Şu gün Galkynyş etrabynyň dolandyryş merkezinde durky toplumlaýyn täzelenen sport toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Täzeleýiş işleriniň barşynda bu ýerde şu günüň talaplaryna gabat gelýän häzirki zaman sport - sagaldyş merkezi döredildi.
Döredijilik toparlarynyň çykyşlaryna, aýdym we sazlara, tanslara, ýaş türgenleriň sport çykyşlaryna beslenen dabarada çykyş edenler häzir Türkmenistanda sportuň we bedenterbiýäniň ösüşi, sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy diýip bellediler. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkyň saglygy we abadançylygy, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini we ýokary üstünilkler sportuny ösdürmek hakynda edýän ýadawsyz aladasy üçin çäksiz hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Sport toplumynyň durkuny täzelemek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrine mahsuz bolan binagärlik nusgasynda amala aşyryldy. Bu işler innowasion timarlaýyş materiallarynyň we gurnamalarynyň peýdalanmagy bilen ýerine ýetirildi. Sport merkeziniň zallarynda we bölümlerinde sagaldyş bedenterbiýesi, basketbol, boks bilen meşgullanmak, agyr atletika, tennis, küşt, şaşka boýunça ýaryşlary geçirmek bolýar. Olar zerur bolan sport enjamlary bilen üpjün edildi. Bu ýerde egin-eşik çalşyrylýan, suwa düşülýän ýerler, lukmançylyk bölümi, dynç alyş we iş otaglary bar. Sport toplumy özbaşdak ýylylyk – suw we elektrik üpjünçilik, howany serginlediş ulgamy bilen üpjün edildi.
Sport merkeziniň keşbi hem tanalmaz derejede özgerdi. Onuň münberleri ep-esli giňelip, olara janköýerleriň 3 müňisi ýerleşýär. Uly futbol meýdançasy täze ýörite örtüge eýe bolup, ýeňil atletika ýodalary guruldy. Tomaşaçylary Günüň şöhlesinden we ýagyndan ellipis görnüşindäki telär gorar. Stadionyň döwrebap yşyklandyrylmagy türgenleşikleri agşamyna hem geçirmäge mümkinçilik berýär.
Welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ýaşulularyň, ýaşlaryň, şäherçäniň köp sanly ýaşaýjylarynyň gatnaşan dabarasynyň barşynda sport toplumynyň durkuny üstünlikli täzelän hususy gurluşyk kärhanasynyň işde tapawutlanan hünärmenlerine sowgatlary gowşurmak çäresi hem boldy.