Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 680
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň gün tertibini yglan edip, milli Liderimiz Oraza aýynyň ýetip gelýändigini belledi. Oraza aýy biziň halkymyz üçin mukaddes aýdyr. Mukaddes Oraza aýynyň her bir güni ýagşy umyt-arzuwlara, haýyr-sahawata, ynsanperwer we sogap işlere beslenýär. Bular barada nygtamak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti bu ýere ýygnananlary we olaryň üsti bilen ýurdumyzyň ähli halkyny mübärek Oraza aýynyň ýetip gelmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. “Siziň mukaddes Oraza aýynda berkarar Watanymyzyň asudalygy we abadançylygy, mähriban halkymyzyň parahat we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin etjek doga-dilegleriňiz, namaz-orazaňyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Milli Liderimiz şeýle hem mejlise gatnaşyjylara we ähli türkmenistanlylara ýagşy niýetleriň we rehim-şepagatyň keremli aýy bolan Oraza aýynda ähli umyt-arzuwlarynyň hasyl bolmagyny, berk jan saglygyny, egsilmez bagt we uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, söwda-dokma toplumyny ösdürmegiň pudaklaýyn maksatnamasyny amala aşyrmagyň barşy hakynda hasabat berdi. Hususan-da, Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalaryny pagta süýümi bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dokma senagatynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, ykdysady ösüşiň durnukly depginlerini üpjün etjek we ähli derejelerde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrjak ösüşiň çemeleşmelerini we usullaryny işläp taýýarlamagyň meselelerine ünsi çekdi.

Häzirki wagtda döwrebap dokma, tikinçilik tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, pagta süýümini has düýpli gaýtadan işlemek, öndürilýän önümleriň görnüşlerini täzelemek we hilini ýokarlandyrmak, sarp ediş bazarlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak bu ulgamdaky esasy wezipeler bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Dokma senagatynyň kärhanalaryna pagta süýüminiň iberilmegine berk gözegçiligi üpjün etmek barada aýdyp, milli Liderimiz şu we onuň bilen utgaşýan pudaklaryň ykdysady işjeňligini ýokarlandyrmak maksady bilen, gaýtadan işleýän senagatyň hajatlaryny we serişdelerini öwrenmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň /EKOSOS/ Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde 1-nji iýulda açylan ýokary derejedäki maslahatynyň işine biziň ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagynyň jemleri barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan geçen ýylyň noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň esasy edaralarynyň biri bolan EKOSOS-yň düzümine 2013-2015-nji ýyllar döwri üçin saýlandy. Biziň ýurdumyz şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, şonuň bilen bagly wezipelerini ýerine ýetirmäge girişdi. Mejlisiň çäklerinde Türkmenistan BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň başlygynyň orunbasary hökmünde bu düzümiň geçirýän degişli işleri hakynda hasabat bilen çykyş etdi. Şunuň bilen bir hatarda, forumda garalan ylym, innowasiýalar we tehnologiýalar ýaly möhüm ugurlara degişli bolan meselere uly üns berildi. Mejlisde şeýle hem Türkmenistanyň milli hasabaty bilen tanyşdyryldy. Onda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri beýan edildi. Hasabatda şeýle hem döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňe sürlen hem-de ykdysadyýet, energetika, ekologiýa ýaly möhüm pudaklarda möhüm meseleleri çözmegi hem-de giň oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýän halkara başlangyçlary öz beýanyny tapdy.

Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun, şeýle hem BMG-niň birnäçe esasy düzümleriniň – UNESKO-nyň, BSG-niň, ÝUNKTAD-yň, BMG ÝEK-niň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary boldy. Şeýle hem beýleki abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda MOM-yň, MSAT-yň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň sebitleýin we giň möçberli häsiýetdäki möhüm meseleleri çözmegi, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagy, dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýän döredijilikli başlangyçlaryny hem-de tekliplerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek mynasybetli halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary gyzyklanyp ara alyp maslahatlaşmagyň meselesi boldy.

