Ï Bagtyýarlyk döwrüniň täze belentliklerine tarap
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bagtyýarlyk döwrüniň täze belentliklerine tarap

view-icon 794
Türkmenistanyň Prezidenti pileçileriň zähmet ýeňşi mynasybetli gutlaglary kabul etdi we ýurdumyzyň ýaş nesliniň wekilleri bilen duşuşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisi tamamlanandan soňra, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan paýtagtymyza gelen türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň wekilleri bilen duşuşdy. Bu duşuşyk “Oguzhan” köşkler toplumynyň Mermer zalynda geçirildi hem-de şanly waka – ýurdumyzyň ýüpekçileri tarapyndan pile taýýarlamak boýunça döwlet tabşyrygynyň ýerine ýetirilmegine bagyşlandy.


Mälim bolşy ýaly, türkmen topragyndaky ýüpekçiligiň taryhy birnäçe müňýyllyklara barabardyr. Asyrlaryň dowamynda ýüpekçilik işiniň ýörelgeleri nesilden-nesle geçip, ýüpekden ajaýyp matalary we halylary işläp taýýarlamagyň syrlary biziň günlerimize ýetirildi. Häzirki wagtda ýüpekçiligiň ösüşine täzeden badalga berildi we ol ýurdumyzyň dokma senagatynyň ileri tutulýan pudaklarynyň biri bolup durýar, pudagyň önümlerine ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça oba senagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler hem-de oba ýerlerinde hil taýdan täze durmuş-ykdysady gatnaşyklaryň kemala getirilmegine, oba hojalyk önümini öndürijileriň höweslendirilmegine, türkmenistanlylaryň maddy hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlandyrylmagy üçin ähli şertleriň döredilmegine gönükdirilip, welaýatlary ösdürmek boýunça toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalaryň amala aşyrylmagy bu gadymy milli senetçiligiň ösüşiniň girewine öwrüldi.

Daýhan hojalyklarynda ýüpek gurçugynyň ýurdumyzdaky we daşary ýurtlardaky iň oňat tohumlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagynyň, pudagy ygtybarly üpjün edýän iýmlik binýadyň döredilmeginiň, şu maksat bilen ähli welaýatlarda tut agaçlarynyň oturdylýan ýerleriniň artdyrylmagynyň oňyn netije berýändigi ýylsaýyn has aýdyň görünýär. Dokma senagatynyň önümçilik düzüminiň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy hem möhüm ähmiýete eýedir. Aşgabatdaky ýüpek kelepleýji fabrikde we Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginde ýokary hilli ýüpek sapagy öndürilýär. Bu kärhanalarda ýüpek halylaryny, milli keteni matany hem-de ýüpekden beýleki önümleri işläp taýýarlamak boýunça täze bölümler açyldy. Ýüpek süýümi arkaly, Ruhabadyň panbarhat öndürýän fabriginiň bökdençsiz işlemegi üpjün edilýär.


Şeýlelikde, Türkmenistanyň pile taýýarlamak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetiren ýüpekçileriniň üstünligi – munuň özi olaryň hakyky zähmetsöýerliginiň we ussatlygynyň, şeýle hem ýurdumyzda bu pudagy ösdürmek boýunça giň gerimli çäreleriň amala aşyrylmagynyň kanunalaýyk netijesidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli syýasaty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň özenini düzüp, şunda ata-babalarymyzyň öwüt-nesihatlary, türkmen halkynyň milli ýörelgeleri häzirki eýýamyň ruhy bilen sazlaşykly utgaşýar, türkmen döwletiniň Baştutanynyň ýaşlar bilen şu günki duşuşygy bu ýagdaýyň ajaýyp nyşanyna öwrüldi.

Çagalar milli Liderimiz bilen şatlykly ýagdaýda görşüp, ýüpekçileriň gazanan önjeýli zähmet eňşi bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de ata Watanymyzyň gazanýan uly üstünliklerini wasp edýän joşgunly goşgulary okadylar. Welaýatlaryň ýüpekçileriniň we ähli ýaşaýjylarynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine bu oba hojalyk pudagyny ösdürmek we zähmetsöýer adamlar barada hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň abadançylygy ugrundaky ýadawsyz zähmetinde egsilmez gujur-gaýrat we täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdiler.

Ýygnanalaryň el çarmagynda döwlet Baştutanymyza sowgat gowşurylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we ýagşy arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, daýhanlaryň zähmet üstünlikleriniň ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtaldandyrylmagyna we artdyrylmagyna ýardam berýändigini hem-de ýurdumyzyň öňe tarap, döredijidigiň we ösüşiň täze belent sepgitlerine tarap ynamly gadam urmagynyň girewi bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz biz geljekde-de oba senagat toplumynyň ösdürilmegine, oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyna degişli meselelere aýratyn üns bereris diýip aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz asyrlar boýy türkmen halkyna zähmetsöýerlik, dogduk topraga çäksiz söýgi we onuň baýlyklaryna aýawly garamak, şeýle hem ýerine ýetirilýän iş üçin belent jogapkärçilik ýaly häsiýetleriň mahsus bolandygyny aýtdy. Ýaşlar ýaşuly nesilden, önümçiligiň öňdebaryjylaryndan görelde alyp, olardan zähmete hormat goýmagy, halal zähmet çekmegi öwrenmelidirler.

