„Agama“ alpinistler klubynyň türgenleri tarapyndan Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň sport-sagaldyş merkeziniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşiniň Çagalar gaznasynyň gatnaşmaklarynda guran adaty „Çagalar gaýalar festiwaly“ geçirildi.
Geçen ýylda bolşy ýaly, çagalaryň arasynda geçirilen bäsleşik alpinistler klubynyň sport binýadynda – „Demorýolçy“ bedenterbiýe-sagaldyş toplumynyň emeli gaýasynda geçirildi. Festiwala 18 ýaşa çenli isleg bildirýänleriň ählisi gatnaşyp bilýär. Festiwala gatnaşyjylaryň köpüsi öz ene-atalary bilen gelipdirler. Olar gaýa çykmaga ýaňy başlanalary işjeň goldadylar. Her bir isleg bildirýän özbaşdak dik gaýa çykmaga synanyşdy. Olaryň köpüsi bu bäsleşige ilkinji gezek gatnaşýar. Şunlukda olaryň doly howpsuzlygyny alpinistler we ýörite abzallar üpjün etdi.
Bäsleşige gatnaşýanlaryň iň ýaşajyklary hem halka ýeter ýaly we özini synap görer ýaly emelei gaýa çagalar üçin ýörite ýasaldy. Tejribeliräk oglanlar 5 trassada özlerini synap gördüler. Düzgün bolşy ýaly, tejribeli gaýa çykyjylar, klubyň agzalary – Timur Durdyýew we Dmitriý Kuntaşow bu trassalary geçdiler
gelen iň ýaşajyk „gaýa çykyjynyň“ heniz üç ýaşy hem dolmandyr. Olar öz ene-atalarynyň gözegçilik etmeklerinde diwaryň bir ýarym metrlik bölegini geçdiler. Olardan ulyraklary bolsa, gaýanyň ýedi metrlik dik böleklerunu geçdiler. Aleksandr Sarkow dört trassany geçmek bilen, özüniň başarnygyny görkezdi, ol bäşinji trassada hem synanyşyp gördi. Ol ony doly geçip bilmese-de emin agzalary onuň höwesini bellediler. Bu çärä gatanaşan ýaşlar üç sagatdan hem gowrak bäsleşdiler. Olar batyrlyk we güýçlerini görkezip, buýsançly duýgulary öz ýanlary äkitdiler.
Festiwala 30-dan gowrak çaga gatnaşdy. Bäsleşik tamamlanandan soňra olara hormat diplomlary we baýraklar gowşuryldy.