Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi. Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek dabaralara hem-de bu baýramçylyga gabatlanan Medeniýet hepdeligine görlen taýýarlyk işleri hökümet mejlisiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Bu dabaranyň çäklerinde ýurdumyzda dürli çäreleri geçirmek bellenildi, şolaryň esasylary, şol sanda halkara derejeli çäreler “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini beýan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa söz berdi. Wise-premýer Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde hem-de Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek çäreler hakynda hasabat berdi.
Wise-premýer öz hasabatyny hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli medeniýet ulgamynda amala aşyrylýan syýasatyň üstünlikleri baradaky gysgaça syny bilen açdy. Döwletimiziň okgunly ösüşiniň aýrylmaz bölegi hökmünde medeniýet ulgamyny ösdürmegiň aýratyn möhümdigi barada aýtmak bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary milli Liderimiziň ýurdumyzyň medeniýetini we sungatyny ösdürmäge, medeniýet ulgamynda işleriň derejesini we abraýyny artdyrmaga täze itergi beren başlangyçlarynyň ähmiýetini belledi.
Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns we goldaw bermegi netijesinde milli medeniýetimiz häzirki döwürde öz ösüşinde, şol sanda bu ulgamyň işgärlerini hünär taýdan taýýarlamagyň we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň we giňeltmegiň ýokary derejesini üpjün etmekde kuwwatly itergä eýe boldy. Pudakda häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Wise-premýer milli Liderimize ýurdumyzda 24-30-njy iýun aralygynda Medeniýet hepdeligini geçirmek baradaky başlangyjy, bu babatda edýän aladasy hem-de Hazar deňziniň kenarynda halkara derejesindäki baýramçylyk dabaralaryny guramak üçin beren ägirt uly goldawy üçin medeniýet ulgamynyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli tekliplerini we maslahatlaryny nazara almak bilen, medeniýet we sungat işgärleri bu çäräni hakyky türkmen toýuna mahsus derejede geçirmek, onuň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň, ägirt uly döredijilik kuwwatynyň beýanyna öwürmek üçin ähli gujur-gaýratlaryny, ylham joşgunlaryny gaýgyrmajakdygy bellenildi.
Wise-premýer milli Liderimizi Medeniýet hepdeliginiň baýramçylyk dabaralaryna we onuň çäklerinde meýilleşdirilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky täze desgalaryň açylyş dabarasyna hormat bilen gatnaşmagyny haýyş edip, taýýarlanan çäreleriň maksatnamasy hakynda jikme-jik hasabat berdi.
Şeýlelikde, ajaýyp, dürli öwüşginli we ýatdan çykmajak waka öwrüljek türkmen medeniýetiniň baýramçylygy 24-nji iýunda interaktiw deňiz çüwdürimler toplumynyň ýanynda ýerleşýän “Awaza” amfiteatrynyň baş sahnasynda Medeniýet hepdeliginiň dabaraly ýagdaýda açylmagy bilen badalga alýar. Ol ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň – tanymal estrada aýdymçylarynyň, bagşylaryň, belli tans, folklor we beýleki döredijilik toparlarynyň uly konserti üçin täsir galdyrýan dürli reňkdäki bezege öwrüler.
Şol günüň ertesi, 25-nji iýunda “Nebitçi” myhmanhanasynda ýaýbaňlanjak halkara sungat sergisi açylar. Sergä gatnaşýanlaryň arasynda dünýäniň 17 döwletiniň wekilleri, şeýle hem türkmen suratkeşleri, amaly-haşam sungatynyň ussatlary, zergärler bolar. Şol gün “Arzuw” myhmanhanasynda ýene-de bir sergi—ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanan üstünlikleri hakynda gürrüň berýän neşirýat-çaphana önümleriniň we türkmen suratkeşleriniň işleriniň sergisi guralar.
Şol gün şeýle hem “Kuwwat” myhmanhanasynda ýurdumyzyň goraghanalaryna, onuň görnükli taryhy-medeni ýadygärliklerine, syýahat edilýän gözel ýerlerine we Türkmenistanyň ajaýyp tebigatyna bagyşlanan dokumental filmleriň görkezilişi bolar. Deňziň kenarynda, açyk asmanyň astynda bolsa oduň başynda şygryýet agşamy geçiriler. Bu ýerde edebiýatçylaryň we çeper söz ussatlarynyň arasynda çeper okaýyşlar guralar. Deňziň görnüşi hem-de onuň kenarynda oturdylan baýramçylyk öýlerinden ybarat sahnalaşdyrylan türkmen obasy olar üçin sahna öwrüler.
