Şu gün ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynyň dowamynda kuraş göreşi boýunça geçirilen bäsleşiklerde türkmen türgenleri kümüş medallaryň ikisine mynasyp boldular. Şeýle hem kikboksing boýunça ýarym final bäsleşiklerinde biziň türgenlerimiziň ikisi ýarym final oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Şeýlelikde iň bolmanda ýene-de iki bürünç medaly eýelemäge türkmen türgenlerinde mümkinçilik bar.
73 kilogram agram derejede çykyş edýän halkara derejeli sport ussady, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň birinji ýyl talyby Muhammet Temirow we ýurdumyzyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň türgeni Aýna Jumakulyýewa (52 kilogram çenli agramlyk derejede) wise-çempionlar boldular. Olar sportuň bu görnüşi bilen Türkmenabadyň sport göreşi mekdebinde tälim alyp başladylar. Olara Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Baýram Halyllaýew sportuň bu görnüşiniň inçe tilsimlerini öwretdi. Häzirki döwürde bu türgenler Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Ata Adaýewiň we Dörtguly Tejenowyň elinde tälim alýarlar.
M.Temirow halkara derejesinde geçirilýän köpsanly ýaryşlara gatnaşyp, birnäçe gezek ýeňiş gazandy. Onuň ýeňişleriniň hatarynda 2009-njy ýylda geçirilen kuraş göreşi boýunça dünýä çempionatynda gazanan altyn medalyny we sambo boýunça Aziýanyň häzirki çempiony dien derejesini agzamak bolar. Ine, ol ýene-de bir baýrakly orny eýeledi.
Muhammet öz agram derejesinde üç bäsleşige gatnaşdy. Türkmenistanly türgen çärýek final oýunlarynda wýetnamly türgen T.Trandan üçtün çykyp, ýeňiş gazandy. Soňra gazagystanly türgen Z.Nazarowy ynamly ýeňmegi başardy. Aýgytlaýjy bäsleşikde bolsa eýranly pälwan Ali Akbariden asgyn geldi. Şeýlelikde, bu gezek Aizada oýunlarynda Türkmenistanyň türgenleriniň baýraklarynyň üstüni ýene-de bir kümüş medal ýetirdi.
A.Jumakulyýewa hem sport göreşiniň birnäçe görnüşleri boýunça sport ussady hasaplanylýar. Ol hem birnäçe gezek halkara sport ýaryşlarynda biziň ýurdumyzyň sport abraýyny gorady we ýokary netijeleri gazanmagy başardy. Bu gezek ol üç bäsleşige gatnaşdy. Onuň ikisinde ýeňiş gazanmagy başardy. Ilki bilen Aýna tailandly türgen S.Inkladdan çärýek finalda ýeňiş gazandy we finala çykmak ugrunda geçirilen bäsleşikde Taýbeýadan gelen türgen Ý.Keden üçtün çykdy. Ýöne aýgytlaýjy bäsleşikde wýetnamly türgeni ýeňip bilmedi. Şelelikde, türkmen türgenleri ikinji kümüş medaly eýelediler.
Kikboksing boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynda iki medalyň boljakdygyny ýatladýarys. Ýöne olaryň kümüşmi ýa-da bürünçdigini kesgitlemek galýar. Şu gün Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, kikboksing Milli Federasiýasynyň başlygy Aleksand Snagowskiniň elinde tälim alan we 57 kilograma çenli bolan agram derejede çykyş edýän Gurban Bekihanow hem-de 63,5 kilograma çenli bolan agram derejede çykyş edýän Şöhrat Hallyýew tapawutlandylar. Olaryň ikisi-de uly utuk bilen ynamly ýeňiş gazandylar. Munuň özi türgenlerde final bäsleşiklerine çykmaga uly ynam döreder.
Gurbanyň Yrakdan gelen pälwan Al Balhawi Muhammed Mutar Abdullah bilen bolan bäsleşigi ýeňil bolmady. Ýöne, öz garşydaşynyň ähli emellerini ussatlyk bilen öwrenen türkmenistanly türgen düşege çykanda ynamly çykdy. Ol bäsleşigiň ilkinji pursatlaryndan başlap, garşydaşyň ähli hüjümlerini yzygiderli serpikdirmegi başardy. Ýaryşyň üç tapgyry hem şunuň ýaly ýagdaýda geçdi. Netijede eminler biragyzdan türkmen türgeniniň ýeňiş gazanandygyny yglan etdiler. K.Bekhanow ýarym finalda Mongliýadan gelen has tejribeli türgen Bi Namjelma bilen güýç synanyşar.
Gurbanyň bäsleşigi mongoliýaly türgen bilen boljak duşuşyk bilen tamamlanar. Ş.Halylýew bolsa şu günki bäsleşikde mongoliýaly türgen bilen güýs synanyşdy. Mongoliýanyň kikboksing boýunça mekdebiniň halkara sport giňişliginde iň gowylarynyň biridigini bellemeli. Munuň şeýledigini Koreýada geçirilen şu gezekki Aziada subt etdi. Mongoliýaly türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşikleriň hemmesi diýen ýaly olaryň peýdasyna tamamlandy.
Ýöne, aşgabatly türgen Şöhrat Hallyýew mongoliýaly garşydaşyna hötde gelmegi başardy. Ol diňe bir ýarym final çykmak bilen çäklenmän, eýsem hormat münberine çykmaga bolan ynamyny pugtalandyrdy. 5-nji iýulda geçiriljek final oýnunda biziň türgenimiz Aziýanyň we dünýäniň häzirki çempiony WBKF we W5 K-1 bölümi boýunça dünýäniň Interkontinental çempionatynyň ýeňijisi gyrgyzystanly Alekseý Fedoseýew bilen duşuşar.
Şeýle hem şol gün Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynyň medallary ugrunda kuraş göreşi boýunça geçiriljek bäsleşiklere halkara derejeli sport ussady Serdar Jümmiýew (81 kilograma çenli agramlyk derejede), Nuraly Ýalkabow (90 kilograma çenli agramlyk derejede) gatnaşarlar. 6-njy iýulda bolsa oýunlaryň ýapylyş gününde medallar ugrunda bäsleşiklerde türkmen türgenleriniň iň ussatlarynyň biri, Olimpiýa oýunlarynyň üçüsine (2000 ý., 2004 ý. we 2008 ý.) gatnaşan, kuraş göreşi, dzýudo, sambo we sumo boýunça halkara derejeli sport ussady Nasiba Surkiýewa öz ukybyny görkezer.