Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynyň resmi taýdan açylmagyna iki gün galdy. Bu ýaryşlar Günorta Koreýanyň Inçhon şäheriniň sport merkezlerinde geçiriler. Türgenler taýýarlyk döwrüni tamamlap, eýýäm arzyly baýraklar ugrunda göreşmek hyjuwynda joşýarlar. Ýöne göreş boýunça ussatlaryň, şol sanda türkmen türgenleriniň hem nobaty golaýlaşanok: sportuň bu görnüşi boýunça bäsleşikler Aziýa oýunlarynyň ýapylmagyna iki gün galanda — 4-nji iýulda başlanar.
Başa-baş söweşiň bu görnüşi Orta Aziýa sebitinde köp asyrlar mundan öň döräpdi. Göreş bütin dünýäde giňden ykrar edilip, häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň arasynda hem onuň muşdaklary örän köpdür. Biziň pälwanlarymyz tarapyndan halkara derejesindäki dürli ýaryşlarda, şol sanda Aziýanyň we dünýäniň çempionatlarynda gazanylan köpsanly baýraklar hem muňa şaýatlyk edýär.
Mysal üçin, Inçhondaky Aziýa oýunlarynda türkmen ýygyndysynyň düzüminde çykyş etjek halkara derejeli sport ussady Muhammet Temirowy belläp geçmelidiris. Ol 73 kilograma çenli agramlyk derejede çykyş eder. Onuň halkara sport ýaryşlarynda gazanan köpsanly baýraklarynyň arasynda 2009-njy ýylda göreş boýunça dünýäniň çempionatynda gazanylan altyn medal bar. Mundan başga-da, Muhammet sambo göreşinde hem belli bir üstünliklere eýe boldy: ol sportuň şu görnüşi boýunça Aziýanyň häzirki çempionydyr.
Onuň ýygyndy boýunça egindeşleri we ildeşleri, halkara derejeli sport ussady Serdar Jümmiýew (81 kilograma çenli agramlyk derejede), Nuraly Ýalkabow (90 kilograma çenli agramlyk derejede) we sport ussady Aýna Jumagulyýewa (57 kilograma çenli agramlyk derejede) halkara ýaryşlarynyň ençemesinde, şol sanda göreş we sambo boýunça Aziýanyň hem-de dünýäniň çempionatlarynda çykyş edip, uly tejribe topladylar. Bu lebaply pälwanlaryň dördüsi medallaryň onlarçasyny, şol sanda altyn medallaryň birnäçesini gazanyp, Türkmenistanyň sport üstünliklerine mynasyp goşant goşdular.
Türgenleriň dördüsi hem göreşiň ilkinji tilsimlerini Türkmenabatda meşhur tälimçileriň biri, Türkmenstanyň at gazanan tälimçisi Baýram Halyllaýewiň ýolbaşçylygynda ele aldylar. Häzir olar özleriniň ussatlygyny Aşgabatda – milli ýygyndyda ýokarlandyrýarlar. Bu ýerde olara Türkmenstanyň at gazanan tälimçileri Ata Adaýew we Dörtguly Tejenow halypalyk edýärler.
Göreş boýunça biziň ýygyndymyzyň ýene-de bir wekiliniň, halkara derejeli sport ussady Nasiba Surkiýewany aýratyn tanyşdyryp oturmagyň zerurlygy ýok. Ol sportuň dürli görnüşleri – dzýudo, sambo we hatda sumo boýunça ýokary netijeleri gazanmagy başardy. Nasiba başa-baş göreşiň ýapon görnüşi boýunça 2001-nji ýylyň dünýä çempionydyr. Ol Olimpiýa oýunlarynyň üçüsinde – 2000-nji ýylda Sidneýde (Awstraliýa), 2004-nji ýylda Afinada (Gresiýa) we 2008-nji ýylda Pekinde (Hytaý) dzýudo boýunça ýaryşlara gatnaşdy.
Daşoguz şäherinde doglan Nasiba häzirki wagtda Aşgabadyň sport merkezleriniň birinde tälimçi bolup işleýär. Galyberse-de, ol sambo boýunça milli ýygyndymyzyň baş tälimçisiniň kömekçisidir.
Ýeri gelende aýtsak, Inçhonda Aziýa oýunlary tamamlanandan soň N.Surkiýewa, M.Temirow, S.Jümmiýew we N.Ýalkabow 6-16-njy iýul aralygynda Kazan şäherinde (Russiýa Federasiýasy) geçiriljek Bütindünýä uniwersiada ugrarlar.
Ýöne häzirki wagtda biziň türgenlerimiz Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmäge çalyşýarlar. Olar bu jogapkärli halkara ýaryşlaryna Gökderedäki sagaldyş merkezleriniň birinde geçirilen okuw-türgenleşik çäresinde taýýarlyk gördüler. Olar häzir Inçhonda bolmak bilen, aýgytlaýjy ýaryşlara çenli galan wagty peýdaly geçirmegi göz öňünde tutýarlar: türkmen pälwanlary her gün trenažýor zalyna baryp, fiziki maşyklar bilen meşgullanýarlar, açyk asmanyň astynda öz ussatlyklaryny kämilleşdirýärler.
Göreş boýunça ýaryşlaryň Ansan Sangroksu Gymmazium täze sport toplumynda geçiriljekdigini ýatlatmalydyrys. Şol ýaryşlar bilen hem ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynyň çäklerinde geiriljek bäsleşikleriň tapgyry tamamlanar.