Şu gün Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaý we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bir günlük iş sapary bilen Türkmenistana gelýärler.
Belent mertebeli myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bilelikde birbada iki şanly waka mynasybetli guraljak dabaralara gatnaşarlar. Olaryň biri “Türkmenistan—Owganystan—Täjigistan” demir ýolunuň “Atamyrat—Ymamnazar—Akina” böleginiň düýbüni tutmak mynasybetli Atamyrat şäherinde guralar. Beýlekisi bolsa Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçesiniň açylmagy mynasybetli bolar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň soňky mejlisinde bu wakalaryň aýratyn derwaýysdygyny bellemek bilen, milli Liderimiz täze polat ýoluň ýakyn geljekde biziň ýurdumyzy Owganystan we Täjigistan bilen baglanyşdyrjak, şeýle hem giň möçberli taslama gatnaşyjy ýurtlaryň bolşy ýaly, sebitleýin we halkara möçberlerde giň özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýetiniň boljakdygyny nygtady.
“Ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen hoşniýetli goňşuçylyk hyzmatdaşlygynyň aýdyň nyşanyna öwrüljek bu ähmiýetli taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe bir üç ýurduň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegini şertlendirmän, eýsem sebitde bitewi ulag ulgamynyň ösdürilmegine we onuň halkara ulag-aragatnaşyk düzümine netijeli goşulmagy üçin zerur şertleriň döredilmegine mynasyp goşandymyz bolar” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 20-nji martynda Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygyň netijeleri boýunça gol çekilen Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň arasynda “Türkmenistan—Owganystan—Täjigistan” demir ýolunuň gurluşygynyň taslamasy boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama goňşy ýurtlaryň ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilendir. Şol wagt hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu giň möçberli sebitleýin taslamanyň ilkinji tapgyry bolup durýan —Atamyrat—Ymamnazar—Akina” böleginiň gurluşygyna şu ýylda başlamak baradaky teklibi öňe sürdi.
Şunuň bilen baglylykda, Owganystanyň Prezidentiniň Türkmenistana bolan resmi sapary mahalynda 2011-nji ýylyň maý aýynda gol çekilen türkmen-owgan hökümetara Çarçuwaly Ylalaşygy arkaly şu ugur boýunça demir ýoly gurmak meýliniň berkidilendigini bellemeli.
Ýokary depginlerde ösýän Lebap welaýatynyň çäklerinden öz gözbaşyny alýan demir ýoluň türkmen-owgan böleginiň gurluşygyna ýakynda Amyderýanyň üstünden geçýän demir we ulag ýollarynyň gurlup ulanmaga berlen ýerinden başlanyp, ony iki tapgyrda gurmak meýilleşdirilýär. Ilki bilen Atamyrat şäheriniň we Ymamnazar obasynyň arasyndaky 85 kilometrlik aralyga ýol çekiler. Bu künjek iki goňşy döwletiň serhedine ýakyn ýerde ýerleşendir. Soňra bolsa Owganystanyň Akina şäherine cenli bolan 38 kilometrlik aralygyň gurluşygyna başlanylar.
Demir ýoluň Atamyrat-Ymamnazar bölegini Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň düzümleri gurarlar. Olar soňky ýyllarda halkara ähmiýetli ýollaryň gurluşygy boýunça ýeterlik tejribe topladylar. Şu ýylyň aprel aýynda Aşgabatda özara duşunişmek hakyndaky üçtaraplaýyn Ähtnamany iş ýüzünde dürmuşa geçirmek boýunça Ýörite utgaşdyryjy iş toparynyň birinji mejlisinde owgan toparynyň wekilleri türkmen hünärmenlerine Owganystanyň çäginden geçjek Ymamnazar—Akina demir ýoluň gurluşygyny we tehniki-ykdysady esaslandyrmalaryny işläp taýýarlamaga gatnaşmaklaryny teklip etdiler.
Ilkibaşda seçilip alnan parahatçylyk söýüjilik daşary syýasat ugruna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, Bitarap Türkmenistan sebitde ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň berkidilmeginde möhüm orny eýeleýän ýurt hökmünde ykrar edilmek bilen, soňky ýyllarda döwrüň talap edýän täze ýörelgelerini öňe sürýän we halkara ähmiýetli möhüm taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän ýurt hökmünde işjeň çykyş edýär. Täze bilelikdäki taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň başlanmagyny alamatlandyrýan şu günki waka hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we hemmetaraplaýyn ösdürmäge mümkinçilik berýän ulag ugurlarynyň diwersifikasiýa edilmegini nazarlaýan Türkmenistan goňşy ýurtlary ägirt uly üstaşyr mümkinçilikleri bilelikde işe girizmäge çagyrýar. Onuň durmuşa geçirilmeginiň tutuş sebite ägirt uly peýda getirjekdigi gürrüňsizdir.
Şu jähtden, Aziýa sebitiniň döwletleriniň arasynda ulag geçelgelerini döretmekde möhüm tapgyra öwrüljek täze demir ýol goňşy döwletleriň ählumumy abadançylygyň we durmuş-ykdysady ösüşiň bähbidine ýola goýulýan giň möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan meýilleriniň we oňa taýýarlygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu derwaýys taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň, Owganystanyň we Täjigisttanyň halkara ykdysady giňişlige işjeň goşulmagyna ýardam eder. Munuň özi üç tarapyň Merkezi Aziýa sebitini mundan beýläk-de ösdürmek babatda syýasy garaýyşlarynyň umumydygyny äşgär edýär. Döwletara gatnaşykaryň esasynda bolsa birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri durýar.
Ýokary derejede boljak üçtaraplaýyn duşuşugyň işjeň syýasy gatnaşyklaryň ösdürilmegine, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň we asyrlaryň dowamynda dostluk gatnaşyklary bilen baglanyşýan goňşy döwletleriň we olaryň halklarynyň arasyndaky däp bolan medeni-gumanitar gatnaşyklaryň giňeldilmegine kuwwatly itergi berjekdigi gürrüňsizdir.