli ähli täzelikler Aşgabatda amala aşyrylýar. Şäheriň daşky umumy görnüşiniň çeperçilik-estetiki taýdan oňyn çözülmegi binalaryň ak mermere örtülmegi bilen sazlaşykly utgaşýar. Binalaryň agramly bölegi, ýagny köşk toplumlaryndan, edara binalaryndan başlap, mekdeplere we çagalar baglaryna çenli ähli toplumlar ak mermer bilen örtülendir.
Düzümiň ösdürilmegi netijesinde, şäher sebit, halkara we dünýä derejesinde wajyp ähmiýetli çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ýöne ähli binalaryň we desgalaryň adamlara hyzmat etmek, zähmet çekmäge we dynç almaga oňaýly şertleri döretmek maksady bilen gurulýandygyny bellemek gerek.
Aşgabada Abadan şäheriniň we Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň çäginde ýerleşýän ilatly ýerleriň birnäçesiniň birleşdirilmegi paýtagtymyzyň meýdanyny iki essä golaý artdyrar, munuň özi has uly möçberli täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine mümkinçilik döreder.
Şeýle hem şäheriň häkimi paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň şäheriň etraplarynyň ikisiniň atlaryny üýtgetmek baradaky teklipleri oňlandygyny, şol täze atlaryň döwrüň --Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna laýyk gelýändigini aýtdy. Indiden beýläk Azatlyk etraby “Berkarar”, Prezident Nyýazow adyndaky etrap bolsa – “Bagtyýarlyk” diýlip atlandyrylar.
Şäheriň gününiň döredilmeginiň yglan edilmegi aşgabatlylaryň şatlygyny artdyran waka öwrüldi, indiden beýläk bu gün her ýylda paýtagtymyzda 25-nji maýda belleniler. Paýtangtymyzyň bu özboluşly “Doglan güni” we ýurdumyzyň mekdeplerinde “Soňky jaňyň” ýaňlanýan güni ýene-de bir goşa baýrama öwrülip, ýurdumyzda eýýäm däbe öwrülýär. Munuň özi dabaraly wakalaryň täsirliligini has-da artdyrýar.
Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, ýurdumyzyň baş şäherinde binagärlik ulgamyndaky hiliň we möçberiň, şeýle hem gözelligiň ajaýyp sazlaşygyny emele getirmäge bolan toplumlaýyn çemeleşmeleri ulanmak arkaly işiň depginini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Biziň ak mermerli paýtagtymyzda çeperçilik taýdan uly täsir galdyrýan binalar we desgalar, ajaýyp seýilgähler we oňaýly dynç alyş künjekleri, täsin suw çüwdürimler toplumlary hem-de sungat derejesine göterilen binalar az däldir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Bu ugurda täze, gyzykly hem-de öňdebaryjy ýörelgeler gözlenmelidir. Çünki şäher gurşawyny bezeýän desgalaryň sany artmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň täze nyşanyna öwrüljek we nurana keşbe eýe bolan özüne çekiji binalar toplumyny özünde jemleýän binagärlik-çeperçilik taslamalaryň işlenip taýýarlanylmagy hakyndaky pikiri öňe sürdi.
Şu jähetden milli Liderimiz kaşaň binalaryň iň gowy taslamalaryny düzmek boýunça bäsleşigiň yglan edilmelidigini belledi. Bäsleşige gelýän teklipleriň habar beriş serişdelerinde beýan edilmelidigini, olary paýtagtymyzyň ilatynyň ara alyp maslahatlaşmaklary we iň gowusyny saýlamaklary üçin mümkinçilikleriň döredilmelidigini nygtady. Munuň üçin şäher häkimliginde ýörite iş toparynyň döredilmelidigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz oňa şäheriň her bir raýatynyň öz pikiri ýa-da teklibi bilen ýüzlenip bilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmelidigini tabşyrdy. Şäher ilatynyň köp sanly sesine mynasyp bolan taslama bäsleşigiň ýeňijisi bolar. Döwletimiz bolsa bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin zerur bolan serişdäni goýberer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Maslahat köşgündäki dabara gatnaşyjylar milli Liderimiziň bir tarapdan Aşgabadyň gözelliginiň ýokarlanmagyna, beýleki tarapdan bolsa ilatyň şäher dolandyryşyna we hojalyk ulgamyna we onuň işiniň ähli taraplaryna şäher ilatynyň gyzyklanmalarynyň göz öňünde tutulmagyna hem-de paýtagtymyzyň ilatynyň işjeň gatnaşmagyna gönükdirilen täze başlangyjyny uly ruhubelentlik bilen goldadylar.
