Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşykda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşykda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 682
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa milli parlamentiň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň möçberli maksatnamasynyň esasy ugurlary, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, wideoşekilli göni aragatnaşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çagyryldy. Ol türkmen döwletiniň Baştutanynyň tabşyrygy boýunça Owganystana gulluk iş saparynyň netijeleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy saparyň çäklerinde Kabulda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaý bilen duşuşygyň geçirilendigini, şol duşuşygyň barşynda dostlukly goňşy ýurduň Liderine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan” demir ýolunyň türkmen böleginiň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabara gatnaşmaga çakylyk hatynyň gowşurylandygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, sebit we halkara derejesindäki ulag düzüminiň möhüm ähmiýetli bölegine öwrüljek bu demir ýoluň gurluşygynyň taslamasy boýunça Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama şu ýylyň martynda Aşgabatda bu üç döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen sammitiň netijeleri boýunça gol çekilendigini ýatlamak gerek.

Prezident Hamid Karzaýyň bu çakylyk üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly kadalaşdyrmak işine uly şahsy goşant goşýandygy, Türkmenistanyň goňşy ýurdy durmuş-ykdysady taýdan täzeden dikeltmekde elmydama kömek we goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdandygy bellenildi. Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Owganystanyň durnukly ösüşine gönükdirilen düzümler babatdaky iri möçberli taslamalar munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şolaryň arasynda “Türkmenistan –Owganystan – Pakistan –Hindistan” (TOPH) gaz geçirijisiniň we “Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan” demir ýolunyň gurluşygyny görkezmek bolar, bular gös-göni maksadyndan daşgary, tutuş sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, dostlukly gatnaşyklaryň we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly, şular bilen birlikde, Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny iberýär hem-de onyň iberilýän möçberiniň mundan beýläk-de artdyrylmagy boýunça anyk çäreleri görýär. Şeýle hem bu ýurduň durmuş üpjünçiligine degişli düzümleri dikeltmekde, dürli pudaklar üçin owgan hünärmenlerini taýýarlamakda degerli kömek berýär, goňşy döwlete gumanitar ýükleri yzygiderli iberip durýar. Prezident Hamid Karzaý Owganystanyň bu doganlyk kömege we goldawa ýokary baha berýändigini hem-de Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara we hoşniýetli goňşuçylyga ygrarly bolup, uly sarpa goýýandygyny aýtdy.

Owganystanyň Baştutany owgan halkynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine we tutuş türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny aýtdy.

Bulardan başga-da, gulluk iş saparynyň çäklerinde Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçiriliip, bu ugurlar boýunça türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň esasy jähetleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygy barada hasabat berildi.

BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysy Ýan Kubiş bilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga degişli ileri tutulýan meseleler, şol sanda Owganystana kömek bermek, owgan topragynda parahatçylygy we durnuklylygy berkarar etmek maksady bilen umumy tagallalary birikdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy gulluk iş saparynyň çäklerinde Owganystanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalary bilen duşuşygyň geçirilendigini aýtdy. Olar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna içgin üns berýändigi we alada edýändigi, owgan halkyna anyk kömek berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystanyň durmuş üpjünçilik düzümini dikeltmegiň meseleleriniň çözülmegine işjeň gatnaşýandygy we uly şahsy goşant goşýandygy, türkmen tarapynyň gös-göni gatnaşmagynda mekdepleriň we saglyk öýleriniň gurlandygy aýratyn nygtaldy. Şeýle hem Türkmenistanyň goňşy döwlete ynsanperwerlik kömegi berýändigi we hoşmeýillilige mahsus bolan bu çäreleriň yzygiderli häsiýetlidigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Owganystan bilen däbe öwrülen dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklara ygrarlydygyny we şol gatnaşyklaryň häzirki taryhy eýýamda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň şol asylly däp-dessurlara we milletimiziň mizemez ynsanperwerlik gymmatlyklaryna ygrarly bolmak arkaly, geljekde-de Owganystan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürjekdigini, doganlyk ýurdy durmuş-ykdysady we medeni taýdan dikeltmekde hemmetaraplaýyn kömek we goldaw berjekdigini aýtdy.

