Ï Watanymyzyň welaýatlarynda nobatdaky binagärlik açylyşlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň welaýatlarynda nobatdaky binagärlik açylyşlary

view-icon 913
Şu gün Daşoguz şäherinde düýpli abatlaýyş işleri geçirilenden soňra, 10 müň tomaşaçy orunlyk stadionly “Garaşsyzlyk” iri sport desgasy öz gapylaryny giňden açdy. Ähli inžener-tehniki aragatnaşyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen alnyp barlan abatlaýyş işleri ýerli hususy gurluşyk kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan alnyp baryldy.

Durky täzelenenden soň, bu meşhur sport desgasy biziň ýurdumyzda şeýle desgalara bildirilýän ähli ýokary talaplara doly laýyk gelýär hem-de ýeke-täk toplumy emele getirýär. Tutuş ýylyň dowamynda işlemäge bolan mümkinçiligi onuň esasy aýratynlygydyr.

Baýramçylyk görnüşinde bezelen toplumyň açylyşy hakyky toýa öwrüldi. Onuň öwüşginine horeografik çykyşlar we aýdymlar, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gazananlaryny şöhratlandyrýan türgenleriň ýörişi hem-de olaryň görkezme çykyşlary sazlaşykly goşuldy.

Bu sport desgasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmäge hem-de medeni-köpçülikleýin çäreleri guramaga hem ajaýyp mümkinçilikler döredildi.

Futbol meýdançasyna ýokary hilli örtük düşelen stadion toplumyň merkezi bölegini düzýär. Bu ýerde şeýle hem ylgaw ýodajyklary bar, maglumat beriş iki sany uly tablo we tomaşaçylar üçin amatly ýerler gurlupdyr, ýagtylandyryş ulgamy çekilipdir. Tomaşaçy orunlaryň binýadynda gurlan köp sanly binalarda eminler üçin otaglar, myhmanhana, lukmançylyk nokady, metbugat maslahaty üçin zal, dolandyryş otaglary, naharhana we beýlekiler ýerleşdirilendir. Stadionyň bütin boýy boýunça ýaryşlary alyp görkezýän ulgamly elektron mahabat tablolary oturdylypdyr.

Toplumyň düzümine şeýle hem stadionyň ýanynda gurlan üsti ýapyk täze sport desgasy girýär. Onda 250 tomaşaçy orunlyk sport oýunlary üçin enjamlaşdyrylan birnäçe sport zallary, maşk we türgenleşik zallary bar. Täze binada şeýle hem lukmançylyk otagy, türgenleşdirijiler we eminler üçin otaglar, sport harytlarynyň dükany we beýlekiler göz öňünde tutulypdyr.

Sport toplumynyň töweregi abadanlaşdyrylypdyr we bagy-bossanlyga bürelipdir, bu ýerde nepis bezegli ýagtylandyryjylar we oturgyçlar oturdylypdyr, çagalar üçin meýdança gurlupdyr. Şu ýerde sportuň oýun görnüşleri – basketbol, woleýbol, badminton üçin emeli örtükli açyk meýdançalar hem bar.

Welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň we ýaşlaryň gatnaşmagynda sport binasynyň açylyş dabarasynda çykyş edenler, häzirki wagtda beden taýdan berk we hemmetaraplaýyn ösen nesli terbiýelemegiň, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmegiň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine ýetirilendigini nygtadylar hem-de döwlet Baştutanymyza milletiň saglygyny berkitmek ugrundaky yzygiderli aladalary, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ýurdumyzda giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.