Soňra Maslahat köşgüniň sahnasyna ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň we şu ýyl mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň wekilleri bolan oglan bilen gyz çykyp, hormatly Prezidentimize iň gowy arzuwlaryň amala aşýan ajaýyp ýurdunda bagtly ýaşaýyş, döredijilik we çeperçilik ukyplaryny açyp görkezmek hem-de kämilleşdirmek, dünýäniň ýaşlary bilen bilim babatda bäsleşmek, daşary ýurtlarda ýurdumyzyň medeniýetini wagyz etmek hem-de Türkmenistanda ýaşlar üçin döredilýän ähli şertlerden peýdalanmak arkaly öz ykbalyňy kesgitlemek babatda döredilýän mümkinçilikler we yzygiderli alada üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde guralan “soňky jaň” dabaralary bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeleriň birinji tapgyrynyň jemini jemledi. Täze okuw ýylyndan başlap, ýurdumyzyň ähli orta mekdepleri okatmagyň 12 ýyllyk ulgamyna geçýärler. Mekdeplerde durky täzelenen ders tertipnamalarynda täze sapaklar emele geler we okuw döwrüniň köp wagty aýry-aýry dersleriň için öwrenilmegine gönükdiriler.
Ýakyn geljekde häzirki uçurymlar öz küýsän hünärlerini saýlap, lukman, diplomat, inžener, mugallym, žurnalist, binagär we başga-da birnäçe hünärlerde zähmet çekerler we dürli ulgamlar hem-de pudaklar boýunça kosmonawtika ýa-da nanotehnologiýasy ýaly hünärlerde öz ukybyny synarlar. Bularyň hemmesi bilim ulgamyna döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň oňyn syýasaty netijesinde amala aşyrylýar. Umumy adamzat ösüşiniň tejribesi bu ulgama möhüm ähmiýet berilmegi netijesinde ösüşiň gazanylýandygyny, hut şeýle başlangyç arkaly ägirt uly ykdysady ösüşlere eýe bolunýandygyny, döwletiň dünýäniň öňdäki orunlaryna çykýandygyny tassyk edýär.
Ýaşlar öz çykyşlaryny tamamlap, milli Liderimizi şu günki şanly wakalar bilen tüýs ýürekden gutladylar we ýaş nesilleriň döwletimiziň we hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödejekdiklerine, mähriban Watana bolan söýgini mukaddeslik hökmünde gursaklarynda göterjekdiklerine we mynasyp işler arkaly ýurdumyzyň abraýyny hem-de şöhratyny belende göterjekdiklerine ynandyrdylar. Maslahata gatnaşyjylar bu sözlere goşulyp, agzybirlik bilen, “Arkadaga şöhrat!” diýen sözleri gaýtaladylar.
Soňra ýurdumyzyň täze taryhynda iri syýasy we medeni waka bolan dabaraly maslahatyň jemini jemlemek bilen, hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşyjylaryň öňünde söz sözledi.
Mähriban Watanymyzyň paýtagtynyň durmuşynda döwletimiziň ykdysady we syýasy ösüşi, jemgyýetiň medeniýetiniň we ruhy durmuşynyň derejesi, aň-bilim mümkinçilikleri, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler has aýdyň görünýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we esasy durmuş ýörelgeleriniň ulgamynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň täze özgertmeleriniň amala aşyrylýandygyny aýtdy.
