Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 751
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda käbir resminmalaryň taslamalaryna, şeýle hem döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň başynda ertir uly baýramyň – Çagalary goramagyň halkara gününiň bellenilýändigini aýtdy. Biz geljegimiz bolan ýaş nesillerimizi uly üns-alada bilen gurşap alýarys we mundan beýläk hem olar barada uly alada ederis. Diňe ertir däl, hemişe, ýylyň bütin dowamynda çagalar üçin ähli zerur şertleri dörederis diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary we ähli halkymyzy Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlap, olara we mähriban halkymyza berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, eziz çagalarymyza bolsa, häzirki zaman bilimlerini yhlas bilen ele alyp, ilhalar, zähmetsöýer, ata Watanymyza we merdana halkymyza wepaly adamlar bolup ýetişmeklerini tüýs ýürekden arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Ol öz çykyşyny ýurdumyzda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen baglanyşykly hoş habardan başlady. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, şu günler Serhetabat etrabynyň Marçak obasynda Owganystan Yslam Respublikasynyň serhet ýakasynda ýaşaýan ilatyna lukmançylyk kömeginiň berilmegi ýola goýuldy. Şeýle kömege mätäç zenanlaryň biriniň ogly dünýä inýär. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň dostlukly duldegşer goňşy ýurda hemmetaraplaýyn goldaw bermek baradaky aladasynyň aýdyň ýüze çykmasydyr.

Soňra wise-premýer Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň we Täjigistan Respublikasynyň Przidentiniň şu ýylyň 5-nji iýunynda biziň ýurdumyzda boljak saparlaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, belent mertebeli myhmanlar “Türkmenistan –Owganystan-Täjigistan” demir ýolunyň “Atamyrat-Ymamnazar-Akina” böleginiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşarlar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 20-nji martynda Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň sebitiň ulag-aragatnaşyk düzüminiň möhüm bölegi boljak polat ýoluň gurluşygynyň taslamasy boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekildi.

Şeýle hem goňşy döwletleriň baştutanlary Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyyň Garlyk şäherçesinde gurlup ulanmaga berilýän desgalaryň açylmagy mynasybetli guraljak dabaralara gatnaşarlar.

Şeýle hem biziň ýurdumyzyň wekiliýetiniň Latwiýa Respublikasyna boljak iş sapary bilen baglanyşykly buýrugyň taslamasy barada aýdyldy.

Owganystan Yslam Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň Baştutanlarynyň Türkmenistana saparlaryna görülýän taýýarlyk meselelerine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan” demir ýolunyň “Atamyrat-Ymamnazar-Akina” böleginiň gurluşygynyň düýbüni tutmak mynasybetli boljak şanly wakanyň uly ähmiýete eýedigini belläp, bu ýoluň gurluşygynyň taslama gatnaşyjy ýurtlaryň bähbidine we sebitleýin hem-de halkara derejesindäki özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň maksatlaryna laýyk gelýändigini nygtady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we işjeň halkara hyzmatdaşlygy esaslaryna daýanýan daşary syýasat ugruna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, goňşy döwletler bilen däp bolan dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine aýratyn üns berýär. Şu jähetden biziň ýurdumyzy Owganystan we Täjigistan bilen baglanyşdyrjak täze demir ýoluň gurluşygy ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryň oňyn netijesidir.

Bu ähmiýetli taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe bir üç ýurduň ulag-üstaşyr kuwwatynyň durmuşa geçirilmegini şertlendirmän, eýsem, sebitde bitewi ulag ulgamynyň döredilmegine we onuň halkara ulag-aragatnaşyk düzümine netijeli goşulmagy üçin zerur şertleriň döredilmegine taslama gatnaşyjy ýurtlaryň ägirt uly goşandydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Owganystanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň Türkmenistana boljak saparyna taýýarlyk işleriniň ýokary derejede guralmagyny tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem “Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan” demir ýolunyň “Atamyrat-Ymamnazar-Akina” böleginiň düýbüni tutmak we Garlyk şäherçesinde täze desgalaryň ulanmaga tabşyrylmagy bilen baglanyşykly dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Öňde boljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeni-köpçülik çärelerinde türkmen halkynyň beýik döredijilik ruhunyň beýanyny tapmalydygyny, şeýle hem Garasşyz, Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň talaplaryna laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň aýdyň nyşanyna öwrülmelidigini tabşyrdy.