Milli Liderimiz Bitarap Türkmenistanyň owgan meselesine degişli oýlanyşykly çözgütleri işläp taýýarlamak boýunça netijeli başlangyçlary öňe sürmek arkaly, Owganystandaky ýagdaýyň diňe parahatçylykly, syýasy –diplomatik serişdeler we usullar bilen kadalaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýändigini hem-de geljekde-de halkara bileleşiginiň owgan halkynyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi, goňşy ýurtda parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagy ugrundaky tagallalaryna işjeň goşulyşmagy maksat edinýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan” demir ýolunyň türkmen böleginiň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabara taýýarlyk görmek baradaky mesele boýunça durup geçip, bu demir ýoluny çekmek boýunça taslamanyň, şeýle hem TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň Owganystanda ykdysady we durmuş taýdan möhüm ähmiýetli meseleleriň çözülmegine, bu taslamalara gatnaşýan ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň ösdürilmegine ýardam bermek bilen çäklenmän, Aziýa sebitinde, şeýle hem tutuş Ýewraziýa giňişliginde dostlugyň we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň täze “köprileriniň” gurulmagyna ýardam berjekdigini belledi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew çagyryldy. Ol 2017-nji ýylda ýurdumyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görlüşiniň barşy barada hasabat berdi. Hususan-da, şu ýylyň iýunynda we noýabrynda Aşgabatda V Aziýa oýunlaryna bagyşlanyp sport mediýa-forumlarynyň geçiriljekdigi we oňa dünýäniň 30-dan gowrak ýurtlaryndan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynyň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylda Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde IV Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigi we şolara Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň hem gatnaşjakdygy bellenildi. Türkmen türgenleriniň şol abraýly ýaryşlarda sportuň 7 görnüşi boýunça çykyş etmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem IV Aziýa oýunlarynyň ýapylyşynyň barşynda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň baýdagyny Inçhon şäherinden Aşgabat şäherine bermek bilen bagly dabara bolar.

Şeýle hem hasabat bermegiň barşynda, türkmen türgenleriniň 6-17-nji iýulda Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde geçiriljek 27-nji Bütindünýä tomusky uniwersiada gatnaşmagyna taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. Türkmen türgenleriniň talyplaryň arasyndaky bu abraýly bäsleşiklerde sportuň 10 görnüşi boýunça çykyş etmegine garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, 2017-nji ýylda ýurdumyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere V Aziýa oýunlary baradaky maglumatlary ýaýratmak üçin geçiriljek media-forumlaryň mümkinçiliklerinden dolulygyna we netijeli peýdalanmagy, dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini bu uly möçberli çäräniň giňden beýan edilmegine çekmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna Koreýadaky IV Aziýa oýunlarynyň barşynda bu ýurduň uly möçberli sport çärelerini geçirmekde toplan tejribesi bilen jikme-jik tanyşmagy, Aşgabatda V Aziýa oýunlaryny guramaçylyk taýdan ýokary derejede geçirmek üçin ähli jähetleri göwnejaý öwrenmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň sport ulgamynda dünýä derejesinde ajaýyp üstünliklere eýe bolunýandygyny nygtamak bilen, abraýly halkara sport çäreleriniň biri hasaplanýan Bütindünýä tomusky uniwersiada türkmen talyplarynyň gatnaşmagyny üpjün etmek we olaryň üstünlikli çykyş etmegi üçin ähli zerur çäreleriň görülmegi barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy B.Orazow çykyş edip, ýolbaşçylyk edýän ulgamynda işleriň barşy barada hasabat berdi. Ol hasabat bermegiň barşynda türkmen türgenleriniň Koreýa Respublikasynda geçiriljek IV Aziýa oýunlaryna we Kazan şäherinde geçiriljek 27-nji Bütindünýä tomusky uniwersiada gatnaşmaga taýýarlyk görşi barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň geljekde-de ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaga höwesiniň artdyrylmagyna, türgenleriň has netijeli taýýarlanmagy üçin ähli şertleriň döredilmegine gönükdirilen strategiýany amala aşyrmagyny dowam etdirjekdigini belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň türgenleriniň halkara derejesindäki ajaýyp, netijeli çykyşlarynyň döwlet tarapyndan edilýän alada mynasyp jogaba öwrülmelidigini aýdyp, türkmen türgenleriniň ilkinji nobatda Koreýadaky we Kazandaky abraýly ýaryşlarda özleriniň ussatlyklaryny görkezip, mynasyp derejede çykyş etmeginiň möhümdigini belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ministrler Kabinetiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Muhammedow özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde, şol sanda ýurdumyzyň söwda-dokma pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly pudaklarynyň biri bolan ýurdumyzyň dokma senagatynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň üstünden durup geçdi. Şu jähetden hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dokma önümleriniň eksport kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak we olary dünýä bazarlarynda yzygiderli ýerlemek boýunça netijeli çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini belledi.

