29-njy iýun –6-njy iýul aralygynda Koreýa Respublikasynyň Inçeon şäherinde geçiriljek ýapyk binalarda we söweşjeň sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynyň meýilnamasyna sportuň 17 görnüşi giriziler. Olaryň biri hem bilýarddyr. Bilýard boýunça geçiriljek ýaryşlara biziň ýurdumyzyň dört türgenden ybarat ýygyndy topary ilkinji gezek şeýle derejedäki ýaryşlarda çykyş eder. Muňa garamazdan, biziň türgenlerimiz ýeňişli orunlara umyt baglaýarlar. Türkmen bilýardçylary Aziýada oýunlarynyň öň ýanynda okuw-türgenleşik taýýarlygyny geçdiler, şeýle hem olar sportuň bu görnüşi boýunça Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda öz ussatlygyny berkitdiler.
Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparyna aşgabatly türgenleriň üçüsi – B. Aşyrow, B.Çakanow, B.Aýdogdyýew, şeýle hem K.Babaýew girýär. Olaryň hemmesi hem Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelediler. Şonda daşoguzly türgen, sport ussatlygyna dalaşgär, ýaş bilýardçy K.Babaýew jemleýji duşuşykda ýurdumyzyň birnäçe gezek çempiony bolan sport ussady B.Aşyrowdan üstün çykyp, ýeňiji boldy. Üçünji orny bolsa B.Çakanow hem-de Ş.Şagylyjow paýlaşdylar. Bürünç baýraga eýe bolan Ş.Şagylyjow şonda sport ussatlygyna dalaşgäriň derejesine eýe boldy.
Okuw-türgenleşik taýýarlyklary bolsa Dubaýda (BAE) “Ezone” belli bilýard merkezinde geçirildi. Şol ýerde 2011-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatynda “pul” görnüşi boýunça ikinji orna mynasyp bolan filippinli meşhur türgenleriň biri tälim berdi.
Adatça, bilýardyň 30 görnüşe golaýy boýunça bäsleşikler geçirilýär. Koreýada bolsa onuň üç görnüşi boýunça ýaryşlar bolar.
Ýewropada meşhur bolan bilýardyň “snuker” usuly Aziýada ýüze çykandyr. Umumy oýnuň dowamynda tora 20 sany şary geçirmegi talap edýän bu görnüş Hindistanda dörändir. Beýleki ikisi bolsa “puluň” dürli görnüşleri bolup, öz gözbaşyny Ýewropadan alyp gaýdýar.
Aziadada ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça oýunlarda çykyş etjek biziň türgenlerimiz entek tejribe toplamalydyrlar. Türkmenistanly türgenleriň bäsdeşleri Aziýanyň we dünýäniň hem-de dürli halkara ýaryşlarynyň ýeňijileridir. Şeýlelikde, bilýard ussatlary bilen güýç synanyşmak biziň türgenlerimize ýokary sepgitlere ýetmek üçin oňat tejribe bolup hyzmat eder.