Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň ýolbaşçysyndan, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryndan, şeýle hem welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlerinden ýurdumyzda her ýyl bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi.
2008-nji ýylda döredilen hem-de şol gün “Şasenem we Garyp” spektakly ilkinji gezek görkezilip, taryha girmek bilen, türkmen opera sungatynyň täzeden galkynmagynyň başyny başlan baýramçylyk bilen gutlap, hökümetiň agzalary döwlet Baştutanymyzy ileri tutulýan möhüm ugurlary ilkibaşdan kesgitlenen türkmen halkynyň bahasyz baýlygy we buýsanjy bolan özboluşly milli medeniýetiň ösdürilmegi bolup durýan öňdengörüjilikli syýasaty alyp barýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan berilýän ägirt uly ünsüň we hemmetaraplaýyn goldawyň netijesinde taryhy eýýamda bu möhüm ulgam okgunly ösüşe eýe boldy. Watanymyzyň medeniýetini ösdürmegiň işlenip taýýarlanan maksatnamalaýyn strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde sungatyň isleg bildirilen hem-de meşhur görnüşleri bolan opera, simfoniki sazlara, sirk sungatyna we beýlekilere täzeden ömür berildi, täze medeni-dynç alyş hem-de öwredijilik häsiýetli tele we radio ýaýlymlar yzygiderli döredilýär, milli saz, teatr we kino sungaty kämilleşdirilýär. Soňky ýyllarda çeper döredijiligiň beýleki görnüşlerine, şol sanda edebiýata, binagärlige, heýkeltaraşlyga, şekillendirişe, amaly-haşam sungatyna gyzyklanma örän artdy. Olar halkyň ruhy durmuşyny baýlaşdyrýar.
Pudagy ösdürmäge ägirt uly serişdeleri maýa goýup, döwlet tutuş ýurdumyz boýunça durmuş-medeni maksatly täze desgalary gurmaga, döredijilik ugurly bilim beriş edaralarynyň ösen ulgamyny döretmegiň hasabyna has ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy üpjün etmäge, şeýle hem pudagyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmaga ilkinji derejeli üns berýär.
Alnyp barylýan işleriň möhüm ugurlarynyň ýene biri Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen gyzyklanma bildirilýän medeni gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bolup durýar. Muňa ýurdumyzda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda hem yzygider esasda geçirilýän iri möçberli medeni çäreler aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda badalga berlen Medeniýet hepdeligi aýdyň görkeziji bolup durýar. Onuň çäklerinde şu günler Hazar deňziniň türkmen kenar ýakasynda köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda dürli çäreler uly üstünlik bilen geçirilýär.
Milli senenamamyzda medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramçylygynyň peýda bolmagynyň milletiň ruhy galkynyşyna uly goşant goşýan döredijilik adamlarynyň üstünliklerini giňden wagyz etmäge hyzmat edýändigini nygtap, bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyza bagt, saglyk we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze belentliklerine tarap ýolda üstünlikleri arzuw etdiler.
Mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz bu ýere ýygnananlary we ähli türkmen halkyny şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady. Hormatly Prezidentimiz gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan milletiň ruhy taýdan ösüşi üçin möhüm ugurlary hasaba almak bilen, medeniýet we sungat ulgamynyň kämilleşdirilmegine hemişe aýratyn üns beriljekdigini nygtady.
— Biziň alyp barýan medeni syýasatymyz diňe bir synagdan geçen syýasy we ykdysady ýörelgeleriň netijesi boýunça däl, eýsem, öz minnetdar nesillerine saklap galan we ýetiren halkymyzyň müňlerçe ýyllyk ruhy däpleriniň baýlygynyň netijesinde belent halkara abraýyndan peýdalanýan Türkmenistanyň abraýynyň artmagyna ýardam etmelidir — diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de ägirt uly medeni mirasymyzy, bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek, beýleki ýurtlaryň halklary bilen ysnyşykly medeni gatnaşyklary ýola goýmak, halkara festiwal hereketine işjeň goşulmak arkaly giňden wagyz etmegiň möhümdigini nygtady.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň häzirki zaman gazananlaryny wagyz etmegiň hem-de olara döredijilik taýdan aň ýetirmegiň medeniýet we sungat işgärleriniň möhüm wezipesidigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olara we ähli türkmen halkyna egsilmez joşgun hem-de saýlap alan kärlerinde täze üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw etdi.