Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, pudaklaýyn düzümleriň birnäçesiniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ugurlary, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, hususan-da, oba hojalyk ulgamynyň düzümlerini yzygiderli kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda ilki bilen Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabatyny diňledi. Ol özüniň çykyşyny welaýatyň gallaçylarynyň Watan harmanyna 300 müň tonnadan gowrak azyklyk dänäni tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendigi hakyndaky hoş habardan başlady. Şeýle hem ol daýhanlaryň netijeli zähmet çekmekleri we oňaýly dynç almaklary üçin amatly şertleriň döredilýändigini, oňyn mümkinçilikleriň ýerden alynýan hasylyň barha ýokarlandyrylmagyny şertlendirýändigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimize sebitiň tutuş ilatynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy.
Milli Liderimiz Daşoguz welaýatynyň gallaçylarynyň galla tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmeklerini kanagatlanma bilen belläp, olary gazanan uly zähmet üstünligi bilen gutlady. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy yzygiderli ösdürilýär, biz oba zähmetkeşleriniň, şol sanda gallaçy daýhanlaryň yhlasly we netijeli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleri döredýäris diýip bellemek bilen, milli Liderimiz Daşoguz welaýatynyň daýhanlary üçin hem dine şu ýylyň özünde sürüm traktorlarynyň 100-den gowragynyň, däne ýygnaýan kombaýnlaryň hem 60-a golaýynyň satyn alnandygyny, daýhanlaryň suw, dökünler we beýleki zerur serişdeler bilen doly üpjün edilýändigini, şeýle hem olar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilýändigini aýtdy.
Häzirki döwürde Köneürgenç etrabynda suw howdanynyň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar, bu suw howdany gurlup, ulanmaga berlenden son, bäş müň gektara golaý täze ýerleri özleşdirmäge mümkinçilik dörär diýip, milli Liderimiz belledi.
«Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnama» laýyklykda welaýatda jemi 8 sany suw arassalaýjy desgany gurmak göz öňünde tutulýar diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde bu desgalaryň gurluşygynyň güýçli depginler bilen alnyp barylýandygyny, olar gurlup, ulanmaga berlenden son welaýatyň ilatyny arassa agyz suwy bilen has gowy üpjün etmek üçin zerur şertleriň emele geljekdigini nygtady.
Prezident Maksatnamasyna laýyklykda, häzirki döwürde ähli welaýatlarda türkmen obasynyň durmuşyny düýpli özgerdýän iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar, şeýlelikde, welaýatyň Köneürgenç etrabynda döwrebap şäherçäniň, S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda täze obanyň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barylýar, bu bolsa, oba adamlarynyn ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga döwletimiziň aýratyn üns berýändiginiň aýdyň mysalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Welaýatyň daýhanlary gadymy we mukaddes Daşoguz topragyndan bol hasyl almakda bay tejribe topladylar, olar şu ýyl hem uly zähmet ýeňşini gazandylar, welaýatyň edermen daýhanlarynyň bu üstünligine Görogly, Ruhubelent we Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynyň gallaçylary mynasyp goşant goşdular, şeýlelikde bu etraplaryň babadaýhanlary welaýatda ilkinjiler bolup şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler, munuň özi bellenmeli ýagdaýdyr diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Entek welaýatyň ekin meýdanlarynda hasyl kän. Siziň yhlas bilen zähmet çekip, ýetişdirilen galla hasylyny zaýasyz ýygnap aljakdygyňyza, geljekde has ýokary sepgitlere ýetjekdigiňize berk ynanýaryn diýip aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz döwletimiz tarapyndan oba hojalyk işgärleriniň oňat dynç almaklary we saglyklaryny berkitmekleri üçin hem ähli şertleriň döredilýändigini, ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Daşoguz welaýaty üçin hem döwrebap sagaldyş-dynç alyş merkezini ulanmaga berlendigini belläp, häkime täze açylan dynç alyş merkezinde, ilkinji nobatda, orak möwsüminde aýratyn tapawutlanan kärendeçileriň, kombaýnçylaryň we beýleki adamlaryň oňat dynç almaklary üçin ähli şertleri döretmegi tabşyrdy.
Şeýle hem welaýatda ähli ýolbaşçylaryň, öňdebaryjy daýhanlaryň we orak möwsümine gatnaşan beýleki oba hojalyk işgärleriniň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirilmelidigini belläp, milli Liderimiz onuň barşynda welaýatyň edermen gallaçylaryna gazanan bu uly zähmet ýeňşi mynasybetli özüniň gutlaglaryny we minnetdarlygyny ýetirmegi tabşyrdy, şeýle hem ýerlerde dabaraly çäreleriň guralmalydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynyň edermen gallaçylaryny, oba hojalyk işgärlerini we ähli ilatyny gazanan bu uly üstünlikleri bilen ýene-de bir gezek gutlap, olaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýar durmuş, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek ugrunda alyp barýan işlerinde täze zähmet ýeňişlerini arzuw etdi.