Hemişe gülleri beslenip oturan Aşgabady bagy-bossana öwrülen şäher diýip dogry atlandyrýarlar. Köp sanly ajaýyp seýilgähler, täsin suw çüwdürimleri paýtagtymyzyň keşbine gaýtalanmajak gözellik berýär. Şäherde üpjünçilik ulgamlary döredildi we olar yzygiderli kämilleşdirilýär, bu bolsa Aşgabady dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin örän amatly, rahat şäherleriniň birine öwürýär diýip, bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz paýtagtyň ilatynyň ýyl-ýyldan köpelýändigini, Aşgabadyň gurluşyk meýdançasyna öwrülen täze çäkleriň hasabyna giňelýändigini nygtady. Indi bolsa şäheriň çäkleri oňa iki sany täze etrabyň –Abadan we Ruhabat etraplarynyň girizilmeginiň hasabyna ep-esli giňeler diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şäheriň durmuşynda köp sanly özgertmeler bolup geçdi, ýöne ähli döwürlerde hem paýtagtymyzyň ilatynyň öz şäherine bolan söýgüsi, häzirki döwürlde bolsa ähli watandaşlarymyzyň ajaýyp paýtagtyna bolan çäksiz buýsanjy üýtgewsiz bolmagynda galýar. Biz Aşgabada, onuň häzrki döwürde gazanýan uly üstünliklerine, ajaýyp binagärlik keşbine guwanmaga hakylydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Iň gözel we arassa , adamlaryň ýaşamagy üçin örän amatly şäher hökmünde paýtagtymyzyň abraýyny barha belende götermek, onuň görküne görk goşup, geljekki nesillerimize gülläp össýän şäheri miras goýmak biziň borjumyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Mähriban paýtagtymyz şanyna biz täze baýramy – Şäheriň gününi döretdik. Bu baýram Aşgabadyň hakyky keşbini öz elleri bilen döredýän paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň, watandaşlarymyzyň ählisiniň baýramydyr. Şäheriň gününiň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň täze nesli üçin mekdep ýyllarynyň tamamlanandygyny habar berýän “Soňky jaň” dabaralarynyň güni bilen gabat gelmeginde aýratyn many-mazmun bardyr diýip, milli Liderimiz belledi. Mundan beýläk paýtagtymyzda “Soňky jaň” mynasybetli geçirilýän tolgundyryjy we ýagşy umytlara beslenen dabaralar Şäheriň güni bilen bir günde geçiriler. Şoňa görä-de, biziň döwletimiz geljegimiz bolan ýaşlaryň häzirki zaman bilimlerine eýe bolmagy, erkin we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, yhlasly zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertleri döredýär we geljekde hem döreder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Soňky ýyllarda sebitiň iri işewürlik we medeni mekrezi hökmünde ykrar edilen myhmansöýer paýtagtymyz ýokary depginler bilen ösýän häzirki zaman şäheriniň özboluşly aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Biziň şäherimizde gözellik bilen rahatlyk, binagärlik sungatynyň we inžener-tehniki ylmynyň öňdebaryjy gazananlary, şeýle hem milli binagärligiň gadymy däpleri sazlaşykly utgaşýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Aşgabadyň iri sport merkezine öwrülmegi üçin hem giň mümkinçilikler açylýar diýip, bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda birnäçe stadionyň, Milli Olimpiýa sport köşgüniň, Olimpiýa suw-sport toplumynyň, Gyşky oýunlar sport toplumynyň we beýleki birnäçe sport desgalarynyň hereket edýändigini nygtady. Paýtagtymyzda Olimpiýa şäherjiginiň gurulmagy bolsa, ýurdumyzyň sport boýunça täze belentliklere we dünýä derejesindäki üstünliklere tarap ynamly barýandygyny görkezýär diýip aýtmak bilen, milli Liderimiz bu şäherjikde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlaryny geçiriljekdigini nygtady.
