Ï Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

view-icon 1081
Şu gün bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretary Taleb Rifaini kabul etdi.

Işiniň köpdügine garamazdan, duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirmek bilen, pursatdan peýdalanyp, myhman döwlet Baştutanyny Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen gutlady, hormatly Prezidentimize bagt, saglyk, dünýäniň syýasy we jemgyýetçilik toparlarynda türkmen Liderine ägirt uly abraý getiren köptaraplaýyn döwlet işinde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri halkara guramasynyň ýolbaşçysy bilen täze duşuşygyna şatdygyny belledi. Türkmenistan bu gurama bilen, BMG-niň beýleki guramalary we edaralary bilen bolşy ýaly, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda uzak möhletleýin esasda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirýär.

Mähirli, erkin ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň çäklerinde döwlet Baştutanymyz we myhman häzirki Türkmenistanyň ägirt uly syýahatçylyk mümkinçiligini hasaba almak arkaly geljegi uly bolan hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar. Türkmenistan müňlerçe daşary ýurtly syýahatçylary täsin tebigy goraghanalary we biziň günlerimize çenli saklanyp galan, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen gadymy taryhy–binagärlik ýadygärlikleri bilen bolşy ýaly, birnäçesi Ginnessiň rekordlar Kitabyna girizilen täze taryhy eýýamyň kuwwatly binalary bilen hem özüne çekýär.

Syýahatçylyk ulgamynda ýöriteleşen BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasy bilen ýygjam gatnaşyklary ýola goýmaga biziň ýurdumyzyň gyzyklanmasy barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Watanymyzyň syýahatçylyk pudagyny ähli taraplaýyn ösdürmäge aýratyn üns berip, Türkmenistanyň syýahatçylyk senagatynyň we işjeň dynç alşyň dünýäde iň oňat tejribesini öwrenmäge hem-de kabul etmäge ymtylýandygyny nygtady. Muňa ýurduň wekiliýetleriniň bütin dünýä boýunça geçirilýän ýöriteleşdirilen sergilere hem-de pudaklaýyn forumlara işjeň gatnaşýandygy hem şaýatlyk edýär.

Halkara derejesinde netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda türkmen tarapynyň başlangyçlary öňe sürýän şeýle çemeleşmesine ýokary baha berip, jenap Taleb Rifai özüniň ýolbaşçylyk edýän guramasynyň okgunly ösýän syýahatçylyk pudagynyň serişdelerini we mümkinçiliklerini mümkin bolan derejede ulanmaga gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam etmäge taýýardygyny nygtady. Türkmenistanda pudagy ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin ýörite işlenip taýýarlanylan Milli maksatnamasy onuň işiniň gyşarnyksyz kämilleşdirilmegine hyzmat edýär.

Şu ýylyň başynda Türkmenistana gelip gören BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretary alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty bu ýere ýyl geçdigiçe milli we sebit möçberindäki möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegine örän işjeň gatnaşýan, mümkinçiligi uly bolan daşary ýurtly hyzmatdaşlary barha köp çekýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gazananlaryna özüniň hakykatdan-da haýran galýandygyny beýan etdi. Şunda türkmen Lideri tarapyndan başy başlanan Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenar ýakasynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça iri taslama esasy görkeziji bolup durýar. Ol diňe bir sagaldyş - dynç alyş üçin däl, eýsem, halkara medeni gatnaşyklar hem-de bütin dünýäniň onlarça ýurdundan wekilleri özüne çekýän festiwallar hereketine uly mümkinçilikleri açýar. Muňa şu günler Awazada dünýäniň dürli ýurtlaryndan döredijilik adamlarynyň gatnaşmagynda üstünlikli geçirilýän Medeniýet hepdeligi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň ýolbaşçysy hoşlaşanlarynda, umumy maksatlara hem-de wezipelere jogap bolup durýan däp bolan hyzmatdaşlygyň gyşarnyksyz pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň ýagşy arzuwlaryny aýtdylar.