Ï Paýtagtda futbol festiwaly geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtda futbol festiwaly geçirildi

view-icon 877
“Geliň köpçülik bolup futbol oýnalyň!” – ine şeýle şygar bilen şu gün türkmen paýtagtynda birinji futbol festiwaly geçirildi. Ol köpçülikleýin futboly mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti we Futbol federasiýisy tarapyndan guraldy.

Mälim bolşy ýaly, FIFA-nyň iri yklym guramalarynyň biri bolan Aziýa futbol konfederasiýasy 2013-nji ýyly köpçülikleýin futbolyň ýyly diýip yglan etdi. Türkmenistan hem şu konfederasiýanyň doly hukukly agzasy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin sport hereketini ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek bilen, guramaçylar biziň ýurdumyzda futbol festiwalyny guramaga örän jogapkärli çemeleşdiler. Onuň geçirilmegi zeminde giňden bellenýän Çagalary goramagyň halkara gününe gabat geldi.

“Çagalara aýratyn üns bermek, olara söýgi bilen garamak asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň kämilleşdirip gelen ruhy gymmatlygydyr. Şol gymmatlyklara esaslanyp, bu gün aň-bilim taýdan ösen we ruhy taýdan baý, beden taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzy alyp barýarys” diýlip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna iberen gutlagynda aýdylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça iri sport toplumlarynyň gurluşyklarynyň ýaýbaňlandyrylmagy netijesinde, türkmenistanlylaryň ýaş nesli sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga hem-de iň döwrebap sport enjamlarynda öz ussatlyklaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik aldylar. Ine, Aşgabatdan we Ahal welaýatyndan “millionlaryň oýnunyň” muşdaklarynyň köpsanlysyny ýygnan bu futbol festiwaly hem ähli halkara talaplaryna laýyk gelýän “Köpetdag” stadionynda geçirildi.

Onuň futbol meýdançasy 9 sany oýun bölegine bölündi. Olaryň her biriniň içindäki toparlaryň oýunçysy pökgini 10, 15 we 20 mert aralykdan dürs urmak, pökgini öz ýoldaşyňa takyk geçirmek, ylgawyň tizligi we beýlekiler boýunça ähli başarnygyny görkezmeli boldy.

Bu gün festiwala gatnaşanlaryň hiç biri baýraksyz galmady, şol sanda Futbol baýramçylygyna gatnaşan iň ýaş – iki ýaşlyja Şirinjemal Gurbanowa hem tomaşaçylaryň iň gowy goren türgeni diýen baýraga mynasyp boldy. Ol festiwalyň bütin dowamynda futbol pökgüsi bilen aýrylyşman, ýaşyl meýdançada öz göwün şadyna pökgi depip ýördi.

“Biziň futboly gowy gorýän maşgalamyz bar -- diýip, öz gyzjagazynyň bu oýna gyzyklanmasynyň syryny paýlaşan Gurbanjemal Gurbanowa aýtdy. – Şirinjemalyň 10 ýaşly dogany Hanmyrat eýýäm 6 ýyl bäri ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan ýöriteleşdirlen çagalar-ýetginjekler mekdebinde futbol boýunça türgenleşik geçýär. Onuň kakasy -- ýurdumyzda belli emin, FIFA-nyň emini Çarymyrat Gurbanow”.

“Iň owadan topara” diýen ýörite baýrak bolsa Milli sport we syýahatçylyk institutynyň zenanlar toparyna gowşuryldy. Bu toparyň düzümine sportuň dürli görnüşleriniň - woleýbol, gandbol, sambo, agyr atletika we beýlekileriň wekilleri girdiler. Muňa garamazdan, olaryň ählisini futbola bolan söýgi birleşdirýär.

Biziň ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän futbol festiwaly ähli yklymlarda söýülip oýnalýan bu oýnuň uly we gyzykly baýramçylygyna öwrüldi. Ol tomaşaçylary hem, oňa gatnaşyjylary hem biparh goýmady.