Ï Iri halkara ýaryşlarynyň öňüsyrasynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Iri halkara ýaryşlarynyň öňüsyrasynda

view-icon 1051
Bütindünýä uniwersiadasynyň hem-de ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna bir aýdan gowrak wagt galdy.Şeýle bäsleşiklere taýýarlygyň çäklerinde biziň ýurdumyzda köpsanly ýaryşlar geçirilýär. Bu ýaryşlar türgenleriň arasyndan iň güýçlülerini saýlap ýurdumyzyň ýygyndy toparyny düzmäge mümkinçilik berýär. Paýtagtymyzdaky stadionlarda ýeňil atletika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Onda biziň ýeňil atletikaçylarymyz ýokary netijeleri görkezdiler. Hususan-da, ýadro iteklemek boýunça geçirilen bäsleşiklerde täze milli rekord goýuldy.

Sport ussady, Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň wekili T.Hommadow sport snarýadyny 17 metr 19 santimetr aralyga zyňmagy başardy. Bu görkeziji ozalky milli rekorddan 17 santimetr ýokarydyr. Ol rekord 1967-njy ýylda goýlupdy. Ine, indi ýarym asyra golaý wagt geçen soň türgenleriň täze nesilleri öňki döwürleriň rekordlaryny täzeleýärler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet bermegi netijesinde Türkmenistanyň türgenleri ýokary sport netijelerini gazanýarlar. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça halkara ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman sport toplumlarynyň onlarçasy guruldy we şeýle desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Olarda ýokary hünär derejesini görkezýän ýaş hem-de ukyply türgenleriň ýüz müňlerçesi meşgullanýar. Ýeňil atletika boýunça Türkmenistanyň çempionaty we onda ýadro iteklemek boýunça täze rekordyň goýulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şu güzekki geçirilen bäsleşiklerde başga-da birnäçe netijeleriniň gazananylandygyny bellemeli. Şeýlelikde, ýekedaban zyňmak boýunça M.Mämmedow tapawutlanmagy başardy. Ol şonda ýekedabany 73,60 metre zyňmagy başardy. Şu çempionatyň başlanmagyndan iki hepde mundan ozal Aşgabatda ýeňil atletika boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Onda M.Mämmedow ýekedabany 73,90 metre zyňmak bilen diňe bir täze milli rekordy goýmak däl, eýsem, 74 metre barabar bolan olimpiýa görkezijisine has golaý bardy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talybyna Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde Kazanda (Russiýa) geçiriljek Bütindünýä uniwersiadasyna gatnaşmaga oňyn mümkinçilik açylýar. Onuň bäsleşiklerede görkezýän netijeleri Braziliýada geçiriljek Olimpiýa-2016-a gatnaşmagyny şertlendirýär.

Maksat Mämmedowyň gazanýan netijeleri hem ýokarydyr. Ol ýurdumyzyň şu çempionatynda disk zyňmakda 55 metrlik sepgidi eýelemegi başardy. Munuň özi sport ussadynyň derejesinden has ýokarydyr. Maksat hem Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby bolmak bilen, Bütindünýä uniwersiadasyna we beýleki iri halkara derejesindäki bäsleşiklere gatnaşmaga mümkinçilik gazanýar.

Aşgabat şäheriniň sport komitetiniň ýeňil atletika boýunça sport mekdebiniň wekili Ý.Rýabowa aýal-gyzlaryň arasynda geçirilýän bäsleşiklerde 100 we 200 metr aralyga ylgamakda ýokary netijeleri görkezdi. Ol birinji we ikinji aýlawlarda milli rekordlary gaýtalamagy başardy. Ol geçen ýyl degişlilikde şol aralyklar boýunça 11,3 sekund we 23,6 sekund wagt görkezdi. Olaryň birinjisi halkara derejeli sport ussadynyň görkezijisi bolup durýar.

Häzirki döwürde Ýelena Rýabowa Aziýa hem-de dünýä çempionatlaryna taýýarlyk görýär. Türkmen türgenleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýän bu sport bäsleşikleri degişlilikde 1-7-nji iýul aralygynda Hindistanda we 6-16-njy awgust aralygynda Russiýanyň paýtagty Moskwada geçiriler.

Sebit we dünýä derejeli çempionatlara Guwanç Mataganow we Irina Welihanowa hem taýýarlyk görýär. G.Mataganow Türkmenistanyň şu gezekki çempionatynda hormat münberiniň ýokary basgançagyna iki gezek çykmagy başardy. Ol 100 we 200 metr aralyk boýunça ýeňiji boldy. Irina bolsa biziň ýurdumyzyň ýygyndysynyň düzüminde ilkinji gezek çykyş eder. Olar oňde boljak ýaryşlarda 100 we 200 metr aralyk boýunça päsgelçilikli ylgawa, naýza zyňmak we ýadro iteklemek, uzynlygyna hem-de ýokarlygyna bökmek, şeýle hem 800 metr aralyga yglamak boýunça guralýan bäsleşige gatnaşarlar. I.Welihanowa ýeňil atletika boýunça Türkmenistanyň şu ýylky bäsleşiginde ynamly ýeňiş gazanmagy başardy.

Aziýa we dünýä ýaryşlarynyň öňüsyrasynda biziň ýygyndy toparymyz halkara derejesindäki Kasanow memorialynda öz güýjüni synar. Ol şu ýylyň 14-16-njy iýunynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçiriler.