Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Dostlukly iki döwletiň Baştutanlary biri-biri bilen mähirli salamlaşyp, özara söhbetdeşlikde netijeli döwletara gatnaşygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmaga, şeýle hem halkara we sebit derejesindäki syýasata degişli käbir meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörändigine kanagatlanma bildirdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Prezidentini we Russiýanyň ähli halkyny ýetip gelýän baýramçylyk — Russiýanyň Güni bilen mähirli gutlady.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýetli jähetlerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin örän uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler.
Umumy pikire görä, gumanitar ugra, hususan-da, ylym, bilim, medeniýet, şeýle hem sport we syýahatçylyk boýunça gatnaşyklara içgin üns berilmelidir, häzirki wagtda bu ugurlaryň ösdürilmegi Türkmenistanyň we Russiýanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda, türkmen Lideri Russiýanyň Prezidentine özi üçin amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çakylygyny ýene-de bir gezek aýtdy.
Hoşlaşanlarynda, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin birek-birege ýene-de bir gezek ýakymly sözleri aýdyp, köp asyrlaryň dowamynda dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga mahsus gatnaşyklar we netijeli hyzmatdaşlyk arkaly baglanyşýan doganlyk iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, ýagşylyk, durnuklylyk we ählumumy abadançylyk arzuw etdiler.
Söhbetdeşlik rus tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.