Şol günüň ertesi, 26-njy iýunda bu ýerde “Erkin çarlaklar” atly çagalar bäsleşigi guralar. Şonda çagalar milli oýunlarda öz ýyndamlygyny we ugurtapyjylygyny görkezerler. Birneme soňra bolsa “Arzuw” myhmanhanasynda “Halk döredijiligi—türkmen sungatynyň özeni” atly amaly maslahat geçiriler. Ol milli mirasymyzy aýawly saklamak meselelerine bagyşlanar. Agşam bolsa simfoniki orkestriň ýerine ýetirmeginde nusgawy sazlaryň konserti amfiteatrda köp sanly tomaşaçylary we dabara gatnaşyjylary bir ýere jemlär.
27-nji iýunda bolsa Balkanabat şäherinde bina edilen “Bagt köşgüniň” açylyş dabarasy bolar. Bellenilişi ýaly, deňizýaka ülkesiniň dolandyryş merkeziniň täze binasy türkmen halkynyň milli däp-dessurlarynyň, ozaly bilen maşgala dabaralarynyň, toýlarynyň we baýramçylyklarynyň dowamlylygyna ýardam etjek medeni-usulyýet merkezleriniň birine öwrüler. Şunuň ýaly ajaýyp köşkleriň gurluşygy häzir ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda alnyp barylýar. Bu hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkyň durmuşy üçin iň gowy şertleri döretmäge, jemgyýetiň abadançylygyny we ruhy ösüşini ýokarlandyrmaga, milli medeniýetimiziň mynasyp mirasdüşerlerini ösdürip ýetişdirmäge hem-de Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň beýik işlerini amala aşyrmaga gönükdirilen durmuş maksatly syýasatynyň üstünlikli bolmagynyň aýdyň beýany bolup durýar.
Dürli öwüşginli toý däpleriniň biriniň görkezilmegi Balkanabadyň “Bagt köşgüniň” açylyş dabarasynyň bezegine öwrüler. Dabara gatnaşyjylar köşgüň gurluşy bilen tanşarlar, şeýle hem ýaş çatynjalaryň nikalaşmak dabarasynyň şaýatlary bolarlar. Her haýsy 100 orunlyk nika zallarynyň ikisinden, 500 orunlyk toý dabaralaryny geçirmek üçin giň zaldan başga-da, bu ýerde milli nusgadaky toý egin-eşikleriniň, bezeg şaý-sepleriň, sowgatlaryň salonlary we beýlekiler göz öňünde tutuldy.
Soňra wakalar Türkmenbaşy şäherinde dowam eder, bu ýerde Hazaryň kenarynda interaktiw çüwdürimler seýilgähinde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan bolan artistleriň ýerine ýetirmeginde konsert çykyşlary ýaýbaňlanar.
28-nji iýunda deňiz şypahanasynyň çäginde täze binalaryň açylyş dabarasy bolar. Ol şypahana-syýahatçylyk düzüminiň täze desgalarynyň ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň ähli künjeklerinden we daşary döwletlerden myhmanlary kabul etmekde öz mümkinçiliklerini ep-esli artdyrar. Kaşaň şypahanalaryň onlarçasynyň birbada ulanmaga berilmegi wakanyň ähmiýetini artdyrýar. Munuň özi “Awazanyň” ykbalynda täze sahypanyň açylmagyny alamatlandyrar. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary bu wakalara öz öwüşginini çaýar.
“Ýüpek ýoly” kottežler toplumynyň açylyşy gurlan desgalaryň tapgyrynda ilkinji bolar. Ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň buýurmasy boýunça guruldy. Bu bolsa tötänden däldir: çünki toplumyň öz adynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasy ugrunyň many-mazmuny—ählumumy ösüşe we medeni özara gatnaşyklara ymtylmagyň esasynda halklary we ýurtlary birleşdirmek maksady öz beýanyny tapdy. Türkmen topragyndan geçen Beýik Ýüpek ýoly hem şol gatnaşyklara hyzmat edipdir.
