Ï Türkmen türgenleri özleriniň ilkinji çykyşlaryna taýýarlyk görýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen türgenleri özleriniň ilkinji çykyşlaryna taýýarlyk görýärler

view-icon 1133
Dünýäniň dürli ýurtlaryndan onlarça toparlar Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtyna gelýärler. Bu ýerde 6-njy iýulda ХХVII Bütindünýä tomusky Uniwersiadasynyň dabaraly açylyşy bolar. Bu iri sport ýaryşlaryna Türkmenistanyň türgenleri ilkinji gezek gatnaşarlar.

Talyplaryň arasynda geçirilýän şunuň ýaly ýaryşlaryň taryhy öz gözbaşyny 1905-nji ýyldan alyp gaýdýar. Şonda ABŞ-da talyplaryň arasynda ilkinji gezek halkara ýaryşlary geçirilipdi. 1919-njy ýylda talyplaryň Konfederasiýasy döredildi. Onuň howandarlygynda bolsa 1923-nji ýylda Parižde talyplaryň ilkinji Bütindünýä oýunlary geçirildi. Fransuz pedagogy we alymy, häzirki döwrüň olimpiýa hereketini esaslandyryjy Pýer de Kuberteniň egindeşi Žan Ptižan şol oýunlaryň guramaçysy boldy. Şondan bir ýyl geçensoň, täze düzüm – talyplaryň Halkara konfederasiýasy esaslandyryldy. Ol diňe Ýewropanyň çäklerinde okuwçylaryň arasynda ýaryşlary guraýardy. 1949-njy ýylda bütin dünýäniň talyplarynyň arasynda sport hereketini ösdürmek maksady bilen uniwersitet sportunyň Halkara federasiýasy döredilýär. Onuň düzümine 160-dan gowrak ýurtdan talyp sportunyň milli federasiýalary girýär. Geçen ýyl Türkmenistan hem onuň doly hukukly agzasy boldy. Bu bolsa biziň ýurdumyza ilkinji gezek Bütindünýä Uniwersiadasyna öz milli toparyny ugratmaga mümkinçilik berdi.

Düýn düzümi 100-den gowrak adamdan ybarat bolan türkmen wekiliýeti “Kazan” Halkara howa menzilinde mähirli garşylanyldy. Uniwersiada-2013-e taýýarlyk görmegiň çäklerinde bu howa menziliniň durky täzelenildi we onuň geçirijilik ukyby ýylda 2,4 million ýolagça çenli artdy.

Bu ХХVII Bütindünýä tomusky Uniwersiadasyna häzire çenli gelen wekiliýetleriň bäşinjisi we iň köpsanlysydyr. Ozal Awstraliýanyň, Täze Zelandiýanyň, Portugaliýanyň we Meksikanyň toparlary bu ýere gelipdiler. Howa menzilinde türkmen wekiliýetini meýletinçileriň onlarçasy şatlykly garşyladylar.

Howa menzilinde biziň wekiliýetimizi garşylan köpsanly meýletinçiler Türkmenistanyň toparynyň ýörite uçary bilen gelendiklerine haýran galdylar.

--Siziň türgenleriňiz üçin bu ýere gelmäge ýörite uçaryň berilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen türgenleriniň Bütindünýä talyplar oýunlarynda üstünlikli çykyş etmegi üçin ähli şertleri döredýändigine şaýatlyk edýär. Öz ýurdunyň türgenleri hakynda şeýle alada etmek hemmeleri haýran galdyrýar - diýip, Uniwersiada-2013-iň meýletinçileriň biri Ýekaterina Glebowa biziň wekiliýetimiziň agzalary bilen gürrüňdeş bolanda aýtdy.

Dünýäniň ähli yklymlaryndan köp sanly myhmanlaryň gelmegi bilen baglanyşykda Kazanda görülip-eşidilmedik howpsuzlyk çäreleri görülýär.

Kazanda geçiriljek oýunlaryň 2011-nji ýylda Hytaýyň Şençžen şäherinde geçirilen Uniwersiadadan has köp adamly bolmagyna garaşylýar. Şol gezekki ýaryşlara dünýäniň 152 ýurdundan 8078 türgen gatnaşypdy. Häzirki güne çenli, Oýunlaryň başlanmagyna dört gün galanda 10 müňden gowrak türgeniň gelmegine garaşylýar. Olar sportuň 27 görnüşi boýunça bäsleşerler. Sportuň görnüşleriniň 13-si hökmanydyr, 14-si bolsa goşmaçadyr. Talyp Oýunlarynyň taryhynda guşakly göreş, regbi-7, sambo, sazlaşykly ýüzmek we boks ýaly görnüşler ilkinji gezek oýun meýilnamasyna girizildi. Bütindünýä tomusky uniwrsiadasynda medallaryň 351 toplumy ugrunda bäsleşikler bolar. Munuň özi 2012-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiadadakydan 49 toplum köpdür.

Türkmen türgenleriniň Uniwersiada-2013-de sportuň on görnüşi – boks, agyr atletika, küşt, tennis, ýeňil atletika, dzýudo, sambo, guşakly göreş, erkin we grek-rim göreşi ýaly görnüşleri boýunça çykyş ederler.

Şu gün biziň türgenlerimiz Tatarystanyň paýtagtynyň sport meýdançalarynda ilkinji türgenleşikleri geçirdiler. 3-nji iýulda Uniwersiada obasynda Türkmenistanyň baýdagyny galdyrmak dabarasy bolar.