Ï Türkmen ekipažy badalga taýýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen ekipažy badalga taýýar

view-icon 748
„Ýüpek ýoly - 2013“ awtorallisine gatanaşyjy türkmen wekilýeti halkara bäsleşigine gatnaşmak üçin adminstratiw we tehniki gözegçilikden üstünlikli geçdi. Olaryň ulaglaryna ýaryş belgileri dakyldy.

Ýaryşa gatnaşmaga rugsat berilen ekipažlar öz ulaglaryny Moskwanyň Wasiýewskiý ýapgydynda ýapyk parkda goýdylar. Bu meýdança Gyzyl meýdançadan Kremliň diwarynyň ugry bilen kenar ýakasynda ýerleşýär. Bäşinji iýulda, dabaraly açylyşda ralla gatnaşýan türkmen wekilýeti milli baýdaklaryny parladyp simwoliki podiumdan geçdiler.


Türkmenistandan üç ekipaž ralla gatnaşar. Gurbanow, Mollamyradow 187 belgi bilen, Annabrdiýew 184 belgi bilen, Daňatarow, Gaýnulin 188 belgi bileb gatnaşar, 2012-nji ýylyň ýaryşynda Gurbanberdi Daňatarowyň ekipažy T2,1 derejede iň gowusy netije gazandy. Olar sport ulagyna düzedilen ulaglarynda iň ýokary netijäni görkezmegi başardylar.