Soňra dabaralary Medeniýet ministrligi dowam eder, onuň buýurmasy boýunça “Şowhun” kottežler şäherjigi bina edildi. Bu ýerde dabara gatnaşyjylary teatrlaşdyrylan çykyşlar bilen garşylarlar.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan bolan döredijilik toparlary hem öz dürli öwüşginli çykyşlaryny taýýarlaýarlar. Olaryň welaýat häkimlikleriniň buýurmalary boýunça gurlan saglyk we dynç alyş merkezleriniň açylmagyna öwüşgin çaýjak çykyşlary her welaýatyň däp-dessurlarynyň aýratynlyklaryny, şol bir wagtyň özünde hem tutuş türkmen halkynyň hem baý milli mirasynyň öwüşginlerini janlandyrar.
“Daşoguz” sagaldyş-dynç alyş merkeziniň açylmagy mynasybetli “Geňeş toýy”, “Lebap” sagaldyş-dynç alyş merkeziniň açylmagy mynasybetli “Leçek toýy”, “Mary” sagaldyş-dynç alyş merkeziniň açylmagy mynasybetli “Toýda çelpek syrmak” dessuryny, “Ahal” sagaldyş-dynç alyş merkeziniň açylmagy mynasybetli “Öý tutmak toýy”, “Balkan” sagaldyş-dynç alyş merkeziniň açylmagy mynasybetli “Balykçynyň awa gidiş we geliş dabarasy” atly toý däp-dessurlarynyň berjaý edilişini görkezmek meýilleşdirilýär.
Soňra “Aşgabat” kottežler toplumynyň açylmagy mynasybetli “Ak şäherim Aşgabat” atly aýdym-sazly çykyşy, Türkmenistanyň nebitgaz senagaty, himiýa we balyk hojalygy toplumynyň “Galkynyş” dynç alyş toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli “Galkynyş” folklor toparyň “Toý gutlagy” atly aýdym-sazly çykyşy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Täjir” dynç alyş merkeziniň we kottežler toplumynyň açylyş dabarasynda “Bazardaky şowhun-şagalaň” atly sahnalaşdyrylan aýdym-sazly çykyş, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň “Deňiz” myhmanhanasynyň açylyş dabarasynda “Deňizçiniň tansynyň” ýerine ýetirilmegi, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň “Hasyl” sagaldyş we dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy göz öňünde tutulýar.
Şol gün Türkmenbaşy şäherindäki Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň sahnalaşdyran Görogly eposynyň görkezilişi guralar. Köp sanly daşary ýurtlular we dabaranyň myhmanlary üçin sinhron terjime göz öňünde tutulandyr.
29-njy iýunda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Ýelken” ýahta klubynyň açylyş dabarasy bolar. Bu waka konsert tomaşalary hem-de suwda we howadaky täsin ajaýyp çykyşlar bilen bilelikde ýaýbaňlandyrylar.
Syýahatçylyk zolagynyň ösdürilmegi bilen, syýahatçylyk gämileriniň hem üsti ýetirilýär. Olaryň arasynda 320 orunlyk ýokary tizlikli “Çarlak” gämisi hem bar. Onuň aýratynlygy bu gäminiň biziň hünärmenlerimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanda gurulmagy bolup, ol Medeniýet hepdeliginiň wakalarynyň hatarynda aýdyň täzelik bolup durýar. “Awazada” açmaklyk bellenilen beýleki desgalaryň arasynda 266 ulag üçin niýetlenen awtoduralga bar.
Şol gün agşam Awaza derýasynyň kenarynda, “Ak maýa” restoranynyň öňündäki gurnalan sahnada Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň meşhur-medeniýet, sungat ussatlarynyň konserti bolar. Ol sözüň doly manysynda Hazaryň türkmen kenarynyň halkara medeniýet we sungat baýramçylygyna öwrülendiginiň mukamy bolup ýaňlanar. Bu ýere dünýäniň köp döwletleriniň artistleri gelýärler. Bu bolsa medeniýetleriň özara baýlaşmagy we ösmegi üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär.
