Şu gün Balkan welaýatynyň dolandyryş merkezinde ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 8-nji tapgyrynyň ozal yza süýşürilen oýny geçirildi.
8-nji iýunda paýtagtymyzda bu toparlar özara duşuşypdylar. Şonda 3:0 hasaby bilen balkanlylar ýeňiş gazanypdylar.
Şu günki duşuşykda hasaby aşgabatlylar açdylar. Oýnuň 32-nji minutynda Begenç Annagurbanow hasaby açdy. Göräýmäge, myhmanlar tijenip, Türkmenistanyň çempionynyň we Kubogynyň eýesinden üstün çykaýjak ýalydy. Ýöne oýnuň 36-njy minutynda Mämmedaly Garadanow 11 metrlik jemire urgusynda hasaby deňlemegi başardy – 1:1. Bir minut geçenden soň Mekan Saparow “Balkany” öňe çykardy – 2:1.
Oýnuň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Rahym Gurbanmämmedowyň tälim berýän toparynyň futbolçylary “Aşgabadyň” derwezesine ýene dört pökgini geçirmegi başardylar. Pökgüleri Mämmedaly Garadanow (50-nji minutda), Myrat Hamraýew (51-nji minutda), Gahrymanberdi Çonkaeýew (70-nji minutda) we Rahmet Şermetow (85-nji minutda) geçirdiler. Netijede “Türkmennebit” Döwlet konserniniň topary 6:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, 35 utuk bilen ýaryş sanawynda ikinji orunda barýarlar.
Halkara türkmen - türk uniwersitetiniň toparynyň 43 utuk toplap, birinji orunda barýandygyny ýatladýarys. Emma “Balkanyň” futbolçylary HTTU-nyň oýunçylaryndan tapawutlylykda 3 oýun az oýnadylar.
Şu günki duşuşykdan soňra köp pökgi geçiren futbolçylaryň arasyndaky bäsleşikde “Aşgadyň” derwezesinden iki pökgi geçiren “Balkanyň” hüjümçisi Mämmedaly Garadanow 17 pökgi bilen özüniň öňdäki ornuny berkitdi. Onuň yz ýany bilen hersi 12 pökgi geçirip Hemra Amanmämmedow we Süleýman Muhadow (ikisi-de HTTU-dan) barýarlar.