Ï Sagdyn durmuş ýörelgesini saýlap alýarys!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sagdyn durmuş ýörelgesini saýlap alýarys!

view-icon 710
Türkmenistanyň Zenanlar guramasy tarapyndan guralan ýaryş her welaýatdan we paýtagtdan iki sany – on iki sany maşgala toparyny ýygnady. Paýtagtyň “Galkynyş” sport toplumynda geçirilen bäsleşiklere özlerine durmuşda sagdyn durmuş ýörelgesini saýlap alan maşgalalar gatnaşdylar.


“Eje, kaka, men – sport maşgalasy” şygar bilen geçirilen bäsleşiklerde ýeňmek üçin çalt ylgamaly, top bilen çalt oýnamaly, ýüpde çalt towusmaly. Bäsleşigiň bu üç sany şerti ýeňijiler toparlaryny kesgitledi. Ahal welaýatyndan Nuryýewleriň maşgalasy, Balkan welaýatyndan Gurtgeldiýewleriň maşgalasy, Daşoguz welaýatyndan Mazyýewleriň maşgalasy, Lebap welaýatyndan Italmazowlaryň maşgalasy, Mary welaýatyndan Mämmedowlaryň maşgalasy hem-de Aşgabat şäherinden Sähedowlaryň maşgalasy ýeňiji boldylar.

Ýeňijiler toparlaryna Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň baş baýraklary – “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” sagaldyş merkezine maşgala ýollanmalary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Zenanlar guramasy beýleki bäsleşige gatnaşyjylary hem gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglady.

Ýaryşlar geçirilmezilinden ozal etraplarda, soňra welaýatlarda saýlama bäsleşikleri geçirildi. Bäsleşikleri guraýjylaryň belleýişleri ýaly, bu bäsleşikler ýylsaýyn uly meşhurlyga eýe bolýar.