Ï «Awaza» bagyşlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Awaza» bagyşlanýar

view-icon 1746
Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan neşir edilýän «Syýahat» žurnalynyň ýörite sany tutuşlygyna “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna bagyşlandy. Hazaryň kenarynda geçiriljek giň gerimli dabaralaryň — Medeniýet hepdeliginiň öňýanynda çapdan çykan žurnal bu baýramçylyga özboluşly sowgat boldy. Ol öz okyjylaryny deňiz şypahanasyny ösdürmegiň esasy ugurlary bilen diňe bir syýahatçylyk merkezi hökmünde däl-de, eýsem ýurdumyzyň halkara işjeňlik, işewürlik we medeni durmuşynyň özboluşly meýdançasy hökmünde tanyşdyrýar.

Geografik taýdan amatly ýerleşmegi, jana şypaly howasy, ulag ýollary we häzirki zaman düzümi «Awazany» umumilli we halkara derejesindäki iri çäreleri, syýasy we ykdysady ähmiýetli möhüm duşuşyklary, gepleşikleri we forumlary, döredijilşik festiwallaryny we sport wakalaryny geçirmek üçin özüne çekiji ýere öwürýär.

Bular barada myhmansöýerligiň milli däpleri, maýa goýum hyzmatdaşlygy, deňziň kenarynda oňat dynç almak üçin şertleriň, baý medeni zolagyň döredilmegi ýaly, mowzuklary öz içine alan žurnalyň ýörite sanynyň habarlarydyr makalalarynda gürrüň berilýär.


Neşiriň makalalarynda sebitiň täsin aýratynlyklary hakynda gürrüň berilýär. Olar şypahananyň çäginde dürli medeni we jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin dürli mümkinçilikleri açýar we daşary ýurt işewür toparlarynda uly gyzyklanma döredýär. Awazada geçirilýän kongres-sergi işleri hem munuň şeýle bolmagyna ýardam edýär. Bularyň hemmesi deňizýaka ülkäniň maýa goýum babatda özüne çekijiligi üçin hil taýdan täze şertleri döretmäge, onuň halkara hyzmatdaşlygyndaky eýeleýän ornuny berkitmäge hem-de syýahatlar mekany — Türkmenistanyň tanalýan we ýatda galýan keşbini döretmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Biz Türkmenistany ösen syýahatçylygyň ýurduna öwürmelidiris. Hut şu maksat bilen biz Hazaryň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmäge girişdik. Milli syýahatçylygy ösdürmek bilen, biz bir tarapdan, öz ýurdumyz baradaky beýik hakykaty dünýä açýarys, beýleki tarapdan bolsa, durmuş-ykdysady ösüşiň täze, ägirt uly çeşmesine eýe bolýarys» diýip aýdan sözleri žurnalyň şu sanyny açyp, onuň many-mazmunyny kesgitleýär.

Deňiz şypahanasynyň uly bolmadyk terjimehaly köp wakalary we möhüm pursatlary öz içine alyp, olar barada «Awaza»: myhmansöýerligiň mekany, döredijiligiň kenary» diýen makalada gürrüň berilýär. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň içeri we daşary syýasatynyň, özgertmeleriniň mazmunyny we ileri tutulýan ugurlaryny şöhlelendirýän üstünlikler syýahatçylyk zolagynyň ykbalynda täze sepgitleri açýar.

Onuň döwrebap düzümi we artýan mümkinçilikleri «Awazada» ençeme halkara kompaniýalarynyň wekilhanalaryny ýerleşdirmäge ýardam berýär we syýahatçylyk bazarynyň maýadarlarynda, daşary ýurt operatorlarynda uly gyzyklanma döredýär. Olar bu ýerde döredilýän amatlylygyň we hyzmatlaryň derejesine deňizýaka ülkesiniň durnuklylygynyň we geljeginiň uludygynyň görkezijisi hökmünde baha berýärler.

Bu meseleleriň toplumy «Maýa goýum hyzmatdaşlygy — innowasion ösüşiň başlangyç nokady» diýen makalada beýan edilýär. «Awaza» — bu ýurdumyzda döredilen ilkinji erkin ykdysady zolak bolup, ol syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge gönükdirilendir. Şonuň üçin bu ýerde kanunlarda we kadalaşdyryjy namalarda berkidilen telekeçilik we maýa goýum işiniň amatly hukuk ýagdaýy döredildi.

Şunuň ýaly hukuk binýadynda we döwletiň hemmetaraplaýyn goldaw bermeginde özara gatnaşyklaryň tejribesi yzygiderli kämilleşdirilýär, ýokary tehnologiýalar ulgamynda täze işleriň ornaşdyrylmagy höweslendirilýär, halkara gatnaşyklary giňeldilýär. Şonuň üçin Awazanyň okgunly ösüşi islendik gyzykly we peýdaly pikiriň bu ýerde ähli taraplar üçin bähbitli işe öwrüljekdigine hiç hili şübhe galdyrmaýar.

