Ï Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

view-icon 927
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem olaryň öňünde durýan jogapkärli wezipeleriň öz wagtynda we netijeli durmuşa geçirilmegine gös-göni ýardam etjek anyk çäreler bellenildi.

Milli Liderimiz mejlisi açyp, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolan biziň ýurdumyz türkmen halkynyň gadymdan wagyz edýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerýär diýip belledi. Bu ýörelgeler işlenip taýýarlanan we häzir üstünlikli durmuşa geçirilýän Harby doktrinada öz mynasyp beýanyny tapdy.

Ilki bilen milli goşunymyzy berkitmek maksadynda döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan toplumlaýyn harby özgertmelerini amala aşyrmagyň barşy, eziz Watanymyzyň edermen goragçylarynyň durmuş derejesini gyşarnyksyz ösdürmek hem-de harby hünärleriň abraýyny artdyrmak bilen bagly alnyp barylýan işler hakynda hasabat bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew çykyş etdi. MHM-nyň ýolbaşçysy öz garamagyndaky ministrliginiň işleri barada hem hasabat berdi. Bu edaranyň üstüne möhüm wezipe – ýurdumyzda jemgyýetçilik durnuklylygyny, raýatlaryň agzybirligini, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde jebisligi we ylalaşygy saklamak wezipesi ýüklenendir.

Soňra çykyş etmek üçin goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna köpugurly harby özgertmelerini ilerletmek bilen baglylykda ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Şol özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, hünärli harby işgärleri taýýarlamak, harby gullukçylaryň mynasyp gulluk etmegi we ýaşamagy, olaryň göwnejaý zähmet çekmegi we dynç almagy üçin degişli şertleri döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy A.Garaýewiň hasabaty diňlenildi. Ol ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň 6 aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri hem-de ata Watanymyzyň serhetleriniň mäkämligini üpjün etmek hem-de serhetçileriň gulluk we durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksadynda şol döwürde görlen anyk çäreler hakynda hasabat berdi.

Türkmenistanyň Baş prokurory Ý.Ýazmyradow hormatly Prezidentimize öz garamagyndaky prokuratura edaralarynda işleriň ýagdaýy hem-de döwletiň we jemgyýetiň ähli durmuş ulgamlarynda kanunlaryň gyşarnyksyz berjaý edilmegine degişli gözegçiligi amala aşyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada habar berdi.

Ýurdumyzda jemgyýetçilik düzgün-tertibini saklamak boýunça jogapkärli wezipe ýüklenen ministrligiň we onuň garamagyndaky düzümleriň alyp barýan işleri hakynda hasabat bilen Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow çykyş etdi.

Hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň kazyýet ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda ýurdumyzyň Ýokary kazyýetiniň başlygy A.Hallyýew hasabat berdi.

Milli Liderimiziň başyny başlan hukuk özgertmeleriniň çäklerinde şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda adalat ulgamynyň edaralarynyň geçiren işleriniň jemleri hakynda öz gezeginde Türkmenistanyň adalat ministri B.Çaryýew hasabat berdi.

