Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Döwlet Baştutanymyz Russiýanyň iri sebitiniň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, ony we Tatarystanyň dostlukly halkyny şanly waka—XXVII Bütindünýä tomusky Uniwersiadanyň geçirilýändigi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Oňa dünýäniň 160-dan gowrak ýurtlaryndan iň gowy talyplar toparlary, şol sanda Türkmenistandan türgenler gatnaşar.
--Şeýle möçberdäki halkara sport çäresiniň Kazanda geçirilmegi Russiýa Federasiýasynyň, hususan-da, Tatarystanyň sport babatda uly abraý gazanandygyna şaýatlyk edýär--diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň sportunyň taryhynda täze sahypany açýan bu ajaýyp sport baýramçylygynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Şunda Türkmenistan we Tatarystan üçin ähmiýetli wakalaryň – 6-njy iýulda 45 müň tomaşaçy orunlyk täze “Kazan-arena” stadionynda geçiriljek Uniwersiada – 2013-iň dabaraly açylyşynyň hem-de bu wakanyň bir gün yzýany, ýagny 7-nji iýulda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny Inçhon şäherinden Aşgabat şäherine gowşurmak dabarasynyň gabat gelmeginiň özboluşly manysynyň bardygy bellenildi. Bu ýerde ýene 4 ýyldan nobatdaky Aziýa oýunlary geçiriler.
Tatarystanyň Prezidenti gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, hut Kazanda geçirilýän Bütindünýä talyplar oýunlarynda soňky ýyllarda dünýä sportunyň belentliklerini ynamly eýeleýän türkmen türgenleriniň ilkinji çykyşlarynyň boljakdygyna tüýs ýürekden begenýändigini aýtdy.
Sporty ösdürmekde we türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly tagallalaryny bellemek bilen, Rustam Minnihanow Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň Uniwersitet sportunyň halkara federasiýasynyň (FISU) howandarlygynda iki ýyldan bir gezek geçirilýän dünýä belli sport ýaryşlarynda öz ýurduna mynasyp wekilçilik etjekdigine ynam bildirdi.
-Türkmenistanda dostlukly tatar halkynyň üstünliklerine we gazananlaryna tüýs ýürekden guwanýarlar. Bütindünýä talyplar sport oýunlaryny geçirmek hukugy şolaryň möhümleriniň biridir--diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Hökümetiniň we Prezident Rustam Minnihanowyň hut özüniň sporty we halkara sport hereketini hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha berdi.
Türkmenistanyň we Tatarystanyň hyzmatdaşlygy Russiýa Federasiýasy bilen netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyzyň goňşy döwletiň bu iri sebiti bilen dostluk we ýola goýlan işewür gatnaşyklaryny geljekde hem berkitmekçidigini aýtdy.
Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gyşarnyksyz giňeldiljekdigine bolan ynam soňky ýyllarda toplanan hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi, şeýle hem köpasyrlyk dostluk we doganlyk gatnaşyklary bilen bagly bolan türkmen we tatar halklarynyň arasyndaky ýokary derejedäki özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgeleri bilen berkidilendir.
Söhbetdeşler köp ýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň ösüş depginine kanagatlanma bildirip, täze bilelikdäki taslamalaryň çäklerinde bar bolan ägirt uly kuwwaty yzygiderli amala aşyrmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Sporty ösdürmek, raýatlaryň ruhy we beden mümkinçiliklerini sazlaşykly utgaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýetiň berilýändigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara sport guramalary, dürli ýurtlar, şol sanda Tatarystan bilen ysnyşykly gatnaşyklary dowam etmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, awtomobil sporty, hokkeý we futbol boýunça hyzmatdaşlykda eýýäm uly tejribäniň bardygy bellenildi. Mysal üçin, 2009-njy ýylda “Ýüpek ýoly” awtoralliniň guralmagy, “Ak bars” hokkeý toparynyň binýadynda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
2017-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul etjekdigini bellemek bilen, milli Liderimiz Tatarystanyň wekilleriniň hormatly myhmanlar hökmünde gatnaşjakdyklaryna ynam bildirdi.
Söhbetdeşligiň çäklerinde ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary ilerletmek hem-de ynanyşmagyň we birek-birege hormat goýmagyň esasynda guralýan türkmen-tatar gatnaşyklarynyň geljegi hakynda pikir alşyldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Uniwersiada-2013-i geçirmekde üstünlikleri arzuw etdi hem-de Tatarystanyň dostlukly halkyna ösüş we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Telefon söhbetdeşligi türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.