Ï Türgenlerimiz ýaryşlaryň ilkinji gününde dürli derejedäki medallary eýelediler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türgenlerimiz ýaryşlaryň ilkinji gününde dürli derejedäki medallary eýelediler

view-icon 719
6-njy iýuldan 7-nji iýula geçilýän gije Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda ХХVII Bütindünýä tomusky talyplar oýunlary açyldy. Oňa 10 günüň dowamynda dünýäniň köp ýurtlaryndan, şol sanda bu dünýä boýunça geçirilýän ýaşlar sport baýramçylygyna ilkinji gezek öz toparyny iberen Türkmenistanda hem tomaşa ederler.

2012-nji ýylda biziň degişli sport Federasiýamyzyň öz hatarlaryna dünýäniň 163 ýurduny birleşdirýän Halkara uniwersitet sporty federasiýasynyň (FISU) doly hukukly agzalygyna kabul edilenden soň türkmen türgenleriniň şunuň ýaly ýokary derejeli ýaryşa gatnaşmaklary mümkin boldy.

Halkara uniwersitet sporty federasiýasyndan, Russiýanyň talyplar sporty birleşiginden we Uniwersiada – 2013-iň Guramaçylyk komitetinden Türkmenistanyň ХХVII Bütindünýä tomusky Uniwersiadasyna gatnaşmagy baradaky çakylyk gelip gowşandan soň, Milli Olimpiýa komitetiniň başlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Buýrugy bilen 2013-nji ýylyň 1-18-nji iýuly aralygynda biziň sport wekiliýetimiz Kazanda talyplar oýunlaryna gatnaşar. Türkmen türgenleri sportuň 10 görnüşinde – boks, agyr atletika, küşt, tennis, ýeňil atletika, dzýudo, sambo, guşakly göreş, erkin we grek-rim göreşi boýunça ýurdumyzyň sport abraýyny gorarlar.

Tatarystanyň paýtagtynda açylan XXVII Bütindünýä tomusky Uniwersiadasynyň birinji gününde türkmen türgenleri bir altyn, iki kümüş we iki bürünç medal eýelemegi başardylar.

Kazanda geçirilýän Talyp oýunlarynda sportuň başa-baş göreş görnüşi boýunça agram derejeleriniň ýedisinde 20 ýurduň wekilleri çykyş etdiler. Ilkinji deslapky bäsleşikler Türkmenistanyň wekilleriniň sportuň bu görnüşi boýunça ykjam taýýarlykly gelendiklerini görkezdi. Biziň pälwanlarymyzyň ýedisinden üçüsi finala çykmagy başardy, ýene dördüsi bolsa bürünç medallar ugrunda göreşmäge hukuk gazandylar.

Türkmenistanyň toparynda çykyş edýän Ýagşymyrat Annamyradow has-da uly üstünlik gazandy. 18 pälwanyň çykyş etmeginde 62 kilogram agram dereje boýunça guralan bäsleşiklerde 22 ýaşly halkara derejeli sport ussady, ýurdumyzyň Milli sport we syýahatçylyk insitututynyň talyby dört ýeňiş gazanyp, ýaryşyň hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy. Talyplaryň Bütindünýä ýaryşlarynda çempion diýen ada eýe bolmak ugrundaky bäsleşiklerde Ýagşymyrat mongoliýaly pälwan Otgon-Erden Munkbaýardan 2:1, özbegistanly Şuhratjon Obijonowdan 7:0 hasabynda üstün çykdy. Şeýlelikde, türkmenistanly talyp türgen finala çykmak ugrundaky bäsleşikde russiýaly Gabdyjalil Süleýmanow bilen göreşip, ony 2:0 hasabynda ýeňmegi başardy. Ý.Annamyradow final duşuşygynda Ukrainadan gelen pälwan Dmytro Kosenokdan 6:0 hasabynda ynamly üstün çykdy.

Ýaryşyň kümüş medallary ugrundaky bäsleşiklerde çykyş eden türkmen türgenleri 82 kilograma çenli agram derejede çykyş edýän Gylyç Jumaýew we 90 kilograma çenli agram derejede çykyş edýän Seýdi Batyrow tapawutlandylar. Bäsleşiklerde G.Jmaýew täjigistanly pälwan Erkin Rajabzodadan 2:0 hasabynda, özbegistanly Bobirmirza Mudinowdan 6:1 hasabynda, russiýaly Arsen Tokowdan bolsa 11:9 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy. S.Batyrow bäsleşikde Latwiýaly pälwan Ýanis Rerihsden 8:2, Gyrgyzystandan gelen pälwan Kanimet Barpibekowdan 6:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Ildeşlerimiz - 68 kilograma çenli agram derejede çykyş edýän Begenç Ýagmyrow, 100 kilograma çenli agram derejede çykyş edýän Hoşgeldi Hanaýew we 100 kilogramdan ýokary agram derejede çykyş edýän Myrat Jumaýew ýaryşyň bürünç medallaryna mynasyp boldular.

Uniwersiada-2013-de şu gün medallara mynasyp bolanlaryň ählisi Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplarydyr.

Kazanda geçirilýän Talyp oýunlarynyň nobatdaky bäsleşiklerinde biziň boksçylarymyzyň ikisi baýrakly orunlara düşmegi başardylar. 52 kilogram agram derejede çykyş edýän Zarip Jumaýew tailandly Uthit Mangkadan üstün çykmagy başardy. 60 kilogram agram derejede çykyş edýän Faruh Ýomudow pakistanly Said Mohammad Husseýinden üstün çykdy. F.Ýomudowyň bu ýeňşi Uniwersiada-2013-de gazanan ikinji üstünligidir. Ol deslapky bäsleşikde hytaýly Fong Sengden bäsleşigiň üç tapgyrynda hem ýeňiş gazanmagy başardy.

Boks býounça geçirilen bäsleşiklerde agram derejeleriň onusy boýunça 35 ýurtdan gelen wekiller özara güýç synanyşdylar. Biziň türgnlerimiziň ikisi çärýek finala çykdy. Indiki bäsleşigiň netijeleri boýunça Z.Jumaýewiň iň bolmanda bürünç medaly eýelejekdigine ynam bar. Ol şol bäsleşikde russiýaly dünýä çempiony M.Aloýan bilen duşuşar. F.Ýomudow bolsa özbegistanly F.Gaýypnazarow bilen ringa çykar.

Kazanda geçirilýän Uniwersiada-2013-iň bäsleşiklerine gatnaşýan türgenler watandaşlarymyzyň Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlaryndaky gazanan üstünliklerini uly ruhubelentlik bilen kabul etdiler. Türkmenistanyň wekilleri ol ýerde medallaryň 7-sine mynasyp boldular. Türkmen türgenleriniň Aziadada gazanan üstünlikleri biziň türgenlerimizi Uniwersiada-2013-de – Kazanda nobatdaky ýeňişleri gazanmaga ruhlandyrýar.