2015-nji ýyldan soňky döwür üçin halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň milli hasabatyny taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hem hasabat berildi. Şu maksatlarda biziň ýurdumyzda ösüşiň giň möçberli maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek boýunça BMG-niň howandarlygynda milli geňeşmeler geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan şeýle çäreleri geçirmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde seçilip alnan ýurtlaryň toparyna girýär.Tutuşlygyna alnanda, meýletinçi ýurtlaryň düzüminde dünýäniň 88 döwleti bar. Şu ýylyň ýanwarynda ýokarda agzalyp geçilen mesele boýunça Milli maslahatlaşmalaryň meýilnamasyny işläp taýýarlan bilelikdäki Türkmenistan-BMG Iş topary döredildi. Şolaryň netijeleri boýunça Milli hasabat görnüşinde resmileşdirilen ýurdumyzyň teklipleri taýýarlanyldy. Ol degişli tertipde tassyklanandan soň, BMG-niň Sekretariatyna iberiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan-BMG hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýetini nygtady. Birleşen Milletler Guramasynyň esasy düzümleri we edaralary bilen depginli ösýän hyzmatdaşlyk munuň aýdyň tassyklanmasy bolup durýar, şol hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykdy. Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň düzümine saýlanmagyna örän çynlakaý hem-de jogapkärli çemeleşýär we onuň işine has işjeň gatnaşmagy maksat edinýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Milli Liderimiz biziň ýurdumyzyň “açyk gapylar” syýasatyna hem-de giň oňyn halkara hyzmatdaşlygyna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklap, Bitarap Türkmenistanyň geljekde-de BMG bilen netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrjakdygyny we giňeltjekdigini aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, türkmen döwleti BMG bilen hyzmatdaşlyga degişli meselelere başlangyç görkezip çemeleşýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Türkmenistan häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmegiň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, bu ugurda anyk, yzygiderli çäreleri görmek bilen, öz parahatçylygy üpjün ediji we döredijilikli mümkinçiliklerini ähli adamzadyň gullugyna goýmaga, BMG tarapyndan jar edilen Müňýyllygyň ösüş maksatlaryny /MÖM/ gazanmaga hemmetaraplaýyn ýardam etmäge çalyşýar. Biziň ýurdumyzyň MÖM-niň hereket edýän döwrüniň tamamlanýan wagty bolan 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin giň möçberli gün tertibini işläp taýýarlamaga gatnaşmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli maslahatlaşmalaryň netijeleri boýunça taýýarlanylan çykyş halkara bileleşiginiň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, ählumumy durnukly ösüş üçin göwnejaý şertleri döretmäge gönükdirilen tagallalaryna Türkmenistanyň netijeli goşandy bolar diýip belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynyň, salgyt we statistika edaralarynyň işlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler hakynda hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, wise-premýer Suw hojalyk ministrliginiň, “Türkmengallaönümleri” we “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşikleriniň maliýe-ykdysady ýagdaýlaryna geçirilen seljerme işleriniň jemleri hakynda jikme-jik habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, düzümleri ösdürmek we olaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak babatda görülýän anyk çäreler beýan edildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ähli bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň köp babatda maliýe ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ykdysady toplumyň edaralarynyň işine dolandyrmagyň häzirki zaman görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işleriň tizleşdirilmegine bagly bolup durýandygyny belledi. Milli Liderimiz wise- premýere ýüzlenip, degişli ulgamda ýolbaşçy işgärleriň hünär ussatlygyny kämilleşdirmegiň we jogapkärçiligini ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumynyň käbir ministrlikleriniň we edaralarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak bilen bagly meseläniň örän wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň kanunlaryny kämilleşdirmek, hususan-da, täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri hakynda habar berdi. Habar berlişi ýaly, deputatlar kanun çykaryjylyk işleri bilen bir hatarda, ýerlerde öz saýlawçylary bilen yzygiderli duşuşyklary geçirýärler, düşündiriş işleriniň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.

Milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak babatda Mejlisiň geçirýän işleriniň möhümdigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň, şeýle hem halkara kadalarynyň we ülňüleriniň esasy maksatlaryna laýyklykda kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek işine ünsi çekdi. Deputatlaryň döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda eýeleýän orny barada aýtmak bilen, milli Liderimiz parlamentariler hemişe wakalaryň jümmüşinde bolup, öz ygtyýarlyklaryny netijeli amala aşyrmalydyrlar we ýaş nesli terbiýelemek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça işlere işjeň gatnaşmalydyrlar diýip belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gurluşyk we energetika pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmenistanda durmuş-ykdysady ähmiýetli desgalary bina etmek boýunça işleriň barşy, şol sanda milli Liderimiz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe täze taslamalary hödürledi hem-de Aşgabady mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, şol sanda paýtagtda bina edilýän bäş ýyldyzly myhmanhana barýan uzynlygy 2 890 metr bolan awtomobil ýolunyň gurluşygy boýunça amala aşyrylýan işler barada habar berdi.

Ýol gurluşyk pudagyndaky maksatnamalaryň ýerine ýetirilişiniň ilkinji nobatdaky wezipelerine ünsi çekip, Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda ýollaryň, estakadalaryň we köprüleriň gurluşygynyň ýokary hil derejesini üpjün etmegiň, olary ýokary derejede ulanyş ýagdaýynda saklamagyň möhümdigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň binagärlik keşbini mundan beýläk-de gowulandyrmak we düzümi ösdürmek, hususan-da, täze ulag ýoluny gurmak boýunça netijeli işleri artdyrmak barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi. “Aşgabat şäherinde gurulýan bäş ýyldyzly myhmanhana barýan awtomobil ýoluny gurmak hakynda” Karara gol çekip, milli Liderimiz Aşgabat şäherinde ýaýbaňlanan şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy maksadynyň adamlaryň durmuşynyň abadançylygy, olaryň amatly durmuşy we netijeli zähmet çekmegi üçin hemme şertleriň döredilmegi bolup durýandygyny nygtady. Wise-premýere ýol gurluşygy bilen baglanyşykly birnäça tabşyryklary berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şunda ýollaryň ýokary hilli gurluşyk işlerinden başlap, ýolagçy duralgalaryna, ýol jähetlerine, ýol belgilerine, ýollary yşyklandyrmaga we bagy-bossanlyga döretmäge çenli hemme işlere toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady.

Häzirki wagtda ýurdumyzda dürli maksatly binalary we desgalary köp gurýandygymyza garamazdan, etraplaryň we şäherleriň häkimlikleriniň edara binalaryny gurmaga ýeterlik üns berilmeýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häkimlikleriň ýerleşýän edara binalarynyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmeýänligine, bu binalarda işleri talaba laýyk guramak üçin zerur şertleriň ýokdugyna, munuň bolsa ilat üçin örän köp oňaýsyz ýagdaýlary döredýändigine ünsi jemledi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Ş.Durdylyýewe şäher we etrap häkimlikleriniň täze edara binalarynyň nusgalyk taslamalaryny taýýarlamagy tabşyryp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň owadan we döwrebap bolmadygyny, işgärleriň işlmekleri üçin hem, bu ýere gelýän adamlar üçin hem oňaýly bolmalydygyny nygtady. Şeýle hem häkimlikleriň täze guruljak edara binalary şäherleriň we etraplaryň merkezinde ýerleşdirilse, maksada laýyk bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň çäkleriniň hem ep-esli giňelýändigine, köpsanly desgalaryň gurlup ulanmaga tabşyrylýandygyna ünsi çekdi.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, milli Liderimiz Awazada ähli gulluklary bolan täze etraby döretmegiň, şol sanda häkimligiň döwrebap edara binasyny gurmagyň gerekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer B.Hojamuhammedowa täze etrabyň taslamasyny taýýarlamagy we garamaga hödürlemegi hem-de taslama tassyklanandan soň, täze etrabyň çäginde göz öňünde tutulýan desgalary gurmaga girişmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda galla oragynyň barşy barada hasabat berdi. Häzirki wagtda gallaçy babadaýhanlar ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnamagy tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar. Şunuň bilen birlikde, ýerleri güýz ekişine taýýarlamak işleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar, mallar üçin ätiýaçlyk ot-iým taýýarlanylýar, gowaçanyň hatarara bejergi işleri, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we suwarmak işleri utgaşykly alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu möwsümde ýygnalan azyklyk gallanyň doly derejede saklanmagyny üpjün etmek üçin hemme zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem gowaçalara ideg edilende agrotehnikanyň kadalaryny dogry berjaý etmegiň, häzirki zaman oba hojalyk ylmynyň gazananlaryny iş ýüzünde durmuşa işjeň ornaşdyrmagyň we umuman alanyňda, oba hojalyk toplumynyň hemme pudaklarynyň ösüşine ylmy taýdan çemeleşmegiň möhümdigine wise-premýeriň ünsüni çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz şu ýylda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň Galla baýramy bilen gabat gelýändigini belledi. Şoňa görä-de, milli Liderimiz ýurdumyzyň gallaçylarynyň ýeten belent sepgitleri hem-de gazanan uly zähmet üstünligi mynasybetli, şu ýyl ýurdumyzda Galla baýramy 13-nji iýulda bellense, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol çekip, zähmetsöýer babadaýhanlaryň hormatyna tutulýan umumymilli baýramçylyk dabaralarynyň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça tabşyryklary berdi.

Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow “Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny we balyk hojalygyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasyny” we onuň çäklerinde amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň barşy hakynda hasabat berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda hojalyk desgalaryny gurmak hakyndaky” Kararyň taslamasy hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysady strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde ýangyç-energetika toplumynyň möhüm ornuny nygtap, toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň we senagat mümkinçiliklerini giňeltmegiň pudagyň ileri tutulýan wezipeleri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz nebitgaz çykaryjy we nebithimiýa pudaklarynda täze desgalaryň gurluşygynyň möhletleriniň berjaý edilişine berk gözegçiligi üpjün etmegiň wajypdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi, çünki olaryň ulanylmaga berilmegi dünýä bazarlarynda ýokary isleg bildirilýän nebit önümleriniň köp görnüşlerini öndürmegiň hem-de eksport etmegiň möçberlerini artdyrmaga ýardam eder.

Türkmenstanyň Prezidenti Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda hojalyk desgalarynyň gurulmagyny göz öňünde tutýan Karara gol çekip, ony ýerine ýetirmäge degişli birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Nurmyradowa döwlet Baştutanymyza «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň netijeleri barada hasabat berdi.

Hazaryň kenarynda giň gerim bilen geçirilen bu uly we ajaýyp baýramçylygyň türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan galkynyşyny, onuň ägirt uly döredijilik kuwwatyny şöhlelendirip, ýurdumyzyň ähli künjeklerinden, şeýle hem daşary ýurtlardan döredijilik işgärlerini bir ýere jemländigi bellenildi. Onuň çäklerinde Halkara sungat sergisi üstünlikli geçirilip, oňa dünýäniň 15 ýurdundan suratkeşleriň, zergärleriň we halk senetleri ussatlarynyň 60-dan gowragy gatnaşdylar. Şeýle hem ýurdumyzyň neşirýat-çaphana önümleriniň sergisi, türkmen halk döredijiligine bagyşlanan maslahat, kinolaryň görkezilişi, şygryýet agşamy, çagalar bäsleşigi, döredijilk çykyşlary, nusgawy sazlaryň konserti we beýleki çäreler guraldy. «Görogly» operasynyň ilkinji gezek görkezilmegi hem-de Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň bilelikdäki uly konserti aýratyn ýatda galýan wakalara öwrüldi.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Medeniýet hepdeligi köpsanly desgalaryň - kaşaň myhmanhanalaryň, oňaýly kottej şäherjikleriniň we dynç alyş merkezleriniň, ýahta klubyň açylyş dabaralaryna hem beslendi. Balkanabatda açylan “Bagt köşgi” hem şol desgalaryň hataryna girýär.