Medeniýet ulgamynyň we habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyzyň täze taryhy eýýamda gazanýan üstünliklerini giňden beýan etmek, milletiň baý medeni mirasyny daşary ýurtlarda wagyz etmek, şol sanda Internet serişdeleriniň mümkinçiliklerini işjeň herekete girizmek bilen baglanyşykly işlere oýlanyşykly we döredijilikli çemeleşilmelidigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklaryndaky işleriň ýagadaýy barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklernde “Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan” demir ýolunyň “Atamyrat-Ymamnazar-Akina” böleginiň düýbüni tutmaga görülýän taýýarlyk, şeýle hem Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Gazlyk şäherçesinde gurlan birnäçe binalaryň we desgalaryň açylyşy barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilen işleriň ähmiýeti barada aýdyp, demir ýol ulgamyny mundan beýläk-de dörwebaplaşdyrmagyň möhümdigini belledi. Munuň özi demir ýol pudagynyň okgunly ösuşi bilen şertlendirilendir. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, täze desgalar gurlanda we hereket edýän demir ýollaryň durky täzelenende gurluşygyň iň ýokary hiliniň gazanylmagyny üpjün etmek zerurdyr. Şunda kämil tehnologiýalar ulanylmalydyr, munuň özi ýurdumyzyň tutuş demir ýol ulgamynyň ýokary hilli ulanylmagyny üpjün eder.

Döwlet Baştutanymyz täze demir ýoluň düýbüniň tutulmagynyň üç ýurduň netijeli hyzmatdaşlygyny ösdürmekde täze möhüm tapgyryň alamatlandyrýandygyny belläp, üç tarapy bilelikdäki tagallalarynyň netijesi boljak bu iri taslamanyň örän wajypdygyny, onuň Türkmenistanyň, Owganystanyň we Täjigistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berjekdigini nygtady. Milli Liderimiz wise-premýere halkara ulag ulgamynyň, şeýle hem ähli ugurdaş düzümleýin desgalaryň gurluşygynyň meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Munuň özi diňe bir üç ýurduň däl, eýsem, tutuş sebitiň bähbitlerine kybap gelýär.

Milli Liderimiz Lebap welaýatynda, şeýle hem tutuş ýurdumyzda amala aşyrylýan, raýatlarymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň möhümdigini nygtap, gurluşyk işleriniň möhletleriniň anyk berjaý edilmeginiň möhümdigine we olaryň hiline, şeýle hem täze senagat kärhanalarynda ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilişine berk gözegçiligiň amala aşyrylmagyna, wise-premýeriň ünsüni çekdi.

Hormatly Prezidentimiz täze desgalaryň açylyşyna taýýarlyk görmek meselelesine degip geçip we bu sebitiň hem-de tutuş ýurdumyzyň durmuş-ykydsady taýdan ösmegi üçin şol desgalaryň uly ähmiýete eýedigini nygtap, meýilleşdirilen ähli çäreleri ýokary derejede guramagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew özüniň gözegçilik edýän düzümleriniň işi bilen baglanyşykly birnäçe meseleler, şol sanda ýangyç-energetika toplumyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň beýleki döwletleri we işewür toparlary bien hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň Türkmenistanyň energetika syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny we bu ugurda biziň ýurdumyzyň hoşniýetli erke hem-de özara peýdaly bähbitlere daýanýan gatnaşyklary ýola goýýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlarynda ýerlemegiň köpugurly ulgamlaryny döretmek, şeýle hem Türkmenistanyň täze ählumumy energetika howpsuzlygynyň ulgamyny döretmekdäki halkara başlangyçlary bilen baglanyşykly möhüm meselelere ünsi çekldi. Ýakynda BMG-niň “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi şol başlangyjyň derwaýysdygyny alamatlandyrýar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy T.Japarow özüniň gözegçilik edýän düzüminde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we bank ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Onuň habar berşi ýaly, “2030-njy ýyla çenli döwür üçin bank işini ösdürmegiň maksatnamasyny”, şeýle hem “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň maliýe-ykdysady we bank ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, degişli kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny işläp taýýarlamak, ýokary hünärli işgärleri ýetişdirmek we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, dünýäniň abraýly maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly öňdebaryjy halkara tejribelerini giňden ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Ygtybarly bank ulgamynyň tutuş bazar ykdysadyýetiniň netijeli hereket etmeginiň möhüm şerti bolup durýadygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Merkezi bankyň ýolbaşçysynyň ünsüni pudagyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň gyssagly çözülmeginiň derwaýysdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz bank işini kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bank tarapyndan müşderilere edilýän hyzmatlaryň görnüşleriniň artdyrylmalydygyny belledi. Munuň özi bazar ykdysadyýeti ulgamyndaky hojalyk düzümleriniň maliýe hyzmatlaryna bolan islegleriniň yzygiderli artýandygy bilen şertlenendir diýip, milli Liderimiz bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ornubsary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler we olary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol milli Liderimize Aşgabat şäherinde gurulýan durmuş-medeni maksatly desgalarda işleriň hilini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şähergurluşyk syýasatyny durmuşa geçirmegiň, hususan-da , Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň binagärliginiň özboluşly nusgasy hökmünde paýtagtymyzy gurmagyň meselelerine täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň möhümdigini nygtady. Bu maksatnamany durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň kärhanalary has işjeň gatnaşýarlar. Olar döwrebap tehnalogiýalary ornaşdyrmak bilen işleriň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmelidirler. Ýurdumyzda gurulýan desgalaryň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek we olary öz möhletinde ulanmaga bermek Türkmenistan işleýän ähli gurluşyk kompaniýalary üçin esasy talapdyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde orak möwsümine girişmäge soňky taýýarlyk işleri barýar. Şeýle hem gowaçalara ideg etmek çäreleri, olaryň hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, ýekelemek we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar.