Amala aşyrylýan ägirt uly “Awaza” taslamasy ýurdumyzyň taryhy-medeni baýlyklary netijesinde XXI asyrda ylmyň, bilimiň, medeniýetiň, sportuň we syýahatçylygyň özara baglanyşmagyny, syýahatçylyk arkaly medeniýetiň ösmegini ugur edinýär. Şonuň üçin Döwlet Baştutanymyz tarapyndan ilkinji Medeniýet hepdeliginiň geçiriljek ýeri hökmünde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň saýlanyp alynmagy tötänden däldir.
Medeniýet hepdeliginiň soňky gününiň öň ýanyndaky dabaralar baýramçylyk feýerwerki bilen tamamlanar. Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti bolsa bu döredijilik baýramçylygynyň jemleýji wakasy bolar.
Wise-premýer baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyza milli Liderimiziň beren görkezmelerini nazara almak bilen Türkmen döwlet habarlar gullugy (TDH) tarapyndan işlenip taýýarlanan, türkmen medeniýetine bagyşlanan täze Internet saýty barada habar berdi. Onuň açylmagy Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe hem-de Hazaryň kenarynda guraljak çärelere gabatlanar.
Bellenilişi ýaly, täze web-saýt Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeligi baradaky habarlary Internet ulgamynda üpjün eder. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tekliplerine laýyklykda saýtyň mazmuny “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy hakynda habarlar bilen giňeldildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Medeniýet hepdeligine berilýän ähmiýetiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz göz öňünde tutulan çäreleriň maksatnamasyna degip geçip, milli hünärmenlerimiz tarapyndan bina edilen, bu ýere öz ulaglary bilen dynç almaga gelýän adamlar üçin amatly boljak 266 orunlyk köp gatly awtoduralganyň hem-de “Hazyna” myhmanhanasynda gurnalan güýmenjeler merkeziniň Medeniýet hepdeligine badalga berilýän ilkinji gününde, ýagny, 24-nji iýunda açylsa, maksada laýyk boljakdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlaryň wagtlaryny ýokary derejede medeniýetli geçirmeklerini üpjün etmek maksady bilen, şeýle merkezleriň bu ýerde hereket edýän ähli myhmanhanalarda döredilmeginiň wajypdygyna degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.
Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde geçiriljek ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada görkezme bermek bilen, döwlet Baştutanymyz bu şanly waka görlen taýýarlyga berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeligi biziň her ýyl geçirmegi göz öňünde tutýan şunuň ýaly çärelerimiz üçin başlangyç bolmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna, ýygnananlaryň ählisine ýüzlenip, olary we olaryň üsti bilen ýurdumyzyň ähli medeniýet we sungat işgärlerini baýramçylyk dabaralaryna beslenip ýetip gelýän Medeniýet hepdeligi hem-de Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Häzirki döwürde medeniýetimizi ösdürmek boýunça işläp düzen strategiýamyzyň çäklerinde, döwletimiziň uly goldaw bermegi netijesinde, milli medeniýetimiz yzygiderli ösýär. Bu goldaw diňe bir ideýa taýdan däl, eýsem bu ulgamda amala aşyrmak göz öňünde tutulan taslamalary maliýeleşdirmekde we medeniýeti ösdürmäge maýa goýumlaryny gönükdirmekde hem aýdyň görünýär. Netijede, ýurdumyzyň medeni durmuşynyň täsirli we özüne çekiji bolmagy has-da ýokarlanýar hem-de many-mazmun bilen baýlaşýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň medeniýet ulgamy yzygiderli ösýär, döwletimiziň medeni durmuşynda şanly wakalar bolup geçýär, şol sanda möhüm ähmiýetli halkara medeni çäreleri hem geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz amaly-haşam sungatyny, milli aýdym-sazlary we edebi eserleri döretmegiň ajaýyp däplerini aýawly saklamak, türkmenleriň ruhy mirasyny dikeltmek barada aýtmak bilen, türkmen alymlarynyň uly goşandyny, şeýle hem nusgawy türkmen şahyrlarynyň ýubileýleri mynasybetli dabaraly çäreleriň ähmiýetini belledi. Nesip bolsa, biz geljek ýyl beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýubileýini hem uly dabaralara besläp, giňden belläp geçeris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Şunuň bilen birlikde, häzirki döwürde türkmen jemgyýetiniň durmuşynda geçirilýän özgertmeleriň netijesinde, opera sungaty, simfoniki sazlar we sirk sungaty ýaly, medeniýetimiziň ýakyn geçmişde uly tejribe toplan ugurlary dikeldildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde medeniýet ulgamynyň täze desgalary gurulýar, döredijilik ugurly bilim edaralarynyň ulgamy giňelýär, festiwal hereketi hem giň gerime eýe bolýar, Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen gatnaşyklary ösýär.