Medeniýet hepdeligi ylmy, medeni we aň-bilim işlerine, milli mirasyň giňden tanyşdyrylmagyna, halkara gumanitar hyzmatdaşlygyna, täze gatnaşyklaryň we döredijilik alyşmalaryň ýola goýulmagyna uly itergi berdi. Şol gatnaşyklar halklaryň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmegine möhüm goşant bolup, parahatçylygy, agzybirligi we rowaçlygy berkarar etmäge ýardam eder.

Şunuň ýaly giň gerimli köpçülikleýin çäräni guramakda toplanan tejribe Medeniýet hepdiliginiň 2014-nji ýylda Daşoguz welaýatynda üstünlikli geçirilmegine ýardam eder.

Wise-premýer öz garamagyndaky ulgamyň beýleki meseleleri hakynda hasabat bermek bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa 9-11-nji iýulda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk dogrusynda habar berildi. Bu medeni çäräniň çäklerinde Aşgabatda we Maryda Bolliwuddan dünýä belli aýdym-saz toparynyň çykyşlarynyň guraljakdygy aýdyldy. Hindi döredijilik wekiliýetiniň agzalarynyň Medeniýet ministrliginde duşuşyklary hem meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, myhmanlar “Gadymy Merw” taryhy-medeni goraghanasyna, Mary welaýatynyň taryhy - ülkäni öwreniş muzeýine hem-de Mary welaýat kitaphanasyna, paýtagtymyzyň muzeýlerine we beýleki ýerlerine baryp görerler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, medeniýet işgärleriniň türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan ösüşine goşýan goşandyna ýokary baha berdi. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde görkezilen «Görogly» operasy hem sungat ussatlarymyzyň ýeten ýokary derejesini görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz örän şowly çykan bu operanyň ähli tomaşaçylaryň göwnünden turandygyny belledi.

Soňra milli Liderimiz B.Nurmyradowa ýüzlenip, ýurdumyzyň teatrlarynyň sahnasynda halkymyzyň gahrymançylygyny we merdanalygyny wasp edýän operalary we beýleki sahna eserlerini geljekde hem yzygiderli goýmak, bu sahna eserlerinde türkmen halkynyň dünýä medeniýetine hem-de ösüşine goşan uly goşandyny, baý taryhy mirasyny giňden açyp görkezmek barada tabşyryk berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz wise-premýere täze sahna eserlerini döretmek bilen birlikde, ýurdumyzyň teatr işgärlerinden düzülen toparlary çykyş etmek üçin daşary ýurtlara ibermek barada görkezmeleri berdi. Aýratyn-da, sirk ussatlarymyzyň daşary ýurtlarda çykyşlaryny guramaly. Dünýäniň beýleki halklaryny biziň örän baý medeniýetimiz we ösen sungatymyz bilen ýakyndan tanyşdyrmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Öz gezeginde Aşgabatda, şeýle hem ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde aýdym-sazly çykyşlary guramak üçin, daşary ýurtlaryň medeniýet işgärlerini we sungat ussatlaryny hem çagyrmaly diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň örän oňat maddy binýady döredildi. Köpsanly Medeniýet köşkleri, teatrlaryň täze, döwrebap binalary gurlup, ulanmaga berildi. Bu binalary doly derejede netijeli ulanmagyň möhüm ähmiýeti bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Türkmenistanda Hindistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň çäklerinde meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz halkara medeni gatnaşyklaryny giňeltmek meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Soňra hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe söz berildi, ol “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 18 ýyllygyny baýram etmäge hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe, şeýle hem “Saglyk-2013” halkara sergisine we ylmy maslahata görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň hünär baýramçylygyna iri çäreleriň birnäçesiniň, şol sanda paýtagtymyzda Stomatologiýa merkeziniň we infuzion erginleri öndürýän derman kärhanasynyň, Aşgabat şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň durky täzelenen edara binasynyň ulanylmaga berilmeginiň, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Okuw-ylmy merkeziniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara saglygy goraýyş merkeziniň täze binasynyň düýbüni tutmak dabarasynyň meýilleşdirilendigi bellenildi.

