Ï Oýunlaryň açylan güni futzalyň ussatlary ýeňiş gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Oýunlaryň açylan güni futzalyň ussatlary ýeňiş gazandylar

view-icon 962
29-njy iýunda Inchеon Samsan World Gymnasium baş sport meýdançasynda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynyň resmi taýdan açylyş dabarasy boldy. Ol dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan türgenleriň 4500-e golaýyny ýygnady. Sekiz günüň dowamynda oýunlara gatnaşyjylar sportuň 12 görnüşinde sylaglaryň 100 toplumy ugrunda bäsleşerler. Inçhonda türkmen ýygyndysyna wekilçilik edýän türgenleriň 70-den gowragy sportuň 7 görnüşinde çykyş ederler. Ozaly bilen açylyş dabarasy hakynda gürrüňe başlamazdan öň, hoş habary ýetirmegi makul bildik: şu gün biziň futzal boýunça ussatlarymyz Aziadada Saud Arabystanynyň topary bilen ilkinji bäsleşigini geçirdi we ony 4:1 hasaby bilen ynamly ýeňmegi başardy.


Futzal boýunça ýaryşlarda 7 topara bölünen komandalaryň 22-si çykyş edýär. Olaryň sanynyň köp bolmagy sportuň bu görnüşi boýunça duşuşyklaryň IV Aziýa oýunlarynyň resmi taýdan açylyş dabarasyna çenli birnäçe gün öň başlamaly boldy. Türkmen ýygyndy topary Saud Arabystanynyň we Ýaponiýanyň komandalary bilen «F» toparyna düşdi.

Biziň bäsdeşlerimiz eýýäm 27-nji iýunda duşuşyp, şonda Ýaponiýanyň wekilleri 3:0 hasaby bilen ynamly ýeňş gazandylar. Şu gün bolsa türkmen futzalçylarynyň göreşe başlamak gezegi geldi. Olar ilkinji duşuşykda Saud Arabystanynyň ýygyndy topary bilen duşuşdylar. Biziň bäsdeşlerimiziň ýapon ýygyndysyna 3 pökgi hasabynda ýeňilmegini nazara almak bilen, Döwletmyrat Annaýewiň şägirtleriniň öňünde hasapda az bolmadyk tapawut bilen saudlylary ýeňmek wezipesi durýardy. Olar şol wezipäniň hötdesinden abraý bilen geldiler.


Oýnuň birinji böleginde bäsdeşler biri-biriniň derwezeleriniň «açarlaryny» gözlediler. Oýnuň ilkinji 20 minutlyk böleginiň tamamlanmagyna 2 sekunt galanda, Dongbu Students Gymnasium sport toplumynyň münberlerini dolduran janköýerler hasabyň deňme-deň bolmagyna garaşan pursadynda, biziň derwezebanymyz Ýeňiş Aşyrow tutuş meýdanyň içi bilen geçip, pökgini hüjümçi Watan Ataýewe ýetirdi, ol bolsa öz gezeginde pökgini garşydaşyň derwezesine gönükdirdi. Toparlar Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň peýdasyna 1:0 hasaby bilen arakesmä çykdylar.

Arakesmeden soň başda Saud Arabystanynyň ýygyndy toparynyň futzalçylary oýnuň depginini güýçlendirdiler we biziň toparymyzyň goragçylarynyň ýalňyşlyk goýbermegi sebäpli hasap 1:1 boldy.

Oýnuň ykbalyny soňky 3,5 minut çözdi. Şol pursatlarda biziň türgenlerimiz üç pökgini garşydaşyň derwezesine girizip /Watan Ataýew, Myrat Annaýew we Maksat Myradow tapawutlandylar/, şu Aziadada iň güýçli bäsdeşleri bolan Ýaponiýanyň ýygyndy topary bilen duşuşmazdan öň derwezä goýberilen we geçirilen pökgüleriň ajaýyp tapawudyny üpjün etdiler. Ýeri gelende ýatlap geçsek, ýapon futzalçylary sportuň şu görnüşi boýunça Aziýanyň häzirki çempionlary bolup durýar.