Häzirki döwürde gojaman Hazaryň türkmen kenarynda döredilýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy iri halkara medeni çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrülýär, bu ýerde Halkara döredijilik festiwallary we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, welaýatlarda hem medeni-durmuş ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň netijeli alnyp barylýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetiň ösmeginde medeniýetiň uly ornuny we möhüm ähmiýetini nazara alyp, biz medeniýet ulgamynyň işgärlerini döredijilik taýdan ösmäge höweslendirýän täze baýramy – Medeniýet we sungat işgärleriniň gününi döretdik we bu baýramy her ýylyň 27-nji iýunynda dabaraly belläp geçýäris diýip aýtdy. Häzirki döwür bu ulgamyň öňünde täze wezipeleri goýýar. Bu wezipeler döredijilik toparlarynyň işini talaba laýyk guramakdan, şeýle hem häzirki zaman durmuş hakykatyny çeperçilik taýdan özleşdirip, döwrüň ruhuna we talaplaryna laýyk gelýän, häzirki taryhy eýýamyň belent maksatlaryna gönükdirilen, ýaşlara watançylyk, ruhy-ahlak we estetiki terbiýe bermäge ýardam edýän, halkymyzda berkarar Watanymyza bolan buýsanç duýgularyny terbiýeleýän döwrebap eserleri döretmekden ybaratdyr.
Ýurdumyzyň medeniýetiniň ösdürilmegini, onuň maddy – tehniki binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyny hemmetaraplaýyn goldamak bilen, döwlet bu ulgamda, şol sanda medeni syýahatçylyk ugry boýunça hususy başlangyçlaryň ýüze çykmagy üçin şertleri döredýär. Iri halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek medeniýeti ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatymyzyň ýene-de bir möhüm ugrudyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ägirt uly tebigy baýlyklara we örän baý medeni mirasa eýe bolan ýurdumyzyň tebigy we taryhy ýadygärlikleriniň ýene-de birnäçesini ÝUNESKO-nyň halkara ähmiýetli Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin ähli mümkinçilikler bar diýip, milli Liderimiz belledi.
Milli medeniýetiň özboluşly aýratynlyklary onuň bäsleşige ukyply bolmagynyň esasyny düzýär. Medeniýeti ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatymyz dünýäde Türkmenistana bolan gyzyklanmany artdyrmaga we ýurdumyzyň abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam bermelidir. Berkarar Watanymyzyň dünýäde at-abraýynyň ýokary bolmagy döwletimiziň diňe bir syýasy orny we ykdysady mümkinçilikleri bilen däl-de, eýsem halkymyzyň baý medeni mirasy we ruhy-ahlak gymmatlyklary bilen hem kesgitlenýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň alyp barýan işine gowy baha bermek bilen, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, ýokary hünär derejesini nazara alyp, milli Liderimiz olaryň birnäçesine hormatly atlary dakmak hakyndaky Permana gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz hemmeleri ýetip gelýän möhüm ähmiýetli uly baýram – Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň ähli medeniýet we sungat işgärlerine bolsa, egsilmez döredijilik ylhamyny we milli medeniýetimiziň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. (Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy gazetiň şu sanynda dolulygyna çap edilýär).