Türkmenistanyň sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň ilkinji nobatda neşeleriň bikanun dolanyşygynyň we neşekeşligiň öňüni almaga gönükdirilen işleri hakynda bu gullugyň başlygy A.Osmanow hasabat berdi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew özüniň ýolbaşçylyk edýän düzüminiň alyp barýan işleri hem-de ýurdumyzyň serhedinden geçýän ýükleri has ykjam gözden geçirmegi üpjün etmek boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramowa söz berildi. Ol şu ýylyň başyndan bäri geçirilen işler hem-de hormatly Prezidentimiziň giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini wagyz etmäge we tanyşdyrmaga gönükdirilen ugry bilen baglylykda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişlilikde anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda amatly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýyny saklamaga berk gözegçiligi üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu ýagdaýyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimizi has-da ösdürmegiň hem-de halkymyzyň durmuş derejesini gyşarnyksyz ýokarlandyrmagyň girewi bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdeplerinde hünär taýýarlygyny geçýän we bilim alýan harby gullukçylaryň ýokary hünär derejesine eýe bolmagy, şeýle hem harby gullukçylaryň hatarlarynda watançylyk hem-de ata Watanyňa we halkyňa birkemsiz gulluk etmek duýgusyny ornaşdyrmak boýunça terbiýeçilik işleriniň geçirilmegi harby özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmagyň aýrylmaz şerti bolup durýandygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň üstüne ýüklenen jogapkärçiligiň örän uludygyny belläp, geljekde-de öz işinden baş çykarýan we hünärli işgärleri seçip almak meselesine, ilata hukuk kömegini bermegiň, şol sanda yzygiderli geçirilýän raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişlikleriniň hasabyna ýardam etmegiň wajypdygyny tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, kanunlaryň we düzgün-tertibiň berjaý edilmegine gös-göni jogap berýän degişli düzümde diňe halal, hemmetaraplaýyn sowatly, Kanuny ileri tutmak ýörelgesine ygrarly adamlar işlemelidir. Milli Liderimiz täze taryhy döwrüň belent maksatlaryna üstünlikli ýetmegiň aýrylmaz şerti bolup durýan jemgyýetçilik durnuklylygyny üpjün etmekde, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň esaslaryny öz döredijilikli zähmetleri bilen berkidýän raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny gyşarnyksyz berjaý etmegiň we hemmetaraplaýyn goramagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň, neşe serişdelerine we psihotrop maddalaryna garaşly adamlara kömek bermegi boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin milli maksatnamanyň” çäklerinde geçirilýän işleriň möhümdigini aýratyn nygtady.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, şunda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň 6 aýyndaky işleriniň netijelerini jemlemek bilen çäklenilmän, bu edaralary ýakyn geljekde ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem kesgitlenendigini aýtdy hem-de mejlise gatnaşan ýolbaşçylara şahsy düzümiň arasynda watançylyk terbiýeçilik işine aýratyn üns bermegi, işgärleriň hünär ussatlygynyň ýokarlandyrylmagyna, şeýle hem olaryň özlerine ynanylan ugurlardaky işleriň ýagdaýy üçin jogapkärçiliginiň artdyrylmagyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň ünsüni olaryň öňlerinde goýlan wezipeleri takyk ýerine ýetirmegiň hem-de harby we hukuk özgertmelerini geçirmäge jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigine çekdi. Şol özgertmeleriň çäklerinde harby we hukuk goraýjy düzümleriň işini gyşarnyksyz kämilleşdirmäge, watançylyk, terbiýeçilik işlerini güýçlendirmäge we olaryň şahsy düzümleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga tarap ugur alyndy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler boýunça maksatnamalary amala aşyrmakda ajaýyp üstünlikleri gazanýan zähmetsöýer halkymyzyň parahat, asuda we abadan durmuşyny goramagyň harby gullukçylaryň we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň mukaddes borjy bolup durýandygyny aýratyn nygtap, merdana ata-babalarymyzyň edermenlikleri bilen ruhlanan türkmen esgerleri üçin öz halkymyza we ata Watanymyza gulluk etmekden belent bagtyň ýokdugyny belledi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň geljekde-de özleriniň gulluk borçlaryny halal ýerine ýetirip, garaşsyz döwletimiziň, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşantlaryny goşjakdygyna, bu edaralaryň sazlaşykly işiniň ýurdumyzda parahatçylygy we durnuklylygy saklamaga, ýurdumyzy ösüşiň täze sepgitlerine çykarjak Türkmenistanyň düýpli özgertmeler ýoly bilen has-da ilerlemegi üçin şertleri üpjün etmäge gös-göni ýardam etjekdigine ynam bildirip, bu ýere ýygnananlara öz öňlerinde goýlan wezipeleri berjaý etmekde üstünlikleri gazanmagy, bagt, abadançylyk arzuw etdi.