Şu gün Inçhon şäherindäki (Koreýa Respublikasy) Ýonseý uniwersitetiniň halkara toplumynda ýerleşen ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynyň sport şäherçesinde Türkmenistanyň sport wekiliýetiniň resmi ýagdaýda garşylanyşy boldy. Bu dabara biziň ýygyndymyz bilen birlikde, Butanyň we Saud Arabystanynyň wekiliýetleri gatnaşdylar. Biziň ýygyndy toparymyzyň bu iri halkara ýaryşynda guramaçylar tarapyndan resmi taýdan ilkinji bolup garşylanmagy örän guwançlydyr.
Munuň özi tötänleýin däldir. Sebäbi ýene 4 ýyldan Türkmenistan ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul eder. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça häzirki wagtda Aşgabatda bina edilýän Olimpiýa şäherçesiniň sport desgalarynda geçiriler. Şonuň üçin biziň ýygyndymyzyň wekilleriniň öňünde degişli halkara tejribesini toplamak üçin sportda bolşy yaly, guramaçylyk meselelerinde hem synlap öwrenmek häzir esasy wezipeleriň hataryna girýär.
Inçhonda häzirki Aziadany guramagyň esasy maksatlarynyň biri indiki ýylda nusgawy Aziada oýunlarynyň geçiriljek ýerine öwrüljek şäheriň täze sport desgalaryny synlap görmekden ybarat bolup durýar. Bu ýerlerde sportuň olimpiýa görnüşleri boýunça ýaryşlar geçiriler. Şu ýagdaýlary biziň wekiliýetimiziň agzalaryna hem göz öňünde tutmak zerurdyr, çünki Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesi özünde dünýä derejeli ýaryşlary kabul eder.
Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň her bir şäherinde we ençeme etraplarynda bina edilen we gurulýan ýüzlerçe döwrebap sport desgalarynyň netijesinde mümkin boldy. Olar sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänleriň ýüz müňlerçesiniň ygtyýaryna berildi. Türkmenistanda sport desgalarynyň gurluşyklarynyň depgini bolsa barha ýokarlanýar.
Koreýadaky Aziada baradaky gürrüňe gaýdyp gelsek, biziň ýurdumyzyň wekiliýetini aýratyn hormat bilen garşylandyklaryny nygtamak gerek. Bu dabarada biziň türgenlerimiz baş münberiň öňündäki meýdançadan göni hatarlar bilen ýöräp geçdiler. Münberiň arkasynda bolsa ýaryşa gatnaşyjy ýurtlaryň baýdaklary pasyrdaýan flagştoglaryň 40-dan gowragy oturdylypdyr. Olaryň birinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy pasyrdaýar.
Ýörişden soň biziň Döwlet senamyz ýaňlandy. Onuň dowamynda türgenlerimiz watançylyk duýgulary bilen buýsanja beslenip, Döwlet senamyzyň sözlerini ýerine ýetirdiler.
Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylygyna ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynyň nyşany şekillendirilen ýadygärlik sowgadynyň gowşurylmagy bilen dabara dowam etdi. Öz gezeginde ol ähli türkmen türgenleriniň we türgenleşdirijileriniň adyndan Aziadany guraýjylara jogap sowgatlaryny—Türkmenistanyň sporty we Aşgabatda döredilýän Olimpiýa şäherçesi barada owadan suratlar bilen bezelen we jikme-jik gürrüň berýän kitaby gowşurdy. Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk bu täsin desga bilen içgin tanşyp, guramaçylar onuň gurluşygynyň gerimine haýran galdylar.
Garşylamak dabarasy tamamlanandan soňra, türkmen türgenleri öňde boljak ýaryşlara taýýarlyk işlerine girişdiler. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynda sportuň 12 görnüşinde baýraklaryň 100 toplumy ugrunda bäsleşikler geçiriler. Türkmenistanlylar ýaryşyň 7 görnüşi – futzal, bilýard, kabaddi, taý boksy, suwda ýüzmek, kikboksing we göreş boýunça öz ukyplaryny görkezerler.
Ýüzüjiler “Dowon” suw merkezinde türgenleşik geçýärler. Şol ýerde hem esasy ýaryşlar geçiriler. Türgenler ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynda 25 metr uzynlykdaky howuzlarda ýaryşarlar.
Kabaddiniň ussatlary Inçhonyň sport mekdepleriniň birinde we 2 müň tomaşaçy orunlyk Sangnoksu Ollen Stadium ajaýyp sport toplumynda türgenleşýärler. Hindi oýny boýunça esasy ýaryşlar ýerli gimnaziýa degişli bolan ikinji sport desgasynda geçiriler. Şu ýerde hem göreş boýunça ýaryşlar bolar, ýöne häzirki wagtda türkmen pälwanlary açyk asmanyň astynda—sport şäherçesiniň oýun meýdançalarynda türgenleşik geçýärler.
Türgenleşmäniň şeýle görnüşini biziň kikboksing we taý boksy boýunça ussatlarymyz hem saýlap aldylar. Olar şäherçä gelen iki gününiň içinde köp türgenleriň, esasan hem öz garşydaşlarynyň ünsüni çekdiler. Garşydaşlar türkmenistanlylaryň söweş tälimlerini aňşyrjak bolýarlar. Ýöne tälimçileriň tassyklaýşy ýaly, biziň türgenlerimiz öz ussatlyklaryny duşuşyk mahalynda görkezerler.
Futzal we bilýard boýunça türgenleşikler sportuň şu görnüşi boýunça resmi ýaryşlaryň geçjek ýeri bolan sport toplumlarynda alnyp barylýar: gaýyş pökginiň ussatlary Songdo Global Campus Gimnasium meýdançasyny özleşdirýärler, stol üstündäki oýnuň wekilleri bolsa, Songdo Convensia ýokary derejeli toplumda taýýarlanýarlar.