Häzirki wagtda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geirilýän IV Aziýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndysynyň agzalarynyň köpüsi şeýle wekilçilikli ýaryşlara ilkinji gezek gatnaşýar. Olaryň arasynda bilýard, taý boksy bilen meşgullanýan türgenler we suwda ýüzmek boýunça toparyň wekilleri bar. Şoňa görä-de, olar üçin Inçhondaky ýaryşlar, ilkinji nobatda, şunuň ýaly iri halkara ýaryşlarynda zerur sport tejribesine eýe bolmakda möhümdir. Şonuk üçin hem Türkmenistanyň toparynyň tälimçileri ýaş türgenlere aýratyn üns berýärler. Olar Koreýada geçirilýän şu Aziýa oýunlaryndan başlap, ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna has taýýarlykly gelip bilerler. Çünki, indiki Oýunlar türkmen paýtagtynda geçiriler: 2017-nji ýylda bu sport ýaryşy Aziýanyň we Okeaniýanyň hem iň güýçli türgenlerini jemlär.
Mysal üçin, taý boksy we bilýard. Sözüň doly manysynda, sportuň bu görnüşleri biziň ýurdumyzda ýaňy-ýakynda işjeň ösdürilip başlandy. Şeýlelikde, ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary biziň türgenlerimiz üçin uly sport ýaryşlaryna barýan uzak ýolda ilkinji basgançak boldy.
Suwda ýüzmek barada aýdylanda bolsa, Koreýadaky Aziýa oýunlary türkmen türgenleri üçin has jogapkärli ýaryşlaryň öňüsyrasynda oňat tejribe mekdebi bolup hyzmat eder. Şeýle jogapkärli ýaryşlaryň biri – suwda ýüzmek boýunça dünýä çempionaty 19-njy iýuldan 6-njy awgusta çenli aralykda Ispaniýanyň iň gözel şäherleriniň biri Barselonada geçiriler. 3-nji iýulda biziň suwda ýüzüjilerimiz Aziadada jemleýji ýaryşlaryny geçirerler.
Şol gün türkmen kikboksçylary hem öz çykyşlaryna başlarlar. Bijä laýyklykda, aşgabatly Şöhrat Hallyýewiň we Allamyrat Annamyradowyň garşysyna 1/8 finalda degişlilikde Ýemeniň wekili Al-Nufiýa Abdo Ahmed Abdulla (63,5 kilograma çenli agramlyk derejede) we Mongoliýanyň wekili Burenzorik Batmunkh (81 kilograma çenli agramlyk derejede) çykyş eder. 3-nji iýulda 71 kilograma çenli agramlyk derejede Türkmenabadyň kikboksing boýunça mekdebiniň wekili Tahyr Şaýmanow Aziadada özüniň ilkinji duşuşygyny geçirer.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geirilýän IV Aziýa oýunlary 6-njy iýula çenli dowam eder. Şol döwürde türkmen kikboksçylaryna sportuň göreş boýunça görnüşiniň ussatlary hem goşular.