Şenbe güni Tatarystanyň (Russiýa Federasiýasy) paýtagtynda XXVII Bütindünýä tomusky Uniwersiadanyň alawy ýakylar. Ol dünýäniň dürli künjeklerinden gelen müňlerçe adamlary bir ýere jemledi. Iki ýyldan bir gezek geçirilýän bu ägirt uly sport baýramçylygyna dünýäniň talyp sportunyň iň gowy wekilleri gatnaşýarlar. Kazanda geçirilýän Bütindünýä talyplar ýaryşlarynda türkmen türgenleri hem öz ukyp - başarnyklaryny görkezerler. Munuň özi ýurdumyzyň sportunyň taryhynda täze sahypany açar.
Indi köp ýyllaryň dowamynda uniwersiada talyplaryň esasy bäsleşikleri bolmak bilen, ol özüniň möçberi we ähmiýeti boýunça Olimpiýa oýunlaryna barabardyr. Adatça Bütindünýä Uniwersiadasyna gatnaşyjylaryň 60 göterimine golaýy olimpiýa oýunlarynda çykyş edýärler. Şunlukda talyplaryň arasynda guralýan bu gezekki bäsleşiklere 150 töweregi ýurtdan türgenleriň 10 müňe çenlisi gatnaşýar. Olar 300-den gowrak medallar ugrunda güýs synanyşarlar.
Ilkinji Bütindünýä tomusky Uniwersiadasy 1959-njy ýylda Italiýanyň Turin şäherinde geçirildi. Şonda guralan bäsleşiklere dnýäniň 45 ýurdundan ýaş türgenleriň 965-si gatnaşdy. Hasap boýunça häzirki 27-nji oýunlar köp görkezijiler boýunça rekord netijeleri görkezer.
Uniwersitet sportunyň Halkara federasiýasynyň şu gün Kazanda geçirilen Baş assambleýasynyň düzümine milli talyp sporty assosiasiýalarynyň 163-si girýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň talyplary hem bar. Assambleýada oýunlara gatnaşyjylar boýunça birnäçe maglumatlar aýan edildi. Şeýlelikde, Uniwersiada-2013-e türgenleriň 13500-si we dünýäniň 162 ýurdundan resmi toparlaryň wekilleri gatnaşarlar. 2296 eminler ýaryşlara eminlik ederler. Sportuň 27 görnüşi boýunça medallaryň 351 toplumy goýlar. Sportuň görnüşleriniň 13-si hökmany bäsleşikler bolup, 14-si bolsa ýaryşyň maksatnamasyna goşmaça girizildi.
Tatarystanyň paýtagty Bütindünýä talyp oýunlaryny geçirmek hukugyna bäş ýyl mundan ozal mynasyp boldy. 2008-nji ýylyň 31-nji maýynda Brýusselde uniwersitet sportunyň Halkara federasiýasynyň Baş assambleýasynyň ýerine etiriji komitetiniň agzalarynyň 27-sinden 20-si Kazan üçin ses berdi. Şonda Kazan Ispaniýanyň Wigo we Koreýa Respublikasynyň Kwanju şäherlerinden öňe düşdi. Tatarystanyň paýtagty ilkinji gezek 2007-nji ýylda 2011-nji ýylda Uniwersiada geçirilmegine dalaşgärlik etdi. Ýöne şonda Hytaýyň Şençžen şäheri saýlanyp alyndy. Şondan bir ýyl geçenden soň Kazan bu hukuga eýe boldy.
Şol döwürden bäri Tatarystanyň paýtagtynda ägirt uly işler bitirildi, şäheriň keşbi özgerdi. Halkalaýyn ulag ýollary, metro beketleri, iň ýokary halkara derejesindäki talaplara laýyk gelýän sport desgalary guruldy. Kazanyň howa menziliniň durky täzelenildi. Üç ýylyň dowamynda şäherdäki myhmanhanalaryň sany ep-esli artdy. Şeýlelikde, 28 ýaşaýyş jaýdan ybarat bolan Uniwersiadanyň ajaýyp şäherçesi emele geldi. Onuň umumy meýdany 53 gektar bolup, ýaşaýyş jaýlarynyň eýeleýän çägi 274 müň inedördül metre barabardyr. Onda birbada 14 müňe golaý adam ýaşamak üçin şertler döredilipdir. Türgenleriň şäherçesi 20-nji iýula çenli hereket eder.
Türkmen türgenleri şu dört günüň dowamynda bu künjegiň ähli şertleri, howa ýagdaýy bilen öwrenişdiler. Türkmen Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň sport lukmançylygy fakultetiniň dekany, fiziologiýa kafedrasynyň mugallymy Batyr Gurbangulyýew türkmen türgenleriniň saglyk ýagdaýyna we olaryň beden gurluşyna yzygiderli gözegçilik edýär. Türgenler bäsleşikleriň öňüsyrasynda türgenleşik işlerini güýçli depginde alyp barýarlar.
Bu ýerde myhmanlar, ilkinji nobatda bolsa türgenler üçin ýokary derejeli şertleriň döredilendigini bellemeli. Türgenleriň ýaşaýan şäherçesinde elektromobiller, welosipedler, lukmanlyk merkezi, dermanhana, naharhana, dynç alyş zolagy, şeýle hem dini dessurlary ýerine ýetirmek üçin merkez bu ýere gelenleriň hyzmatynda. Bu ýerde her bir topara birnäçe ýerli wekiller berkidildi.
Türkmen türgenleriniň bu ýerde geiriljek ýaryşlarda şowly çykyş edip, ýurdumyzyň sport abraýynyň belende galmagyna ýardam berjekdigine ynam etse bolar. Çünki biziň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň ýolbaşçylyk etmeginde sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösdürilmegine ägirt uly üns berilýär. Köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sagaldyş hereketiniň we sportuň ýokary gazananlarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleler Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Biz üçin tutuş ýurdumyzyň janköýerlik edýändigine ynanýarys we tolgunýarys diýip, boks boýunça 2010-njy ýylda Singapurda geçirilen birinji ýetginjekler Olimpiýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi we Aziýa çempionatynyň bürünç medalyna mynasyp bolan, Londonda geçirilen Olimpiada-2012-ä gatnaşyjy Nursäher Pazzyýew söze başlady. Öz janköýerleriň öňündäki jogapkärçilige düşünmek duýgusy, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sporty ösdürmek meselelerine berýän ägirt uly ünsi, biziň güýjümize güýç goşýar we biziň ýeňşe bolan ynamymyzy berkidýär diýip, ol belledi.
Şu gün Tatarystanyň paýtagtynda Bütindünýä Uniwersiadasy mynasybetli guralan täze 45 müň orunlyk “Kazan-arena” stadionynda talyp oýunlarynyň açylyş dabarasynyň esasy taýýarlyk çäresi geçirildi. Onuň ägirt uly möçberi dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrjakdygy gürrüňsizdir.