Şu gün ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça dowam edýän IVAziýa oýunlarynda futzalyň türkmen ussatlary Aziýanyň häzirki çempiony – Ýaponiýanyň ýygyndysy bilen duşuşyp, ajaýyp oýunlary bilen köpleri haýran galdyrdylar. Ýokary hünär derejeli taý boks boýunça ýörite duşuşykda bolsa biziň türgenimiz ynamly ýeňiş gazandy.
Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky oýun hakyky sport bäsleşigine öwrüldi. Çünki duşuşygyň netijesi kimiň çärýek final tapgyryna çykjakdygyny çözýärdi. Şonuň üçin toparlaryň ikisi-de ähli ukybyny görkezdi.
Biziň garşydaşlarymyzyň ýokary derejesinde garamazdan, türkmenistanlylar özleriniň garşydaşlaryndan peslär ýaly däldigini subut etdiler. Emma duşuşygyň birinji ýarymy jogapsyz iki pökgüni geçiren ýapon futzalçylarynyň peýdasyna tamamlandy.
Ýöne duşuşygyň ikinji ýarymy oýnuň barşyny üýtgetdi. Türkmen türgenleri meýdançada has dogumly çykyş edip, tiz wagtda bir jogap pökgüsini tora girizdiler. Biziň ildeşlerimiz dörän islendik amatly pursatda garşydaşyň derwezebanynyň ussatlygyny synadylar. Ol özüniň hakyky ussatlygyny görkezdi.
Türkmenistanlylara diňe bir duşuşygyň deňme-deň tamamlanmagynyň ýeterlikdigini bellemek gerek. Şeýle bolanda biziň toparymyz pökgi tapawudy boýunça oýunlaryny dowam edip bilerdi. Emma ýaponlar biziň toparymyzyň derwezesine ýene bir pökgi geçirdi.
Şeýle-de bolsa Türkmenistanyň ýygyndysynyň futzalçylary hüjümlerini dowam etdiler. Yhlas ýerine düşüp, duşuşygyň tamamlanmagyna 1 minut galanda türkmen türgenleri ýene bir pökgüni tora girizdiler. Netijede, duşuşyk 3:2 hasabynda Ýaponiýanyň ýygyndy toparynyň peýdasyna tamamlandy.
Döwletmyrat Annaýewiň türgenleriniň futzal boýunça ýaryşlarda umumy çykyşyny jemlemek bilen, ony örän şowly diýip atlandyrmak bolar. Birinjiden, geçirilen üç duşuşykdan (biri ýoldaşyk) türkmen topary Aziýanyň iň ýokary derejeli ýygyndysyndan ýeňlip, biziň türgenlerimiz dessine özlerini iň gowy tarapdan görkezmek bilen şeýle wekilçilikli foruma ilkinji gezek gatnaşýarlar.
Ikinjiden, güýçli toparlar bilen oýnamak bilen, türkmen futzalçylary uly tejribe topladylar. Şonuň üçin Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň Ýaponiýanyň ýygyndy topary bilen geçirjek nobatdaky duşuşygyna oýnuň nähili tamamlanjakdygyna baha berip biljek tapylmasa gerek.
Taý boksy boýunça ýörite tutluşykda biziň ýurdumyzdan türkmenabatly 20 ýaşly sport ussady Usman Ýoldaşow çykyş edip, 63,5 kilograma çenli agram derejesinde ussatlaryň düzgünleri boýunça bäsleşdi. Aziadada sportuň bu görnüşi boýunça bäsleşikler tamamlandy, emma Oýunlary guraýjylar her topardan özlerini has tapawutly görkezen türgenlere ýene bir mümkinçilik bermek kararyna geldiler.
Türkmen türgeni bilen Palestinadan gelen boksçy Mohammed Zougan bäsleşdi. Bäsleşik bary-ýogy bir raund dowam etdi. Biziň watandaşymyz tutuş raundyň barşynda öňdeligi elde saklady we palestinaly boksçyny hatda nokdauna hem sezewar etdi. Duşuşygyň ikinji böleginiň başynda türkmenabatly boksçynyň ýeňşiniň möhletinden öň ykrar edilmegi bilen baglylykda tutluşyk saklandy.
Bu ýeňiş biziň ýygyndy toparymyza ilkinji tapawutlandyryş nyşanyny—ýörite kubogyny getirdi. Şeýle-de bolsa ýaryşlar dowam edýär, şonuň üçin hem türkmen türgenlerine tapawutlanmak üçin mümkinçiligiň ençeme gezek dörejekligi şübhesizdir. 3-nji iýulda kikboksing boýunça bäsleşikler badalga alýar. Sportuň bu görnüşinde biziň türgenlerimiziň dördüsi—Gurban Bekhanow /57 kilograma çenli/, Tahyr Şaýmanow /71 kilograma çenli/, Şöhrat Hallyýew /63,5 kilograma çenli/ we Allamyrat Annamyradow /81 kilograma çenli/ çykyş edýärler. 4-nji iýulda bolsa olara göreşiň ussatlary – Aýna Jumakulyýewa /57 kilograma çenli /, Nasiba Surkiýewa /63 kilograma çenli /, Muhammet Temirow /73 kilograma çenli/, Serdar Jümmiýew /81 kilograma çenli / we Nuraly Ýalkabow /90 kilograma çenli/ goşular.
2-nji iýulda “Dowon” suw merkezinde biziň ýüzüjilerimiz sportuň bu görnüşiniň birnäçe ugurlarynda finala çykmak üçin bäsleşerler.
Ýeri gelende ýatlasak, ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlary 6-njy iýulda tamamlanýar. Şol gun ýapylyş dabarasynda Oýunlaryň baýdagy Türkmenistana gowşurylar, çünki 2017-nji ýylda biziň ýurdumyz V Aziýa oýunlaryny kabul eder. Bu oýunlar paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurulýan Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda geçiriler.