Mary welaýat Medeniýet öýüniň sport toplumynda eşdişi we görşi pes bolan we 18 ýaşa çenlileriň arasynda kiçi futbaol boýunça Türkmenistanyň Maýyplarynyň merkezi bedenterbiýe-sport klubynyň (TMmBSK) çempionaty geçirildi, Däp bolşy ýaly, Mary welaýat sport komitetiniň, „Sanjar“ myhmanhanasynyň işgärleriniň işjeň goldamaklarynda maýyplaryň Merkezi we welaýat klublary bu çempionatyň guraýjylary bolup çykyş etdiler. „Sanjar“ restoranynyň işgärleri hem ýaryşlaryň guramçylykly geçirilmegi üçin ýokary şertleri döretmäge çalyşdylar.
Çempionatyň kätibi we terjimeçisi Swetlana Suşkonyň belleýşi ýaly, çempionata ýurduň welaýatlarynyň toparlarynyň ählisi we paýtagtyň topary gatnaşdy. Ilkinji oýunlaryň ikisinde 15 gol geçirildi, bäsleşigioň orta netijeliligi bolsa bir oýunda 8 pökgi geçirildi.
Ýer eýeleri – maryly futbolçylar üstünlikli çykyş etdiler. Olar bir öýunda garşydaşlarynyň derwezesine 8-10 top geçirmegi başardylar. Ýöne iň jogapkärli oýunda Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň birleşen toparyna garşy oýnamak kynrak düşdi. Netijede bolsa, myhmanlar 2:1 hasaby bilen ýeňiş gazandylar. Beýleki örän kyn bolan welaýatlaryň toparlary bilen futbaol duşuşyklarynda az hasap bilen ýeňiş gazanmak başardy. Olarayň bäsleşikde umumy ýeňşi we kiçi futbol boýunça şu ýylyň çempiony diýen ady almak kynlyk bilen başartdy.
Çempionatyň dabaraly ýapylyş çäresinde bu ýere ýygnanlaryň dabaraly el çarpyşmalary astynda bäsleşygyň ýeňijileri we baýrakly orunlary alanlar sylaglanyldy. Şeýle hem bäsleşigiň ökde oýunçylaryna baýraklar we sowgatlar gowşuryldy.Bu sport çäresine kärdeşler arkalaşygynyň Mary welaýat birleşigi hem-de hususy telekeçier hemaýatkärlik etdiler.