Hukuk goragynyň, amatly tebigy we syýasy-durmuş şertleriniň kepilliklerinden başga-da, syýahatçylyk zolagynyň ösdürilmegi geljekki ýolagçylar akymyna ýakynlyk nukdaýnazaryndan hem geljegi uly bolup durýar.Hazar deňziniň gündogar kanarynyň ugry bilen çekilýän «Demirgazyk — Günorta» demir ýol ulag geçelgesiniň gurulmagy Pars aýlygyna has gysga ýoly üpjün edip, ýük daşaýanlaryň hemmesine uly peýda getirer. Bu demir ýol täze ugur boýunça türkmen we eýran ulag ulgamlaryny gazagystan we russiýa ýollary bilen birleşdirer. Munuň özi diňe daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmaga däl-de, eýsem, jahankeşdeleriň yklymyň günortasyndan demirgazygyna we yzyna akymynyň ençeme esse köpeljekdigini aňladýar. Şonuň üçin deňiz, howa, gury ýer we demir ýollarynyň halkara çatrygynyň golaýynda ýerleşýän Awaza ähli syýahatçylaryň göwnejaý dynç almagy üçin olary kabul etmäge taýýardyr.


Bu mesele beýleki hünär nukdaýnazarlarynyň hatarynda Türkmenistanyň I Syýahatçylyk kongresiniň çäklerinde giň halkara wekilçiliginde ara alnyp maslahatlaşylar. Bu kongres halkara guramalaryň hem-de dürli ýurtlaryň milli syýahatçylyk agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sentýabr aýynyň ahyrynda Awazada geçiriler. Bu wekilçilikli çäre barada habar bermek bilen, Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bu foruma şeýle hem dünýäniň syýahatçylyk bazarynyň maýadarlaryny, seljerijilerini we bilermenlerini, daşary ýurtly işewürleri, şeýle hem ýöriteleşdirilen habar beriş serişdeleriniň wekillerini çagyrýar.

Kongresiň çäklerinde foruma gatnaşyjylara öz tekliplerini, önümlerini we hyzmatlaryny görkezmäge, Türkmenistanyň we onuň sebitleriniň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, syýahatlar we myhmansöýerlik ulgamynda täze meýiller hakynda örän wajyp maglumatlary almaga mümkinçilik berýän sergi guralar. Kongresiň wezipesi syýahatçylyk işewürligi boýunça kompaniýalaryň, maliýe, taslama we gurluşyk kompaniýalarynyň, syýahatçylyk harytlaryny, pudak üçin enjamlary we tehnikany öndürýänleriň we getirýänleriň wekilleriniň arasynda işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin aragatnaşyk we çekişme meýdançasyna öwrülmek bolup durýar.

Hakyky işewürlik syýasatdan uzakda bolýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biz üçin ýakyn we alys ýurtlar, uly ýa-da kiçi kompaniýalar ýokdur, diňe päk ýürekli we ygtybarly hyzmatdaşlar hem-de bilelikdäki taslamalaryň ykdysady netijeliligi, olaryň durmuş ähmiýetliligi we ekologik howpsuzlygy ýaly esas bolup durýan ýörelgeler bardyr. Ekologiýa meselesi häzir dünýä bileleşiginiň gün tertibinde esasy orny eýeleýär. Awaza babatda hem ol goraghana we tebigaty goraýyş işini ösdürmek nukdaýnazaryndan, «ýaşyl» gurluşyk hem-de häzirki zaman arassalaýjy tehnologiýalary, gaýtadan dikeldilýän elektroenergiýa çeşmeleri ornaşdyrmak bilen bagly bolup durýar.

Şular barada we tebigy serişdeleri netijeli dolandyrmagyň beýleki ugurlary, türkmen kenar ýakasynyň biologik köpdürlüligini gorap saklamak dogrusynda «Hazaryň ekologiýa abadançylygy» diýlen makalada söhbet edilýär. Ekologik syýahatçylygy üçin bu ýerleri aýratyn gyzyklanma döredýär, çünki tebigy şertlerde tebigat dünýäsiniň täsin jandarlarynyň durmuşyna syn edip bolýar. Şonuň üçin-de «Awaza» bütin dünýäden syýahatçylary, jahankeşdeleri we haýran galdyryjy täsin gyzyklanmalary söýýänleri çagyrýar.

Žurnalyň owadan bezelen sahypasyny bagyşlan ýene bir wakasy — «Awaza — dostluk ülkesi» atly V Halkara çagalar döredijilik festiwalydyr. Ol awgust aýynda geçiriler. Däp bolan çagalar forumy ýaş zehinleri ýüze çykarmaga kömek edýär hem-de dürli ýurtlardan zehinli çagalary ýygnaýar. Bu çäre soňky ýyllarda asylly maksady göz öňünde tutýan uly medeni taslama öwrüldi.