Iýun aýynda geçiriljek çäreleriň ähmiýeti barada aýtmak bilen, milli Liderimiz olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Soňra wideoşekilli iş maslahatyna ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa çygyryldy. Milli parlamentiň ýolbaşçysy Mejlisiň deputatlarynyň ýerlerde bolup, durmuşa geçirýän çäreleri hakynda habar berdi.

Milli maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça jemgyýetçilik guramalary hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen Mejlisiň alyp barýan çärelerini mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlarynyň ýerlerde çagalaraň tomusky dynç alyş möwsümini ýokary derejede guramak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamalydygyny aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Merkezi Garagumda Döwlet goraghanasyny döretmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanyň “Tebigaty goramak hakynda” we “Aýratyn goralýan çäkler hakynda” Kanunlaryna laýyklykda, ýokarda ady agzalan goraghanany döretmek üçin ekologiýa we ykdysady esaslandyrmalar taýýarlandy. Tebigy şertlerde zerur bolan ylmy barlaglar geçirildi. Bu täsin tebigy toplumyň ösümlik we haýwanat dünýäsi öwrenildi we ony biosfera goraghanalaryň halkara ulgamyna goşmak, şeýle hem UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek bilen baglanyşykly işleriň durmuşa geçirilendigini wise-premýer habar berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ahal welaýatynyň çäginde dörediljek umumy meýdany 87 müň 800 gektara barabar bolan goralýan tebigy çägiň karta-çyzgysy hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşky gurşawyň goralmagy bu ulgamda iri halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belledi. Asyrlaryň dowamynda kemala gelen täsin ekoulgam bolan we dünýäniň iň uly çölleriniň biri Garagumuň tebigy şertlerini, Hazaryň deňiz gurşawyny, Köpetdagyň dag belentliklerini, Amyderýanyň kenarýaka çäklerini gorap saklamak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.

Tebigy baýlyklaryň, biologik köpdürlüligiň we tutuşlygyna alnanda bolsa, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygynyň goraglylygyny üpjün etmek işinde döwlet goraghanalarynyň möhüm orny eýeleýändigini bellemek bilen, milli Liderimiz Merkezi Garagumda Döwlet goraghanasyny döretmek boýunça täze giň möçberli tebigaty goraýyş taslamasynyň şu maksatlara hyzmat etmäge gönükdirilendigini we goraghananyň adamzadyň Bütindünýä mirasynyň bir bölegi hökmünde UNESKO-nyň sanawyna girizilmäge mynasypdygyny nygtady.

Türkmenistanyň tebigy aýratynlyklaryny mundan beýläk-de giňişleýin öwrenmegiň we ony dünýä ýüzünde wagyz etmegiň zerurdygy barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz onuň ekologiýa jähetinden başga-da, biziň ýurdumyzyň ägirt uly syýahatçylyk mümkinçiliklerini durmuşa geçirilmegini şertlendirjekdigini belledi.

Soňra möwsümleýin oba hojalyk işleri, hususan-da, galla oragy we gowaçalara ideg etmek işleri bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi we hususan-da, oba hojalyk işlerine çagalaryň çekilmezligini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Türkmenistanyň tebigaty goramak ministri B.Annabaýramow wideoşekilli iş maslahatyň barşynda häzirki döwürde özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ikinji Aziýa—Ýuwaş umman Suw maslahatyna gatnaşmak üçin 2013-nji ýylyň 17-21-nji maýy aralygynda Tailand Patyşalygynyň Çiangmaý şäherinde gulluk iş saparynda bolandygyny, oňa dünýäniň 50-den gowrak döwletinden we abraýly halkara guramalaryndan, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň, Daşky gurşaw boýunça Maksatnamanyň, UNESKO-nyň wekilleriniň gatnaşandygyny habar berdi. Mundan başga-da, B.Annabaýramow maslahatyň çäklerinde suw bilen baglanyşykly meseleleriň hem-de onuň bilen bagly howplaryň öňüni almak boýunça alnyp barylýan çäreler bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak, daşky gurşawyň we tebigy şertleriň goraglylygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli hem-de yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny bellemek bilen, bu ugurda degişli düzümler bilen sazlaşykly işiň alnyp barylmalydygyny nygtady. Şeýle hem milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň oňyn netije bermeginde halkara hyzmatdaşlygyna möhüm ornuň degişlidigini belledi we düzümde dünýäniň abraýly halkara guramalary, hususan-da, BMG-niň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, ondan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty dowam etmek bilen, göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna çagyrylan Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow hasabatyny hoş habar bilen başlady. Ol welaýatyň ýüpekçileriniň pile taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlik bilen ýerine ýetirendiklerini habar berdi. Şeýle hem häkim häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitde gurulýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan ýüpekçiligiň ösdürilmegine mynasyp goşant goşan welaýatyň zähmetsöýer adamlarynyň gazanan bu ýeňşi baradaky habary kanagatlanma bilen kabul etdi we sebitiň tutuş ilatyny ajaýyp zähmet ýeňşi bilen gutlady.