Arakesmeden soň, Ministrler Kabinetiniň mejlisi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewiň çykyşy bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda makroykdysady strategiýanyň sazlaşykly amala aşyrylmagy netijesinde Türkmenistan gysga döwrüň içinde milli ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda hil taýdan täze netijeleri gazanmagy başardy. Biziň ýurdumyzyň 2012-nji ýylyň noýabrynda BMG-niň esasy alty guramasynyň biriniň—2013-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) agzalygyna, 2013-nji ýylyň aprelinde bolsa 2015-nji ýyla çenli BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanmagy türkmen Lideriniň durmuşa geçirýän syýasy ugrunyň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Şol ugur bolsa Türkmenistanyň dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň hatarynda öňdebaryjy orunlary eýelemegini üpjün etdi. BMG-niň agzasy bolan ýurtlaryň 193-siniň biragyzdan goldamagynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisiniň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlanmagy hem türkmen döwletiniň halkara giňişliginde abraýynyň barha artýandygynyň nobatdaky tassyklanmasydyr. Umuman, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän we sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasy we döredijilik başlangyçlary halkara bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar.
Soňra bütin dünýäde meşhur gurama bolan “Kran-Montana” forumynyň esaslandyryjysy we prezidenti jenap Žan-Pol Karterona söz berildi. Ol bu hormatly wezipäni ýerine ýetirmek üçin Aşgabada geldi.
Türkmenistanda bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtamak bilen, belent mertebeli myhman 2013-nji ýylyň 3-nji iýunynda forumyň bütindünýä jemgyýetçilik işleri baradaky Geňeşiniň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdaky tagallalary we ajaýyp üstünlikleri üçin “Kran-Montana” forumynyň altyn medaly bilen sylaglamak hakynda çözgüt kabul edendigini habar berdi.
Çykyşyny dowam edip, bu guramanyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň häzirki tapgyrda durmuş-ykdysady ösüşinde uly üstünlikleri gazanýandygyny belledi. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty barada aýtmak bilen, jenap Žan-Pol Karteron türkmen döwletiniň halkara durmuşyna işjeň gatnaşýandygyny nygtady. Şu nukdaýnazardan şeýle hem parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek, energiýa howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak, serişdeleri netijeli peýdalanmak, zeminiň halklarynyň gülläp ösmeginiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyna ýardam etmek ýaly döwrüň möhüm meseleleri boýunça türkmen Lideriniň öňe sürýän başlangyçlarynyň wajypdygy hem-de ähmiýetlidigi nygtaldy. Türkmenistan hemme hyzmatdaş döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barmagyň nusgasy, şeýle hem oňyn Bitaraplyk syýasatyny alyp barmagyň netijesinde sebitde durnuklylygyň we howpsuzlygyň kepili bolmakda görelde bolup durýar diýip, mertebeli myhman aýtdy.
Işi syýasy we işewür toparlarynyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagy goldamak arkaly halkara hyzmatdaşlygyna ýardam etmäge gönükdirilen “Kran-Montana” forumynyň esasy maksatlary we wezipeleri bilen gysgaça tanyşdyryp, guramanyň ýolbaşçysy forumyň şygary astynda her ýylda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açmaga we bar bolan gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen wekilçilikli çäreleriň geçirilýändigini habar berdi. Türkmenistanyň sebit we halkara möçberli iri çäreleri kabul edýändigini we geçirýändigini kanagatlanma bilen belläp, jenap Žan-Pol Karteron biziň ýurdumyzda “Kran-Montana” forumynyň mejlisleriniň birini geçirmek mümkinçiligi barada teklibini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, munuň özi oňyn Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirýän hem-de parahatçylyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürip, halkara durmuşyna işjeň gatnaşýan Türkmenistan barada has köp bilmegiň ýene bir usuly bolup hyzmat eder.
Çykyşyny tamamlap, jenap Žan-Pol Karteron bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa altyn medaly hem-de degişli diplomy gowşurdy we türkmen Liderine abadançylyk we jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri gazanmak baradaky iň oňat arzuwlaryny beýan etdi. Türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mertebeli myhman hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Milli Liderimiz şeýle hormatly sylagyň gowşurylandygy üçin “Kran-Montana” forumynyň ýolbaşçysyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu sylagy Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň ähmiýetiniň, halkara we sebitleýin derejede durmuşa geçirilýän oňyn daşary syýasatyň halkara ykrarnamasynyň nyşany hökmünde kabul edýändigini nygtady.