Şu günki duşuşyga gatnaşan çagalaryň haýyşy boýunça hormatly Prezidentimiz olar bilen ýadygärlik üçin surata düşdi, soňra bolsa olar bilen bilelikde “Oguzhan” köşkler toplumynyň howlusyna çykdy. Döwlet Baştutanymyz söhbetdeşlikde Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasy barada gürrüň berdi. Bu maksatnama raýatlarymyzyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş – durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda ak mermerli türkmen paýtagtyny dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri diýip atlandyrýarlar. Ajaýyp binalar we köşkler, amatly seýilgähler we seýil baglar, köp sanly suw çüwdürimleri Aşgabadyň gözelligini has-da artdyrýar.

Çagalar mähriban Arkadagymyzyň gürrüňini çaga bilesigelijiligi bilen gyzyklanyp diňlediler. Köşkler toplumynyň çägini bezeýän gül-çemenlikler körpelerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Hormatly Prezidentimiz türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak täsinlikleri barada aýdyp, ata-babalarymyzyň gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly garandyklaryny, ony gözüniň göreji ýaly gorap gelendiklerini belledi. Bu günki ýaş nesil bolsa şu asylly ýörelgelere eýermelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we tebigaty goramagyň, onuň baýlyklaryny artdyrmagyň ýurdumyzyň her bir raýadynyň mukaddes borjy bolup durýandygyny nygtady.

Soňra özara söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiz çagalaryň tomus dynç alyş möwsümini nähili geçirýändikleri bilen gyzyklandy. Çagalar milli Liderimize özleriniň durmuşy, Gökderedäki we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky şypahanalarda dynç alyşlary, obada özleriniň ata-enelerine kömekleşýändigi, boş watlary bolsa sport bilen meşgullanýandyklary barada gürrüň berdiler.

Merdana pederlerimizden miras galan nesil terbiýesi – bu watansöýüjilik, halallyk, kiçigöwünlilik, zähmetsöýerlik, ahlak arassalygy, gujur-gaýratlylyk ýaly gymmatly öwüt-ündewlerdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalara ýüzlenip aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýaş türkmenistanlylara sargyt edip, çagalaryň ata-babalarymyzyň iň päk duýgulary esasynda kemala gelen öwüt-ündewlerine hemişe gulak asmalydygyny, pederlerimiziň ýörelgelerine eýermelidigini, munuň özüniň hemişe dogry ýoly salgy berjekdigini, ata Watanymyza bolan beýik buýsanjy, çäksiz söýgini artdyrjakdygyny nygtady. Türkmen halkynyň milli däplerini dowam etdirmek berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bagtyýar çagalarynyň perzentlik borjudyr diýip, milli Liderimiz çagalara öwüt - ündew etdi.

Gyzykly söhbetdeşligiň barşynda çagalar özlerini gyzyklandyrýan dürli sowallar bilen mähriban Arkadagymyza ýüzlendiler we sowallaryna doly jogap aldylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, ýurduň geljegi hasaplanýan çagalaryň durmuşynyň bagtyýar bolmagyny, olaryň göwnejaý terbiýelenmegini we oňat bilim almagyny üpjün etmek -- Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemngyýetimiziň we döwletimiziň ösüş ýoly bolup durýandygyny aýtdy. Häzirki wagtda tutuş ýurdumyzda täze çagalar baglarynyň, lukmançylyk edaralarynyň, çagalar we ýetginjekler üçin estetiki we çeperçilik merkezleriniň, sport meýdançalarynyň we öwrenmek, dynç almak boýunça merkezleriň gurluşygy örän giň gerim bilen alnyp barylýar. Bular döwrebap enjamlar, multimediýa we okuw-tehniki serişdeler bilen üpjün edilýär. Durmuş-medeni taýdan möhüm ähmiýete eýe bolan bu binalaryň we desgalaryň gurulmagy bilim boýunça uly möçberli özgertmäniň üstünlikli amala aşyrylmagyna degerli ýardam bermelidir, ýurdumyzyň ýaş raýatlary barada hemmetaraplaýyn alada etmek şol özgertmäniň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar.

Bagtyýar çagalar Oguzhanyň heýkeliniň ýanynda ýadygärlik üçin ýene-de bir gezek surata düşüp, gyzykly we örän täsirli söhbetdeşlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, milli Liderimiziň atalyk aladasyna jogap edip, öz ýurdunyň mynasyp raýatlary bolmagy üçin yhlasly okajakdyklaryna ynandyrdylar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, olaryň ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini belläp, ýaşlara kalplarynda beslän maksatlaryna ýetmegi arzuw etdi. Munuň üçin siz zähmetsöýer, maksada okgunly, watansöýüji, mähriban ýurdumyza we halkymyza wepaly bolmalysyzyňyz diýip, milli Liderimiz aýtdy we çagalar bilen hoşlaşdy.

Duşuşyk tamamlanandan soň körpe myhmanlaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy we olara okuwda hem-de durmuşda uly üstünlikler arzuw edildi.