Wise-premýer 20-nji iýulda paýtagtymyzyň Sergi köşgünde “Saglyk-2013” atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň öz işine başlajakdygyny hem habar berdi. Ylmy maslahatyň mejlisleri häzirki zaman lukmançylygynyň we lukmançylyk senagatynyň möhüm ugurlary boýunça bölümleriň 14-sinde geçiriler. Ylmy-amaly maslahatlar we dabaralar , köpsanly bedenterbiýe-sport hem-de medeni çäreler öňde boljak baýramçylyga bagyşlanylar, olar paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda guralar.

Hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletiniň durmuşa ugur alan syýasatynyň strategiki ugry bolup durýandygyny nygtap, bu möhüm ugurda özgertmeleri durmuşa geçirmegiň barşy bilen baglanyşykly ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti “Saglyk-2013” atly sergisini we ylmy maslahaty geçirmek meselesine geçip, häzirki döwürde ýurdumyzyň saglygy goraýşynyň öňünde duran wezipeler mynasybetli, hususan-da, pudagyň hil taýdan giň mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrmak, täze lukmançylyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ylmyň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň doly derejedäki netijeliligini gazanmak we hilini ýokarlandyrmak boýunça uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz “Saglyk--2013” atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň tejribe alyşmaga we saglygy goraýyş hem-de derman senagaty babatda iň täze işläp taýýarlamalar bilen tanyşmaga ýardam etjekdigini nygtap, bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz “Aşgabat şäherinde 670 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň binalar toplumyny gurmak hakyndaky” Karara gol çekip, ýurdumyzyň saglygy goraýşynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak meselesine ünsi çekmek bilen, ulgamyň beýleki edaralarynda hem täze häzirki zaman ylmy-kliniki merkezlerini gurmagyň zerurdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti ýolbaşçylary wezipelere bellemek we boşatmak bilen bagly resminamalaryň birnäçesine gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen G.Elýasow başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinden boşadyldy. Bu ministrligiň ýolbaşçylygyna N.Amannepesow bellenildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary A.Ýegeleýew gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk toplumlaryny has-da ösdürmek babatda ýerine ýetirilen işler hakynda hasabat bilen çykyş etdi. Ýurdumyzda täze howa menzillerini gurmak boýunça işleri amala aşyrmak bilen baglylykda, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakynda hem hasabat berildi.

“Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” we ýurdumyzda kabul edilen beýleki möhüm maksatnamalarda kesgitlenen giň möçberli wezipeleri üstünlikli amala aşyrmakda ulag we aragatnaşyk ulgamynyň eýeleýän ornunyň artýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda işi has-da kämilleşdirmegiň we talap edilýän ýokary hiliň gazanylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.

Howa ulaglarynyň düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda görkezip, döwlet Baştutanymyz bu pudagyň ösdürilmegine geljekde hem uly ähmiýet beriljekdigini aýratyn nygtady. Şu maksatlar bilen döwletimiz täze uçarlary we enjamlary yzygiderli satyn alýar, täze desgalary gurmak boýunça taslamalara maýa goýýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Öz gezeginde pudaklaýyn kärhanalar howa ulagynyň ýolagçylaryna hyzmat etmegiň ýokary derejesini gyşarnyksyz üpjün etmelidir.

Paýtagtymyzdaky halkara howa menzilini gurmagyň tehnologik işleri bilen jikme-jik gyzyklanyp, milli Liderimiz bu desganyň we beýleki pudaklaýyn desgalaryň ähli gurluşyk işlerini bellenilen tertibe laýyklykda we ýokary hilli alyp barmagyň möhümdigini aýtdy hem-de bu işde öňdebaryjy dünýä tejribesiniň we täze inženerçilik çözgütleriniň çekilmegine üns berilmelidir diýip belledi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe möhüm meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisi tamamlap, Türkmenistanyň Prezidenti oňa gatnaşyjylaryň hemmesine berk jan saglyk, abadançylyk hem-de Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.