Döredijiligiň we dostlugyň bu ajaýyp baýramçylygy her ýyl deňiz ýakasynda dürli ýurtlardan müňlerçe ýaş zehinleri — milli medeniýetleriň wekillerini jemleýär. Olar halk döredijilik-etnografik we tans toparlary, halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijileri, ýaş sazandalar, suratkeşlerdir. Türkmenistana bu ýerde deslapky bäsleşiklerde ýeňiji bolup, hormatly hukuga eýe bolan ýurduň iň oňat çagalar döredijilik toparlary wekilçilik edýärler.


Ajaýyp sagaldyş we dynç alyş merkezleri festiwala gatnaşyjylaryň bütinleý ygtyýarynda bolar. Olar bu ýerlerde diňe bir döredijilik çärelerine taýýarlanman, eýsem, doly derejeli dynç alyp hem bilerler. Munuň üçin bu ýerde hemme amatly şertler döredilýär. Mundan başga-da, çagalara Awaza derýasy boýunça täze gezelenç, deňiz gezelençleri, mümkin bolan hemme bäsleşikler we şadyýan sport ýaryşlary, gyzykly duşuşyklar we elbetde, konsertler, sergiler garaşýar.

Festiwal dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan çagalara milli medeniýetimiz we sungatymyz bilen, biziň ýurdumyzyň şu güni bilen tanyşmaga, dostlaşmaga we özleri üçin türkmen topragynyň bu täsin myhmansöýer künjegini — Awazany açmaga mümkinçilik döredýär. Olar bu ýere ýene-de hökman gelmek islärler.

Bu günler bolsa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy iýunyň ahyrynda bellenilýän Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň gününe bagyşlanan Medeniýet hepdeligine köp sanly gatnaşyjylary özünde kabul etmäge taýýarlanýar. Makalany ýazan öňdäki dabaralar barada gürrüň bermek bilen, «Awazanyň» diňe bir sagaldyş-dynç alyş ähmiýeti boýunça däl, eýsem, Merkezi Aziýanyň bütin sebitiniň medeni, işewür merkezi hökmünde öň hatara çykarylmagy goňşy we alys ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak, gumanitar hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek maksatlaryna gabat gelýär, medeniýet, bilim, ylym, medeni mirasy öwrenmek, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda täze bilelikdäki taslamalaryň ýüze çykmagyny höweslendirýär diýip nygtaýar.

Bularyň hemmesi zerur düzümleriň ösdürilmegi bilen birlikde Awazada ýaşamagyň, zähmet çekmegiň we dynç almagyň şertlerini iň amatly derejä ýetirmelidir we bu ýere dünýäniň ähli künjeginden syýahatçylaryň uly akymyny çekmelidir. Häzirki wagtda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýklykda Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan alnyp barylýan habar beriş-wagyz ediş işleri hem hut şoňa gönükdirilendir. «Syýahat» ýöriteleşdirilen žurnalynyň goýberilişi hem şol işiň bir görnüşidir. Mundan başga-da, edara tarapyndan owadan mahabat neşirleri we kitapçalar, otkrytkalar we beýleki serişdeler, şeýle hem surat depderçeleri neşir edilýär, wideoşekiller we beýlekiler çykarylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Hazaryň kenaryndaky Medeniýet hepdeligine üç dilde «Awaza hoş geldiňiz!» mahabat taslamasy we suratlara baý «Awaza — syýahatçylygyň merjeni» atly kitap neşir edildi. Kitapda Türkmenistanyň syýahatçylyk kartasy we Milli syýahatçylyk zolagynyň kartasy getirilýär. Olarda türkmen topragynyň bu ülkesiniň taryhy, onuň geografik we howa häsiýetleri, sagaldyş alamatlary, baý ösümlik we haýwanat dünýäsi barada gürrüň berilýär, şeýle hem häzirki deňiz şypahana durmuşy we onuň mümkinçilikleri barada jikme-jik beýan edilýär. Kenarýaka tebigatynyň täsin görnüşleri, goraghana künjekleri, her günde täze özgertmeler bilen üsti ýetirilýän Awazanyň döwrebap binagärlik keşbiniň suratlary bilen bezelýär.

Ýene bir neşir — «Türkmenistan — syýahatçylyk ýurdy» biziň ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň ähli ugurlary bilen tanyşdyrýar.

Syýahatçylygyň ähli görnüşlerini ösdürmek üçin amatly mümkinçilige eýe bolup, Türkmenistan özüni täze halkara syýahatçylyk merkezi hökmünde ynamly jar edýär. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygy we hut özüniň gözegçiligi astynda pudagyň innowasion düzümi, onuň döwrebap netijeli nusgasy döredilýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy özünde milli däpleri we ösen dünýäniň tejribesini jemleýän bu täsin nusganyň aýdyň mysaly bolup durýar.