Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda Bütindünýä Uniwersiada –2013-iň şäherçesiniň meýdançalarynyň birinde ýerleşen Flagştoklar alleýasynda türkmen sport wekiliýetini resmi garşylamak çäresi we Türkmenistanyň Döwlet tuguny galdyrmak dabarasy geçirildi.
Dünýäniň sport ýaryşlarynyň Olimpiýa oýunlaryndan soň, ähmiýeti we möçberi boýunça ikinji derejede bolan Uniwersiadada öz Watanyna wekilçilik etmek ýaly uly hormat düşen türkmen döwletiniň wekiliýetini Kazandaky Uniwersiada şäherçesiniň wise-meri Inessa Ýarullina mübärekledi.
-Biz şu medançada Uniwersiada gatnaşyjy ýurtlaryň milli baýdaklarynyň galdyrylmagyna köp taýýarlyk gördük. Ine bu gün bolsa biz baýdaklary resmi taýdan galdyrmak dabarasynda Türkmenistanyň wekilýetini mübäreklemäge şatdyrys--diýip Uniwersiada-2013 şäherçesiniň wise-meri belledi hem-de türkmen türgenlerine Kazandaky sport ýaryşlarynda ajaýyp ýeňişleri arzuw etdi.
Uniwersitet spotunyň halkara federasiýasynyň (FISU) düzgünleri boýunça Uniwersiadalarda ýeňijileriň hormatyna ýerine ýetirilýän “Gaudeamus” talyplar senasynyň owazy astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy belende galdyryldy. Şu günden şeýläk biziň Watanymyzyň ýaşyl tugy Tatarystanyň paýtagtynyň asmanynda 2013-nji ýylda talyplaryň bütinüdünýä oýunlarynyň ýapylyşyna çenli parlap durar.
Kazandaky Uniwersiada şäherçesinde Türkmenistanyň Döwlet tugunyň galdyrylyş dabarasy hakyky baýramçylyga öwrüldi. Tatarystan Respublikasynyň döwlet ansamblynyň artistleriniň ajaýyp çykyşlary onuň üstüni ýetirdi. Olar halk tanslaryny ýerine ýetirip, türkmen türgenlerini mübäreklediler.
6-njy iýula çenli, ýagny ýaryşlaryň başlanjak gününe çenli bu ýerde talyp oýunlaryna gatnaşyjy beýleki ýurtlaryň hem baýdaklary galdyrylar. Kazana 160-dan gowrak döwletden türgenler ýygnanarlar. Munuň özi Uniwersiadalaryň geçirilen ähli döwürleriniň içinde iň ýokary derejedir.
Şu gün baýdak galdyryş dabarasyna türkmen türgenleri bilen birlikde Trinidadyň we Tobagonyň wekilýetleri hem gatnaşdy.
Kazanda bolýan türkmen türgenleriniň iň ýokary dereje boýunça üpjün edilmegi döwlet tarapyndan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary gazanylanlar sportuny ösdürmäge berilýän ägirt uly ünse şaýatlyk edýär. Uniwersiada –2013-de Milli nyşanymyz – Döwlet gerbimiz şekilendirilen biziň türgenlerimiziň sport lybasy hemme ýerde tanalýar. Biziň milli ýygyndymyzyň ýaşaýyş jaýlaryny hem Türkmenistanyň ýaşyl baýdaklary bilen aňsat tanamak bolýar.
XXVII Bütindünýä tomusky Uniwersiadada biziň Watanymyza sportuň on görnüşi boýunça ýurdumyzyň talyplarynyň iň gowularynyň içinden saýlanan türgenler wekilçilik eder. Olar Dünýä, Aziýa çempionatlarynda we beýleki abraýly halkara ýaryşlarynda eden çykyşlarynyň netijeleri boýunça berk talaplar esasynda saýlanylyp alyndylar. Türkmen toparynyň häzirki düzüminde ozal iri halkara ýaryşlarynda hormat münberine çykmak nesip eden türgenlerem bar. Şeýle üstünligi geçen ýyl sambo boýunça dünýä çempiony Gülbadam Babamyradowa (52 kilograma çenli agramda), göreşiň bu görnüşinde dünýäniň wise-çempiony Gülnar Haýytbaýewa (64 kilograma çenli) , agyr atletika boýunça talyplaryň arasynda dünäý ýaryşynyň bürünç medalynyň eýesi Hojamuhammet Toýçyýew (105 kilogramdan ýokary) we birnäçe beýleki türgenler gazandylar.
2013-nji ýylyň Uniwersiadasynda Türkmenistanyň wekilýeti Watanymyzyň sport abraýyny has-da ýokary götermegi meýilleşdirýärler. Ony ösdürmek meseleleriniň çözülmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gönüden-göni gatnaşýar. Şonuň netijesinde olimpiýa hereketini, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sportda beýik gazanylanlary ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasytynyň derejesine göterildi. Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda milletiň beden saglygyna we ýaş türgenleri taýýarlamaga uly üns berilýär. Döwrebap sport desgalary ähli ýerlerde gurulýar, şol sanda 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri boljak Olimpiýa şäherçesi döredilýär.
Ertir türkmen türgenleri XXVII Bütindünýä talyp oýunlaryna taýýarlyklaryny dowam ederler. Uniwersiadanyň ody 6-njy iýulda boljak açylyş dabarasynda ýakylar. Ol 45 müň tomaşaçy orunlyk ýörite gurlan “Kazan-Arena” stadionynda bolup geçer.