Ï Türkmenistan Bütindünýä Uniwersiadasynda ilkinji gezek çykyş eder
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Bütindünýä Uniwersiadasynda ilkinji gezek çykyş eder

view-icon 770
Şu gün Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň milli ýygyndysyny ýene bir hepdeden hem az wagtdan Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde (Russiýa Federasiýasy) badalga aljak XXVII Bütindünýä tomusky uniwersiadasyna ugratmaga bagyşlanan dabara geçirildi. Uniwersiada sportunyň halkara federasiýasynyň şygary astynda iki ýyldan bir gezek geçirilýän bu iri möçberli ýaryşlar Zeminiň ähli künjeginden talyp sportunyň iň oňat wekillerini ýygnaýar.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti 2013-nji ýylyň 6-17-nji iýuly aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde geçirilýän XXVII Bütindünýä tomusky uniwersiada Türkmenistanyň gatnaşmagy barada Uniwersitet sportunyň halkara federasiýasyndan, Russiýanyň talyplar sport birleşiginden we 2013-nji ýylyň Uniwersiadasynyň Guramaçylyk komitetinden gelip gowşan çakylygy kabul etmek hem-de 2013-nji ýylyň 1-18-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň sport wekiliýetini şol Uniwersiada ibermek barada Buýruga gol çekdi.

Döwlet tarapyndan sportuň ösdürilmegine uly üns berýän Türkmenistan ilkinji gezek Bütindünýä talyp oýunlaryna örän wekilçilikli düzümini ugradýar. Onuň düzümine 117 adam, şol sanda sportuň dokuz görnüşi boýunça—boks, agyr atletika, küşt, tennis, ýeňil atletika, dzýudo, sambo, guşak göreşi, erkin we grek-rim göreşleri boýunça çykyş etjek 83 türgen girdi.

Giň sport jemgyýetçiliginiň köpsanly wekilleri türkmen türgenlerini şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Olar üçin Bütindünýä uniwersiadada ilkinji çykyşlary beden we ruhy taýdan kämilleşmek ýollarynda oňat höweslendirmä öwrüler. Watanymyzyň sportunyň taryhynda täze sahypany açmak garaşýan türgenlere ak ýol arzuw edip, çykyş edenler biziň türgenlerimiziň Zeminiň iri ýaryşyna gatnaşmaklary köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportda ýokary gazanylanlary döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde yglan eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladasynyň netijesinde mümkin boldy diýip bellediler.

bedenterbiýe-sport hereketiniň ösdürilmegi üçin soňky wagtlarda ýurdumyzda gurlan döwrebap sport desgalary ajaýyp binýat bolup hyzmat edýär. Aziýanyň olimpiýa geňeşi tarapyndan (AOG) Aşgabada Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup, 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky çözgüdi Türkmen döwleti tarapyndan saglygy goramak we sporty ösdürmek ulgamyndaky maksatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar. Aziada-2017-niň geçiriljek ýeri özünde 30-dan gowrak desgany jemleýän Aşgabatdaky iň döwrebap ajaýyp Olimpiýa şäherçesi bolar. Bu köptaraplaýyn toplumda iň ýokary derejedäki halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin ähli şertler, şeýle hem sportuň dürli görnüşleri boýunça milli ýygyndy toparlaryny hem-de ýaş olimpiýaçylary taýýarlamak üçin köptaraply binýat dörediler.

Öz gezeginde talyp-türgenler ýylyň esasy sport ýaryşlarynda türkmenistanly wekiliýetiň ýurduň syýasatynyň – dünýä derejesinde milli sportuň mundan beýläk ösmeginiň bähbidine parahatçylyk, dostluk we döredijilik syýasatynyň ýene bir gezek dabaralanmasyna öwrülmegi üçin ähli yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

1-nji iýulda Aşgabat-Kazan ugrunda ýörite gatnaw boýunça türkmen sport wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtyna ugrar. Ol ýerde 6-njy iýulda XXVII Bütindünýä tomusky uniwersiadasynyň dabalary açylyşy bolar. Watandaşlarymyza Kazandaky sport ýaryşlarda rowaçlyk we üstünlik arzuw edýäris!