Ï Watanymyzyň welaýatlarynda täze jaý toýlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň welaýatlarynda täze jaý toýlary

view-icon 974
Şu gün Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň dolandyryş merkezinde 1500 orunlyk stadionly täze sport toplumy ulanmaga berildi. Bu desga şäherçäniň beýleki täze binalarynyň üstüni ýetirdi. Ol ýerli hususy kärhananyň hünärmenleri tarapyndan ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde guruldy.

Dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen halkynyň saglygyny we durmuş derejesini ýokarlandyrmak barada içgin alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şu sport toplumynyň ulanmaga berilmegi bilen, Daşoguz welaýatynyň ähli şäherlerinde we etraplarynda indi şular ýaly döwrebap desgalaryň bolmagy munuň aýdyň mysalydyr. Galyberse-de, olaryň käbirinde şunuň ýaly sport desgalarynyň eýýäm ikisi guruldy. Bu sport desgalary milletiň saglygyny pugtalandyrmaga, türkmenistanlylaryň beden taýdan sagdyn we ruhy taýdan baý ýaşlarynyň terbiýelenilip ýetişdirilmegine ýardam berer.

Sport desgalarynyň açylyş dabaralaryna welaýatyň we etrabyň häkimlikleriniň, zähmetkeşler toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Bu çäre baýramçylyga mahsus ýagdaýda geçip, aýdym-sazlara, türgenleriň görkezme çykyşlaryna beslendi. Has tapawutlanan gurluşykçylar gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Täze sport toplumy dürli sport çäreleriniň ýokary derejede geçirilmegi, ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri boýunça meşgullanmagyň üçin niýetlenendir. Stadiondan daşgary toplumyň düzüminde tennis, woleýbol, kiçi futbol, basketbol oýnamak üçin açyk meýdançalar, tehniki maksatly hem-de ýylylyk, suw we elektrik energiýasy bilen özbaşdak üpjün edýän binalaryň toplumy bar.

Stadiondaky münberleriň aşagyndaky jaýlarda myhmanhana, lukmançylyk otagy, eminler üçin otag, okuw geçirilýän otag, suwa düşülýän ýerler, dolandyryş işgärleri üçin jaýlar we kiçiňräk çaýhana ýerleşýär.

Desganyň daş-töweregi suw çüwdürimler, gök zolaklar, owadan yşyklandyryjylar we oturgyçlar bilen bezeldi we onuň ýerli ýaşaýjylaryň dynç alýan ýerine öwrüljekdigine söz ýok.

Täze sport desgasy soňky ýyllarda bu etrapda gurlan nobatdaky sport desgasydyr. Ozal bu ýerde 365 orunlyk täze sport mekdepleriň ikisi --etrap merkeziniň özünde, şeýle hem Rejepguly Ataýew adyndaky geňeşliginiň Meniş obasynda ulanmaga berildi. Häzirki wagtda Andalyp adyndaky geňeşliginde gurulýan 350 orunlyk sport mekdebi bularyň hataryna goşular.

* * *

Şu gün Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde sporta höwes bildirýän ýaşlar ýene-de bir ajaýyp sowgady aldylar: bu ýerde durmuşda möhüm ähmiýetli desganyň - Seýdi köçesiniň ugrunda gurlan 365 ornulyk sport mekdebiniň açylyş dabarasy boldy.

Dabara welaýatyň we şäheriň häkimlikleriniň, zähmetkeşler toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, golaýdaky etraplardan we Mary şäherinden türgenler geldiler. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda köpçülikleýin sporty ösdürmek, sportuň geljekki ussatlaryny taýýarlamak üçin kuwwatly maddy-enjamlaýyn binýady döretmek barada ýadawsyz alada edýändigini bellediler. Mary şäherinde sporty halayýanlaryň müňlerçesi bar, ýerli gurluşyk kärhanasy tarapyndan gurlan täze mekdep sport ussatlygyny kämilleşdirýän we türgenleri ýetişdirýän mekrezleriniň birine öwrüler.

Täze bina özboluşly binagärlik çözgüdi bilen tapawutlanýar, bu ýerde modully gurluşlar we beýleki ýokary gurluşyk tehnologiýalary ulanyldy. Binanyň ýerleşdirilişi, enjamlar bilen üpjün edilişi, meýdany 1000 inedördül metre barabar bolan sport zaly bu ýerde şol bir wagtyň özünde türgenleşikleri, sportuň dürli görnüşi boýunça bäsleşikleri geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde uzynlygy 25 metrlik we ini 12,5 metrlik suwa düşülýän basseýn we tomaşaçylar üçin münberler bar. Şeýle hem türgenleşik geçirilýän zallaryň ikisi we aýratyn türgenleşik zaly mekdepde terbiýelenilýänleriň ygtyýaryna berildi. Mekdepde türgenler, türgenleşdiriji düzüm, eminler üçin zerur şertler döredildi. Bu ýerde lukmançylyk otagy we suwa düşülýän ýerler bar. Sowadyjy we ýyladyjy enjam ýylyň islendik wagtynda jaýlardaky temperaturanyň oňaýly derejede saklanylmagyny üpjün eder.

Mekdebiň binasynyň daş-töweregi abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga öwrüldi, bu ýerde açyk sport meýdançalary, tennis oýnalýan meýdançalar, ylgaw ýodalary ýerleşdirildi.

Soňky döwürde "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" üstünlikli amala aşyrmagyň çäklerinde Mary, Baýramaly şäherlerinde, Sakarçäge, Garagum etraplarynda we beýleki ýerlerde gurlan şunuň ýaly döwrebap sport mekdepleri we toplumlar ulanmaga berildi.

Dabaranyň barşynda ýigitleriň we gyzlaryň sportuň dürli görnüşleri – ýeňil atletika, sambo, dzýudo, çeperçilik gimnastika boýunça görkezme çykyşlary boldy. Has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu dabara döredijilik toparlarynyň konserti bilen jemlendi.