„Türkmennebit“ Döwlet konserniniň “Nebitýöritegurnamagurluşyk” müdirligi Balkan welaýatynyň günortasynda ýerleşýän Gamyşlyja obasynda sport –sagaldyş toplumyny gurdy. Toplumyň dabaraly açylyşyna etrap häkimliginiň, sport komitetiň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, hormatly ýaşulular, nebitçiler we obanyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Bu toplumda trenažýor zal, basketbol, woleýbol, boks, tennis, göreş, gimnastika we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak üçin sport zallary işleýär. Topar bolup türgenleşmek we oýunlar üçin ýöriteleşdirilen meýdança bar. Eşik çalşylýan, suwa düşülýän kömekçi otaglar we sowadyş-ýyladyş ulgamy ornaşdyrylan.
Sport –sagaldyş toplumynyna ýanaşyk ýerlerde emeli ot bilen örtülen futbol meýdançasy, toparlaýyn oýnamak üçin meýdançalar gurnalyp, olarda agşam açyk asmanda sport bilen meşgullanmaga mümkinçilik bar.
„Türkmennebit“ Döwlet konserniniň “Nebitýöritegurnamagurluşyk” müdirligi sebitde eýýäm birnäçe, Gumdag, Balkanabat şäherinde, şeýle-de Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Ekerem obasynda häzirki zaman sport-sagaldyş merkezlerini gurup, ulanmaga tabşyrdy. Bu ýyl welaýatyň oba ýerlerinde ýene-de ençeme sport-sagaldyş merkezlerini gurmaklyk meýilleşdirilýär.