Şu gün Türkmenistanyň sport üstünlikleriniň üsti Koreýanyň Inçhon şäherinde şu günler ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça dowam edýän IV Aziýa oýunlarynda üç medalyň gazanylmagy bilen ýetirildi. Ilkinji altyn medaly halkara derejeli sport ussady Nuraly Ýalkabow 90 kilograma çenli agramda kuraş boýunça geçirilen ýaryşda ýeňiji bolmak bilen gazandy. Sportuň şu görnüşinde kümüş medala Serdar Jümmiýew (81 kilograma çenli agramda) we aşgabatly kikboksýorçy Şöhrat Hallyýew (63,5 kilograma çenli agramda) bürünç medala mynasyp boldy. Aşgabatly kikboksingiň ýene bir ussady Gurban Bekhanow (57 kilograma çenli agramda) şu gün ýarym final duşuşykda ýeňiji boldy. Onuň bu çykyşy biziň toparymyza kümüş medala eýe bolmaga ajaýyp mümkinçilik döredýär.
IV Aziadanyň altyn medalynyň eýesi üç duşuşyk geçirdi, şonda ol Yrakdan, Eýrandan we Täjigistandan bolan örän tejribeli garşydaşlar bilen tutluşmaly boldy. Muňa garamazdan, Nuraly tutluşygyň türkmen usulyny ulanyp, ýeňiş gazanmagy başardy. Netijede bolsa uly wekilçilikli sport bäsleşiginde ol altyn medal gazandy.
Şeýle hem N.Ýalkabowyň ähli duşuşyklaryny ynamly ýeňiş bilen tamamlandygyny bellemek gerek. 23 ýaşly pälwan diňe bir kuraş boýunça däl, eýsem, sambo boýunça hem birnäçe iri ýaryşlarda ençeme gezek ýeňiji bolmak bilen, halkara sport äleminde baý tejribä eýedir. Sportuň sambo boýunça görnüşinde ol Aziýanyň häzirki çempionydyr.
Şu günki sport gahrymanyny türkmen wekiliýetiniň hemme agzalary, şeýle hem Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny Inçhon şäherinden Aşgabada geçirmek dabarasyna gatnaşyk üçin Koreýa gelen türkmen wekiliýetiniň agzalary gutladylar. Mundan başga-da, türkmen türgeniniň ajaýyp ýeňşine daşary ýurtly hünärmenler tarapyndan mynasyp baha berildi. Olar N.Ýalkabowyň ýeňşi bilen onuň halypalaryny - Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Ata Adaýewi hem-de Dörtguly Tejenowy mähirli gutladylar.
Sport ussady Serdar Jümmiýewiň gazanan netijesi hem guwandyryjydyr. Ol dört duşuşyk - Yrakdan, Wýetnamdan, Mongoliýadan we Özbegistandan bolan güýçli pälwanlar bilen bäsleşdi. Kuraş boýunça 2012-nji ýylyň Aziýa çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi Serdar ilkinji üç türgenden dessine üstün çykdy. Ýöne jemleýji duşuşykda Özbegistanyň toparynyň wekilinden asgyn geldi.
Şeýle-de bolsa şunuň ýaly wekilçilikli ýaryşlaryň kümüş medaly hem örän uly derejedir. Bu medal halkara derejeli sport ussadynyň talabynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etdi.
wagtda Serdar Türkmenistanyň at gaznan tälimçisi Mirza Kurbanowyň ýolbaşçylygynda türgenleşik geçýär. M.Kurbanow ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryna biziň wekiliýetimiziň düzüminde emin hökmünde geldi: Türkmenabatly halkara derejeli emin kuraş boýunça duşuşyklara eminlik edýär.
Türkmen kikboksçylarynyň düzüminde, ilkinji nobatda, ýarym final duşuşykda Gurban Bekhanowyň mongoliýaly türgen Ýerden Namjilmaa bilen bolan duşuşygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, Milli kikboksing federasiýasynyň başlygy Aleksandr Snagowskiniň türgeni ilkinji sekundlardan dessine hüjüme geçdi hem-de duşuşygy ýeňşe çenli ynamly alyp bardy. Ol bolsa ony jemleýji duşuşyga çykardy. Ahyrky duşuşykda bolsa oňa Iordaniýadan güýçli türgen garşy durar.
A.Snagowskiniň ýene bir şägirdiniň – Şöhrat Hallyýewiň ýarym final duşuşygy hem aýratyn üns berilmäge mynasypdyr. Çünki biziň türgenimiz Aziýanyň we dünýäniň häzirki çempiony, Interkontinental çempionatynyň ýeňijisi gyrgyzystanly Alekseý Fedoseýew bilen duşuşdy. Duşuşyk bütin üç tapgyr dowam etdi we şonda türkmenistanly türgeniň güýçli garşydaşdan hiç bir babatda kem galmandygyny aýtmak gerek. Üçünji tapgyrda Şöhrat bu tutluşygy ýeňip, jemleýji duşuşyga geçip biljekdigini duýup, hüjüm ediji işjeň hereketlere geçdi. Gyrgyz türgeniniň bu ýagdaýa taýyn däldigi aýdyň göründi, käbir pursatlarda ol özüni ýitirdi. Halkara ýaryşlarynda çykyş etmegiň uly tejribesi A.Fedoseýewe özüni dürsemäge kömek etdi we duşuşygy ýeňiş bilen tamamlamaga mümkinçilik berdi. Şeýlelikde, Şöhrat bürünç medalyň eýesi boldy.
6-njy iýulda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Azia oýunlarynyň ahyrky gününde Türkmenistanyň sport üstünlikleriniň üsti türkmen kikboksçysy Gurban Bekhanowyň jemleýji duşuşygyndan soň, ýene bir medal bilen ýetiriler. Mundan başga-da, ýene bir üstünlik gazanmak mümkiçniligi bar, çünki türkmen türgenleriniň ýene biri, halkara derejeli sport ussady Nasiba Surkiýewa hem ýaryşa goşular. Ol kuraş boýunça ýaryşlarda baýrakly orunlar ugrunda bäsleşer.
Ertir, ýaryşlar tamamlanadan soň, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Azia oýunlarynyň resmi ýapylyş dabarasy geçiriler. Onuň barşynda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň baýdagy Inçhondan türkmen paýtagtyna gowşurylar. Mälim bolşy ýaly, ýene-de 4 ýyldan Aşgabat özünde şanly -- V Azia oýunlaryny kabul eder. Şol ýaryşlar häzirki wagtda bina edilýän Olimpiýa şäherçesiniň binýadynda geçiriler.