hem hasabatyň çäklerinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk mynasybetli Aşgabatda we sebitlerde uly baýramçylyk maksatnamasynyň düzülendigi habar berildi. Olaryň hatarynda ylmy maslahat, sergi we aýdym-sazly çykyşlar bar.

Galla oragy möwsüminiň uly ähmiýete eýedigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz wise-premýerden galla oragynda obasenagat toplumynyň ähli düzümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy talap etdi. Oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmagyň zerurdygyny tabşyrmak bilen, döwlet Baştutanymyz kombaýnçylar, mehanizatorlar üçin degişli zähmet we dynç alyş şertleriniň döredilmegi, möwsüm wagtynda medeni çäreleriň guralmagy hakynda aladalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz gowaçalara ideg etmekde ähli agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmegi we beýleki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň göwnejaý ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu senäni biziň ýurdymyzyň dünýä bileleşigi bilen giňden belleýändigini we Türkmenistanyň syýasatynda ekologiýa meselelerine aýratyn ähmiýet berilýändigini aýtdy. Bu ugurda türkmen topragynyň ajaýyp tebigatynyň köpdürlüligini we gözelligini goramaga, onuň baýlyklarynyň netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen iri möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyz biologiýa köpdürlüligi we tebigy aýratynlygy gorap saklamak, suw hojalyk taslamalaryny we gök zolaklary döretmekde giň möçberli maksatnamany ýerine ýetirmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

hyzmatdaşlygy meselelerine degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara konwensiýalarynyň we ylalaşyklarynyň çäklerinde dünýä jemgyýetçiligini tolgundyrýan daşky gurşawy goramak meseleleriniň oňyn çözülmegine mynasyp goşant goşýandygyny we bu ugurda köp sanly halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýýandygyny aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda döwlet durmuş syýasatyny we ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer, hususan-da, öňümizdäki V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan sport media –forumyny geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada habar berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamynyň taslamasyny hödürledi. Şol forumda dünýäniň onlarça ýurdundan habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Hökümet Baştutanynyň orunbasary şeýle hem hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň welaýat merkezlerindäki bejeriş-öňüni alyş edaralarynda elektron resminamalary dolanyşygy ulgamyny döretmek we işe girizmek hakyndaky” kararyň taslamasyny hödürledi. Bellenilişi ýaly, welaýatlarda şeýle ulgam ornaşdyrylandan soň, sebitleriň ilaty şahsy kody bolan elektron kartasynyň eýesi bolar. Olarda kartanyň eýeleriniň saglygy baradaky ähli anyk lukmançylyk maglumatlary bolar. Umuman, şeýle kartalaryň her biri giň maglumatlar binýadynyň bir bölegi bolar. Olaryň ulanylmagy lukmanyň, şeýle hem näsagyň wagtyny ep-esli tygşytlamaga, lukmançylyk kömeginiň elýeterliligini giňeltmäge ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu sport çäresine bagyşlanan sport media-forumyny geçirmek hakyndaky karara gol çekip, 2017-nji ýylda boljak ägirt uly sport ýaryşlary baradaky habarlary ýaýratmak boýunça media-forumyň mümkinçiliklerini has netijeli ulanmak üçin, bu çärä gatnaşmaga dünýäniň habar beriş serişdelerini çekmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Baştutanymyz Türkmenistanda elektron resminama dolanyşyk ulgamyny ornaşdyrmak meselesine degip geçip, ähli ulgamlary, şol sanda saglygy goraýşy döwrebap ösdürmegiň möhüm guraly hökmünde täze maglumatlar tehnologiýalarynyň ähmiýetini aýratyn belledi. Milli Liderimiz bu ulgamda maglumat –kommunikasiýan tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň lukmançylyk hyzmatlaryny etmek, şeýle hem ylmy-barlag işleri ulgamynda täze mümkinçilikleri açjakdygyny, dünýä ülňülerine laýyklykda milli saglygy goraýşy mundan beýläk-de ösdürmek üçin şertleri döretjekdigini nygtap, degişli karara gol çekdi we wise-premýere bu ulgamda elektron resminama dolanyşygyny ornaşdyrmak meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we “Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny we balyk hojalygyny 2012-2016-njy ýyllarda ösdürmegiň maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde birnäçe iri maýa goýumlarynyň taslamalarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hususan-da, wise-premýer ýylda 30 milliard kub metr geçirijilik ukyby bolan we Türkmenistanyň gündogar bölegini Hazar sebiti bilen baglanyşdyrjak “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygynyň barşy barada aýtdy. 770 kilometre barabar uzynlygy bolan gaz geçirijisiniň gurluşyk-gurnama işlerini “Türkmengaz” we “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernleriniň bölümleri ýerine ýetirýärler. Tutuş ulgamyň ugrunda häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen 7 sany gaz gysyjy beketler we beýleki düzümleýin desgalar gurlar. Häzirki döwürde olaryň taslamalaýyn resminamalaryny taýýarlamak işleri tapgyrlaýyn alnyp barylýar. Işleri 2015-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň baý tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmak ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we türkmen halkynyň abadançylygyny hem-de rowaçlygyny üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň ýerine ýteirilmeginiň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady. Şu jähetden döwlet Baştutanymyz “Gündoagr-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygynyň depgininiň ýokarlandyrylmagyna ünsi çekip, dürli pudaklarda ulanmaga berilýän täze senagat desgalarynyň gaz bilen ygtybarlylygyny üpjün etmelidigini belledi. Bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna eksport etmegi artdyrmak nukdaýnazaryndan hem uly ähmýiete eýedigini aýtdy.

