Ï Türkmenistanyň Prezidenti Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň hormatly Baş sekretaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň hormatly Baş sekretaryny kabul etdi

view-icon 621
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtyna gelen Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) hormatly Baş sekretary jenap Martin Marmini kabul etdi.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň kabul etmegini özi üçin uly hormat saýýandygyny bellemek bilen, myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistan bilen IRU-nyň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça ýüzbe-ýüz duşuşykda pikir alyşmak üçin döredilen mümkinçilige tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şu jähetden jenap Martin Marmi türkmen Lideriniň özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygynyň, şol sanda ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen işjeň daşary syýasat ugrunyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin hemişe açykdygyny belledi we bu babatda abraýly halkara guramalary, şol sanda IRU bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy. Türkmenistan ulag ulgamy ýaly derwaýys ugurda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň meselelerinde işjeň orny eýeleýändigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyzyň sebitleýin we ählumumy möçberde ýola goýulýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen üstaşyr-ulag gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça birnäçe halkara başlangyçlaryny öňe sürendigini aýtdy.

Duşuşygyň barşynda, ilkinji nobatda bolsa, türkmen tarapynyň Ýewraziýa yklymynda ulag ugurlarynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen halkara taslamalaryny nazara almak bilen, Türkmenistan bilen IRU-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe süren we Hazar hem-de Gara deňizleriniň we Aziýa sebitiniň ägirt uly giňişliklerindäki üstaşyr-ulag mümkinçiliklerini öwrenmek bilen baglanyşykly başlangyçlarynyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, myhman biziň ýurdumyzyň sebitleýin we yklymüsti ähmiýetli häzirki zaman ulag-aragatnaşyk düzümini kemala getirmekde ägirt uly goşandynyň bardygyny belledi. Aýdylyşy ýaly, Türkmenistan geografik taýdan amatly ýerleşişi bilen sebitleýin we halkara üstaşyr-ulag merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyrmakda ähli zerur şertleri özünde jemleýär. Bar bolan mümkinçilikleri has doly peýdalanmak maksady bilen, ýurtda ulag ulgamynyň ähli görnüşlerini ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Şol sanda täze, häzirki zaman ulag ýollary gurulýar.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ulag pudagynda özüniň uly geljegi bolan meýilnamalaryny we başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk işleri ýerine ýetirýär we Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň gurluşygy ýaly iri taslamalary berjaý edýär. Geçen aýda şu demir ýoluň Demirgazyk-Günorta transmilli ulag ugrunuň möhüm tapgyryny emele getirýän türkmen-gazak bölegi gurlup ulanmaga berildi. Ertir bolsa Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan ugry boýunça täze demir ýoluň türkmen böleginiň gurluşygyna badalga berler.

Şeýle giň möçberli taslamalaryň ýokary depginlerine haýran galýandygyny aýdyp we hormatly Prezidentimizi sebitleýin täze üstaşyr-ulag geçelgesine badalga berilmegi bilen gutlap, jenap Martin Marmi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn syýasaty netijesinde ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde uly üstünlikleri gazanandygyny, dünýä giňişliginde ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde belent halkara abraýa mynasyp bolandygyny nygtady.

Hoşlaşanlarynda döwlet Baştutanymyz we myhman Türkmenistan bilen Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň arasyndaky ählumumy durnukly ösüşiň, abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.