Şeýle hem milli Liderimiz häzirki döwürde ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, galla oragyna guramaçylykly girişmek we gowaçalara ideg etmek işleri bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belledi.

Wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol häzirki döwürde welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri, galla oragyna girişmek bilen baglanyşykly düzülen iş meýilnamasy, şeýle hem tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygyň derejesi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň senagat düzüminiň ösdürilmeginde gurluşyk ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini bellemek bilen, desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň barşyna berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady.

Mundan başga-da, milli Liderimiz galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigini aýdyp, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidenimiz tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işleriniň ýokary derejede bolmalydygynny bellemek bilen, tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görlüşine aýratyn ünsi çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabatyny diňledi. Ol öz hasabatyny welaýatla alnyp barylýan işleriň ýagdaýy baradaky habar bilen başlady, hususan-da, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem desgalaryň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim sebitiň ähli daýhan hojalyklarynda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän hemmetaraplaýyn çäreler we tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işleriniň ýagdaýy barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň degişli kadalara laýyklykda alnyp barylmalydygyny, gurulýan durmuş-medeni maksatly desgalarda ýokary hiliň üpjün edilmelidigini aýratyn nygtap, bu işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şanly seneler mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna, tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işlerine aýratyn ünsi çekdi.

Mundan başga-da, milli Liderimiz galla oragyny guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly ähli zerur çäreleriň görülmelidigi barada demirgazyk sebitiň häkimine anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli göni aragatnaşyk boýunça maslahaty dowam edip, Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýewiň hasabatyny diňledi. Ol gurlup ulanmaga berilýän desgalar toplumynyň açylyş dabaralaryna görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim häzirki döwürde galla oragyna guramaçylykly girişmek bilen baglanyşykly düzülen iş meýilnamasy barada aýtdy.

Hormatly Prezidetimiz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde welaýatda alnyp barylýan işleriň yzygiderli we netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, welaýaty hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna ünsi çekmek bilen, döwlet Baştutanymyz gowaçalara we beýleki ekinlere ideg etmek, şol bir wagtyň özünde galla oragyna guramaçylykly girişmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe berk gözegçilikde saklanmalydygyny aýtdy.

Şeýle hem milli Liderimiz tomusky dynç alyş möwsümine we ýurdumyzda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara gününe taýýarlyk işleriniň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, sebitde dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ähli ulgamlarynda işleriň takyk hem-de bökdençsiz ýerine ýetirilmegi boýunça degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň senagat düzümini ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny aýtdy.

Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri, ulag ýollaryny döwrebaplaşdyrmak we olaryň durkuny täzelemek, gök zolaklary döretmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem Aşgabatda öňde boljak şanly seneler mynasybetli guraljak baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, şäheri has-da abadanlaşdyrmak we arassaçylyk boýunça alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmegiň, şäherde tomusky dynç alyş möwsümine ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçylygynyň bähbidine sazlaşykly işleri durmuşa geçirmek boýunça öňde duran wezipeleri ýerine ýetirmekde utgaşykly tagallalaryň amala aşyrylmalydygyny aýratyn nygtap, bu asylly işiň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda netijeli çäreleriň görülmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň hemmesine berk jan saglyk, abadançylyk, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşyna gönükdirilen köptaraply işlerinde üstünlikler arzuw etdi.