Inçhonda geçirilýän ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlaryna gatnaşýan TDH-niň habarçysy Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi D.Annaýew bilen duşuşdy we oňa birnäçe sowal bilen ýüzlendi.

— Şeýle ynamly ýeňiş şu gün nämäniň hasabyna gazanyldy?

—Saud Arabystanynyň ýygyndy topary ýakynda halkara sport giňişligine çykdy. Biz bäsdeşlerimiziň Ýaponiýanyň ýygyndy topary bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdyk. Olaryň oýnunyň aýratynlyklaryny üns bilen öwrendik. Oýnuň ikinji böleginde Saud Arabystanynyň ýygyndy toparynyň esasy alty oýunçysy ýadady. Galyberse-de, biziň türgenlerimiz örän ajaýyp oýun görkezdiler.

—Derwezä goýberilen pökgi biziň goragçylarymyzyň ýalňyşlygynyň netijesimi?

—Futzal örän çalasyn oýnalýan oýundyr. Şunda toparyň oýunçylarynyň dogry ugurlary eýeläp bilmegi möhüm bolup durýar. Şol pursatda biz öz wagtynda täsir edip bilmedik, netijede pökgini derwezämize goýberdik. Bu ýalňyşlygy biz sapak edindik. Umuman alanyňda, men öz toparymyzyň oýnundan örän kanagatlanýaryn.

— Ýaponiýanyň ýygyndy topary bilen aýgytlaýjy oýnuň ykbaly siziň pikiriňizçe nähili bolar?

—Biz öz bäsdeşlerimizi örän oňat tanaýarys. Biz futboluň hüjümli taktikasyny saýlap alarys.

Indi bolsa Incheon Samsan World Gymnasium baş sport meýdançasyndaky wakalara gaýdyp geleliň. Bu ýerde ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynyň resmi taýdan açylyş dabarasy bolup geçdi. Ägirt uly monitor bilen üpjün edilen sahnada Aziada-2013-iň guramaçylary uly aýdym-saz tansly şüweleň taýýarladylar. Ol yzygiderli wideoşekiller bilen utgaşyp gidýärdi.

Sahna çykyşlaryna ýaş türgenleriň müňlerçesi gatnaşdylar. Söweş sungatlarynyň wekilleriniň çykyşy aýratyn täsirli boldy. Olar kulbitler tehnikasyny görkezip, gaty zatlary döwmek bilen üýtgeşik hereketleri ýerine ýetirdiler.

Ine-de, dabarany alypbaryjylar sport wekiliýetlerini meýdança çagyrýarlar. Olaryň arasynda, elbetde, biziň ýurdumyzyň topary hem bar. Oňa Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny göteriji, Türkmenabatdan sport ussady Serdar Jümmiew baştutanlyk edýär. Ol Aziadada geçirilýän göreş boýunça bäsleşiklere gatnaşar.

Ýeri gelende aýtsak, Oýunlaryň dabaraly çäresinde türkmen wekiliýetini aýratyn duýgy bilen garşyladylar. Çünki ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary biziň ýurdumyzda geçiriler. Bu sport forumy 2017-nji ýylda Aziýanyň iň gowy türgenlerini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabat şäherinde gurulýan Olimpiýa şäherjiginde bir ýere ýygnar. Şol sebäpli,biziň wekiliýetimiz üçin Oýunlara gatnaşmak diňe sport mümkinçiliklerini görkezmek däl-de, eýsem, şunuň ýaly giň gerimli ýaryşlary geçirmek tejribesini öwrenmek bolup durýar.

Soňra Oýunlaryň alawyny ýakmak dabarasy boldy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlary açyk diýlip yglan edilýär. Häzirki zaman koreý estradasynyň ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda guralan konsert açylyş dabarasynyň jemleýji pursadyna öwrüldi.

Ýakynda türkmen futzalçylaryna Aziadada ýurdumyzyň sportunyň dürli görnüşlerine wekilçilik edýän beýleki türgenlerimiziň hem goşuljakdygyny bellemek gerek.