Şu gün Serdarabat etrabynyň Guşçular obasynda gurlan 365 orunlyk häzirki zaman sport mekdebi oba ýaşlary üçin gapylaryny giňden açdy. Täze desga ýurdumyzyň welaýatlaryny özgertmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde guruldy.
Sport toplumynyň açylyşy dabaraly baýramçylyk ýagdaýynda geçdi. Aýdyň nyşanlar bilen bezelen sport mekdebiniň binasynyň öňüni oba ýaşlaryny ajaýyp sowgat bilen gutlamak üçin welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular, oba ýaşaýjylary ýygnandylar. Bu ýerde aýdym-saz ýaňlandy, döredijilik toparlary horeografiki çykyşlary ýerine ýetirdiler, türgenler öz görkezme çykyşlarynda ussatlyklaryny görkezdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz aladasy netijesinde häzirki wagtda bütin ýurdumyzda, şol sanda Lebap welaýatynda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmek we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi, onuň maddy - enjamlaýyn binýady gyşarnyksyz pugtalandyrylýar diýlip, dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda nygtaldy. Soňky ýyllarda Amyderýa jülgesinde täze häzirki zaman sport desgalarynyň onlarçasy işe girizildi, olarda başarjaň türgenler taýýarlanylýar. Dabara gatnaşyjylar ösüp gelýän ýaş nesil hakynda, türkmen halkynyň abadançylygy hakynda edýän ýadawsyz aladasy üçin milli Liderimize çäksiz hoşallyk bildirdiler.
Täze sport toplumy häzirki zaman timarlaýyş serişdelerini we tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri üçin häsiýetli bolan özboluşly binagärlik usulynda guruldy. Ýerli hususy kärhananyň täze desgany guran iň gowy gurluşykçylaryna dabaranyň barşynda gymmat bahaly sowgatlar gowşurdylar.
Oba sport merkezinde çagalara we ýaşlara sport ussatlygynyň esaslaryny öwretmek hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça köpçülikleýin ýaryşlary we bäsleşikleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Mekdepde sportuň oýnalýan görnüşleri üçin uly zal, boks, göreş, küşt, şaşka we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak üçin kiçi zal, ýörite abzallar bilen enjamlaşdyrylan türgenleşik zaly bar. Toplumda gulluk jaýlary, tälimçiler üçin otaglar, lukmançylyk nokady, suwa düşülýän we beýleki durmuş toplumlary, howany şemallatmagyň, ýylylyk, suw, energiýa üpjünçiligiň özbaşdak ulgamy göz öňünde tutuldy. Bir söz bilen aýdylanda ýaş türgenleriň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak, oba ýaşlarynyň boş wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmegi üçin ähli şertler döredildi.
Munda başga hem dürli derejedäki ýaryşlary geçirmek üçin mekdebiň çäklerinde ýerleşen açyk sport şäherçesi göz öňünde tutuldy, onda oňat enjamlaşdyrylan woleýbol, basketbol, ýeňil atletika meýdançalary, futbol meýdançasy, tennis korty ýerleşýär. Sport toplumynyň çäkleri abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga öwrüldi.