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz deňiz ýakasyendaky şypahananyň çäkleriniň giňelendigini belledi we şu ýylyň iýun aýynda bu ýerde ýene-de ýokary derejeli myhmanhanalaryň birnäçesiniň tabşyrylmagynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Dynç alyş zolagy hökmünde Awazanyň meşhurlygynyň yzygiderli ýokarlanýandygy we onda dynç almaga isleg bildirýän adamlaryň ýyl-ýyldan artýandygy bellenildi.

Baştutanymyz wise-premýerler B.Hojamuhammedowa we S.Toýlyýewe "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny hem-de Türkmenbaşy şäherini ösdürmegiň Baş meýilnamasyny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleleri hemmetaraplaýyn gaýtadan işlemegi we ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedow özüniň gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal habar beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol Dokma senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek baýramçylyk çärelerine hem-de bu şanly waka mynasybetli guraljak “Berkarar döwletimiziň dokma senagaty pudagy innowasion ösüş ýolunda” atly dokma önümleriniň halkara sergisine we maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy .

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dokma senagatynyň okgunly ösýän milli ykdysadyýetimize saldamly goşant goşýandygyny nygtady. Häzirki wagtda pudagy mundan beýläk-de ösdürmek, onuň işgärleriniň zähmet we durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýokary hilli dokma önümleriniň täze görnüşlerini öndürmek we olary dünýä bazarlaryna çykarmak boýunça giň möçberli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň dokma senagatynyň soňky ýyllarda gazanan üstünliklerini görkezmäge niýetlenen öňümizdäki forumlaryň ähmiýeti barada aýdyp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek maksadynda bu çäreleriň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny belledi we Dokma senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek baýramçylyk çärelerini ýokary derejede guramagy tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzda döwrebap kanunçylyk –hukuk binýadyny kemala getirmek we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe deputatlaryň öňünde durýan wajyp wezipeleri çözmek boýunça toplumlaýyn maksatnamany durmuşa geçirmek jähtinden milli parlamentiň işi barada habar berdi. Hususan-da, olhäzirki wagtda deputatlar tarapyndan hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary babatda täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça işleriň geçirilýändigini aýtdy.

Ýakyn wagtda geçiriljek çäreler barada habar berildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde tomusky dynç alyş günlerinde çagalar sagaldyş – dynç alyş merkezlerinde çagalaryň we maýyplaryň hukuklaryny üpjün etmek meseleleri, şeýle hem bu ulgamdaky halkara we milli kanunçylyk hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy meseleleri barada okuw maslahatlaryny geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny habar berildi.

Milli Liderimiz halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we ýurdumyzda bazar ykdysadyýetiniň berkarar bolmagynda täsirli syýasy gural hökmünde ýurdumyzyň milli parlametine möhüm ornuň degişlidigini nygtap, deputatlaryň häzirki zaman kanunçykaryjylyk işine öňdebaryjy tejribäniň ornaşydyrylmalydygyny belledi hem-de şunuň bilen birlikde, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ilatyň arasynda döwletimiziň we jemgyýetiň ösüşine ýardam etjek täze kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny giňden düşündürmek boýunça işleriň geçirilmeginiň möhümdigine üns çekdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garalyp olar, boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk we abadançylyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.