Özgeren we gözelleşen Aşgabat häzirki döwürde, ilkinji nobatda, özüniň gaýtalanmajak binagärlik aýratynlyklary bilen ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Hut şeýle ösüşiň netijesinde türkmen paýtagty ak mermerli şäher diýen derejä eýe boldy diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Şäher yzygiderli ösdürilýär we paýtagtymyzyň ajaýyp binalarynyň üsti täze desgalar bilen ýetirilýär we olar halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Mysal üçin, bir ýyl mundan ozal biz «Älem» medeni-dynç alyş merkezini gurup, dabaraly ýagdaýda ulanmaga berdik. Bu merkeziň synlaýyş aýlawy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Ýyldyzyň dünýäde iň uly binagärlik şekili hökmünde «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezindäki ägirt uly Oguzhanyň ýyldyzynyň şekiliniň hem bu Rekordlar kitabyna girizilendigini belläp geçmek isleýärin. Şondan öň bolsa, dünýä derejesinde gazanylan ýokary netijeleriň ýygyndysyny taýýarlaýjylar tarapyndan Aşgabat bir suw çüwdürimler toplumyna iň köp sanly suw çüwdürimleri birleşdirilen şäher hökmünde bellenip geçildi. Bu ýerde gürrüň beýik şahsyýetlerimiziň heýkelleri ýerleşdirilen suw çüwdürimler toplumy hakynda barýar. Rekordlar kitabynyň sahypalarynda Aşgabat ilkinji gezek 2008-nji ýylda dünýäde iň beýik baýdak sütüni ýerleşdirilen şäher hökmünde peýda bolupdy diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Indi bolsa, gözel paýtagtymyz binalarynyň we desgalarynyň esasy bölegi ak mermer bilen örtülen şäher hökmünde şol kitabyň sahypalarynda mynasyp orny eýeleýär hem-de özüniň gözelligi we täze dürdäne binagärlik desgalary bilen hemmeleri haýran galdyrmagyny dowam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Ine, şu ajaýyp gün hem Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri biziň hormatly myhmanlarymyz hökmünde güneşli ýurdumyza biziň bilen bu ajaýyp dabaranyň şatlygyny paýlaşmak üçin geldiler diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz geljekde durmuşa geçiriljek binagärlik taslamalarynyň baky juwan paýtagtymyzyň görküne-görk goşjakdygyna pugta ynanýaryn diýip belledi.
Halkymyzyň we her bir raýatyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy barada alada häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriň esasyny düzýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Häzirki döwürde Aşgabat Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp şäheri bolan Aşgabat döredijiligi we ösüşi alamatlandyrýan şähere öwrüldi diýip, milli Liderimiz sözüni jemledi.
Aşgabatlylary Şäheriň güni bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyz hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we bagtly durmuş arzuw etdi.
Soňra 30 minutlyk arakesme yglan edildi.
Arakesme wagtynda Köşgüň eýwanynda “Ak şäherim Aşgabat” täze internet-neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Soňra Maslahatlar köşgünde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy.
Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda milli Liderimiz özi üçin niýetlenen ýere geçdi. Köşgüň sahnasynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriniň, çeper höwesjeňleriň, umumymilli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň tans we çagalar aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.
Aýdym-sazly çykyşlar Ak mermerli Aşgabadyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki ajaýyp senasyna öwrüldi. Bu ýerde türkmen paýtagtyna bagyşlanan aýdymlar ýaňlandy. Ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň joşgunly aýdymlary we tanslary dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy we olara egsilmez şatlyk eçildi.
Dabara gatnaşyjylar halk aýdym-sazlaryny we estrada çykyşlaryny ýerine ýetirijileriniň, şeýle hem häzirki döwürde milli sungatyň özboluşly däplerini mynasyp dowam etdirijiler bolan folklor toparlarynyň çykyşlaryna şowhunly el çarpyşmalar bilen ýokary baha berdiler.
Konserte gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde aýdylan “Siziň bilen bagtly biz, Arkadag!” diýen aýdym dabaranyň jemini jemledi. Ol şu günki konserte gatnaşyjylaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagtly durmuş, abadançylyk we iň beýik hem-de nurana arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda döretmäge bolan mümkinçilik üçin hoşallygyň beýanyna öwrüldi.
Agşamlyk türkmen paýtagtynda Şäheriň güni diýlip yglan edilmeginiň hem-de ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde guralan “Soňky jaň” çäreleriniň hormatyna baýramçylyk feýerwerki boldy.