Häzirki wagtda türkmen döwleti giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirip, ykdysady işiň ähli ulgamlarynda ösüşi, şeýle hem türkmenistanlylaryň abadançylygynyň ýokary derejesini üpjün edýän ägirt uly halkara we milli maýa goýum taslamalaryny amala aşyryp, özüniň okgunly durmuş-ykdysady ösüşini dowam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi.
Soňky ýyllarda kabul edilen kanunçylyk namalary ykdysady ulgamda ähli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmakda, önümçiligiň okgunly ösüşini üpjün etmekde ykdysady ulgama maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen salgyt–býujet syýasaty möhüm orun eýeleýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Galyberse-de, munuň özi ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.
Milli Liderimiz bu mesele bilen baglanyşykly gürrüňi dowam edip, 2008-nji ýylda Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň Maliýe ministrligine hem-de Ykdysadyýet we ösüş ministrligine bölünmegi hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegi, şeýle hem Strategiki meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň döredilmegi ykdysady strategiýany üstünlikli durmuşa geçirmek maksadynda ädilen möhüm ädim boldy diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda puluň durnukly alyş-çalyş hümmetiniň bolmagyny, daşary ýurt pulunyň elýeterli bolmagynyň giňeldilmegini milli pulumyza ynamyň artmagyna we banklaryň ornunyň ýokarlanmagyna ýardam edýän möhüm şertleriň hatarynda görkezdi.
2008-nji ýylda döredilen Durnuklaşdyryş gaznasy milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Ol esasy iki wezipäni – amanat we durnuklaşdyryş wezipelerini ýerine ýetirýär. Ondaky maliýe serişdeleri milli maksatnamalary we iri taslamalary durmuşa geçirmäge transfertler görnüşinde Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilýär.
Bazar ykdysadyýetiniň has netijeli milli nusgasynyň döredilmegi, ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady ulgamyna işjeň goşulyşmagy ykdysady ösüşiniň we döwlet garaşsyzlygynyň esaslarynyň mizemezliginiň daýanjy bolan milli puluň pugtalandyrylmagynyň zerurdygyny göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz milli puluň üstünlikli geçirilen denominasiýasynyň ähmiýetini belledi. Munuň özi döwrüň talabyna laýyk gelýän durnukly pul ulgamynyň döredilmegine ýardam etdi.
2011-nji ýylda Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdeleriniň esasynda Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň döredilmegi pudaklaýyn düzümi giňeltmekde möhüm ädim boldy diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu bankyň esasy wezipesiniň ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek we döwarebaplaşdyrmak boýunça iri maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmekden ybarat bolup durýandygyny belläp, ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde onuň höweslendiriji ornuny nygtady.
Degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň hünär derejesini hem-de jogapkärçiligini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamynyň mundan beýläk-de netijeli ösdürilmegini üpjün etmäge ýardam etjek ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamalarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ykdysady ösüş strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem maliýe – ykdysady ulgamda dolandyryşyň hilini ýokarlandyrmak üçin maliýe boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmen döwlet maliýe instituty hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty döredildi.
Türkmenistanlylaryň abadançylygyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çenli ýokarlandyrmak amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň 70 göterimden gowragynyň durmuşa ulgamyny ösdürmäge gönükdirilýändigini belledi. Mundan başga-da, zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny tölemek bilen baglanyşykly çykdajylar ýylsaýyn artýar, ýa-da milli ykdysady ösüşiň makroykdysady görkezijileriniň şaýatlyk edişi ýaly, bu görkeziji her ýyl azyndan 10 göterim ýokarlanýar.
Döwlet Baştutanymyz jemi içerki önümiň möçberiniň ýokarlanmagynyň milli ykdysadyýetiň yzygiderli ösýändigine şaýatlyk edýändigini belläp, maglumatlara laýyklykda, soňky bäş ýylyň dowamynda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ortaça 10 göterimden ýokary bolandygyny nygtady. Munuň özi döwlet düýpli maýa goýum syýasatynyň hem-de Türkmenistanyň halk hojalygynyň ähli ulgamlaryny toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen ägirt uly maýa goýumlarynyň hasabyna üpjün edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu gürrüňi dowam edip, dünýäniň abraýly maliýe düzümleriniň, hususan-da, Halkara pul gaznasynyň bilermenleri tarapyndan bellenilýän häzirki Türkmenistan üçin mahsus bolan ýokary makroykdysady görkezijiler milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň aýdyň subutnamasy bolup durýar diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Halkara pul gaznasynyň hünärmenleriniň çaklamasyna görä, 2013-2014-nji ýyllarda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 10 göterimden ýokary boljakdygyny belledi.
Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň konsepsiýasynyň many-mazmuny ýurdumyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna çalt çykarmak maksadynda onuň serişdeler, senagat, zähmet we intellektual kuwwatyny diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, öňde goýlan maksada ýetmek üçin uzakmöhletleýin we ortamöhletleýin üçin niýetlenen maksatnamalaryň 20-den gowragy kabul edildi. Olaryň hatarynda “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy” bar. Olarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde senagat we durmuş maksatly desgalaryň köpsanlysy gurulýar, milli we halkara derejesindäki iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasaty türkmen döwletiniň durnukly we okgunly ösüşiniň möhüm şertleriniň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Biziň ýurdumyz özüniň Bitaraplyk derejesine daýanyp, köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen daşary syýasat ugruny durmuşa geçirýär we döwletara gatnaşyklaryny deňhukuklylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerinde guraýar.
Soňky ýyllarda Türkmenistan halkara işlerinde özüniň eýeleýän ornuny has işjeňleşdirip,gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen hyzmatdaşlygyň, şol sanda ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygyň çägini ep-esli giňeltdi. Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmäge, maksatlary anyk goýmaga olary amala aşyrmagyň netijeli halkara gurallaryny seçip almaga esaslanýan toplumlaýyn çäreleri kabul etmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň “Ösüş arkaly parahatçylyk” diýip kesgitlän bu maksatlary Birleşen Milletler Guramasynyň esasy maksatlaryna laýyk gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Umuman, işiň ähli ulgamlarynda giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde, milli ösüş strategiýalaryny işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde ýokary netijelere eýe bolan Türkmenistan ýeterlik derejede baý tejribe toplady hem-de ilatyň abadançylygyny artdyrmaga, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy gazanmak maksadynda görülýän çäreleriň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ugrukdyryjy maslahatlary işläp taýýarlamakda beýleki ýurtlara ýardam bermäge taýýardyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, Türkmenistan halkara durmuşyna işjeň gatnaşýar, abraýly halkara guramalary bilen giňden hyzmatdaşlyk edýär diýip belledi. Ýurdumyz ykdysady we syýasy hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary hem-de taslamalary giňden goldaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda hemişe birek-birege düşünmegiň, hormat goýmagyň, özara ynanyşmagyň we açyklygyň tarapdary bolup çykyş edýär diýip nygtady. Biz islendik möhüm meseleleriň ak ýürekden we dogruçyl ara alyp maslahatlaşmak arkaly çözülmegini maksadalaýyk hasaplaýarys.
Häzirki döwürde dünýäniň her bir ýurdy adamzadyň öňe gitmegine we ösmegine öz mynasyp goşandyny goşýar. Biziň ýurdumyzyň mynasyp hyzmatlary hem dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýär diýip, milli Liderimiz belledi. Bu bolsa biziň alyp barýan syýasatymyzyň üstünlik gazanýandygyna şaýatlyk edýär. Gazanylýan bu üstünlikler bizi çäksiz begendirýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistan dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly we deňhukukly gatnaşyklary saklaýar. Ýurdumyz sebit we halkara derejesinde parahatçylygy we ylalaşygy üpjün etmek boýunça köp tagalla edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Biz täze ideýalary işläp taýýarlamaga we amala aşyrmaga, häzirki zamanyň esasy meselelerini çözmek maksady bilen, hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy usullaryny döretmäge mundan beýläk-de işjeň gatnaşarys. «Kran-Montana» forumynyň şeýle ýokary sylagynyň – medalynyň berlendigi üçin, jenap Žan-Pol Karterona, şeýle hem onuň üsti bilen bu forumyň Ýolbaşçy Geňeşine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmek bilen, hormatly Prezidentimiz dünýä belli bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň ösüşiň ähli maksatlaryna ýetmek üçin üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz myhmana abadançylyk we alyp barýan jogapkärli işinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, abadançylyk we alyp barýan işlerinde rowaçlyklary arzuw etdi.