Soňra Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk çäreleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, häkim welaýatda Oba milli maksatnamasyny üstünlikldi durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada aýdyp, bu babatda maksatnamalaýyn çäreleriň ýerine ýetirilýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynda möhüm möwsüm bolan pagta ýygymynyň guramaçylykly geçirilmegini üpjün edýän ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belläp, oba hojalyk tehnikalarynyň we möwsümde işlediljek beýleki gurallaryň häzirki günlerden doly derejede taýýar edilmelidigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işlere ünsi çekip, olaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup gutarylmagyny üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, ol sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy hakynda habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň senagat düzümini we durmuş ulgamyny kämilleşdirmek hem-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny we bu ugurda kabul edilen maksatnamany netijeli durmuşa geçirmek boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz pagta ýygymyna taýýarlyk görmek işiniň derejesine ünsi çekip, bu işde toplumlaýyn çäreleriň alnyp barylmalydygyny tabşyrdy. Mundan başga-da, milli Liderimiz H.Ylýasowy işde goýberen kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Magtymguly etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi.
Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýewiň hasabaty diňlenildi. Häkim häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işler, hususan-da, welaýatyň oba hojalyk pudagynda durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem welaýatyň durmuş ulgamyny ösdürmek, gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň durmuş ulgamyny ösdürmek, senagat düzümini pugtalandyrmak, şeýle hem sebitiň oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işlere gözegçiligi güýçlendirmegi, welaýatda elewatorlaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmagy tabşyrmak bilen, pagta ýygymy möwsümine ykjam taýýarlyk görmegiň, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almagy üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow sebitde oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, pagta ýygymyna taýýarlyk işleri, möwsümde ulanyljak tehnikalary abatlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatda pagta ýygymyny gysga wagtda, ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek, ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny göwnejaý ýygnap almak boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň ýerine ýetirilmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gowaçalara ideg etmek işleriniň agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylmalydygyna ünsi çekip, sebitde gurulýan elewatorlaryň öz wagtynda we ýokary hilli ulanmaga tabşyrylmagyny üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Mundan başga-da, milli Liderimiz işde goýberen kemçilikleri üçin D.Saparmyradowy Altyn sähra etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň gallaçylarynyň şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendigi baradaky hoş habary ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladasy rnetijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär, toplumyň maddy -enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, daýhanlar üçin dünýäniň iň kämil tehnikalary satyn alynýar, olar ýokary hilli tohum, dökün, himiki serişdeler we suw bilen doly derejede üpjün edilýär, kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegi, olara ýeňillikli karzlaryň berilmegi adamlaryň oba hojalyk pudagyna bolan höwesini ýokarlandyrýar diýip, wise-premýer belledi. Şeýlelikde, Watan harmanyna 1 million 600 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy.
Mundan başga-da, wise-premýer milli Liderimizi ýurdumyzda giňden dabaralandyryljak Galla baýramçylygynyň meýilnamasy barada hem habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň gallaçylarynyň gazanan üstünligini kanagatlanma bilen belläp, zähmetsöýer gallaçy daýhanlary, kärendeçileri, ýer eýelerini, mehanizatorlary we tutuş türkmen halkyny bu uly zähmet ýeňşi bilen gutlady. Ýurdumyzda giňden belleniljek Galla baýramy barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz wise-premýere edermen daýhanlaryň netijeli zähmetiniň şanyna guralýan baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, orak möwsüminde aýratyn tapawutlananlary sylaglamak bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň barşynda “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşginiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Ý.Çaryýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Ol häzirki döwürde özüniň ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýygnalan galla hasylyny göwnejaý saklamak we ony gaýtadan işlemek boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň rysgal-berekedi bolan galla hasylyny döwrüň talabyna laýyk derejede saklamak, ýurdumyzdaky elewatorlaryň, degirmenleriň işini sazlaşykly ýola goýmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz Y.Çaryýewi “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine, G.Kuleýewi we N.Sapardurdyýewi “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipelerine bellemek hakyndaky resminamalara gol çekip, olara işlerinde üstünlik gazanmagy arzuw etdi.
Soňra milli Liderimiz “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Ç.Çarlyýewi iş maslahatyna çagyrdy. Ol özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk tehnikalarynyň göwnejaý saklanmagy, olaryň netijeli peýdalanylmagy häzirki döwrüň baş talaby bolup durýar diýip belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ç.Çarlyýewi “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine, R.Saparowy bolsa döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky resminamalara gol çekip, olara alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi. Şeýle hem milli Liderimiz A.Ýazdurdyýewi “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetirmekden boşatmak hakyndaky Karara gol çekdi.
Wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenisatnyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji W.Weliýew birleşigiň düzümlerinde alnyp barylýan işler, milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz ony Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine bellemek hakyndaky Permana gol çekdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz B.Tejenowy başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetirmekden boşatmak hem-de döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji O.Rejebowyň talaba laýyk işlemeýändigi üçin ony eýeleýän wezipesinden boşatmak hakyndaky Kararlara gol çekdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewi we Türkmenistanyň sport we syýahatçylyk institutynyň rektory A.Saryýewi çagyrdy.
Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna laýyk gelmelidigini belläp, bu ugurda maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz olara talyp ýaşlaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilim-terbiýe almaklary, talyp türgenleriň halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda netijeli çykyş etmekleri hem-de ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüniň, milli ruhumyza laýyk gelýän salyhatlylygyň berkidilmegi babatda zerur çäreleri görmek barada anyk tabşyryklary berdi.
Aşgabat şäheriniň Orta Aziýa sebitinde ilkinji bolup, Aziýa oýunlaryny geçirmäge hukuk gazanandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda Aziada-2017-niň oýunlarynyň maksatnamasyna girýän görnüşleri boýunça türgenleri häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede taýýarlamak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini, munuň üçin Milli sport we syýahatçylyk institutynyň binýatlyk ähmiýetiniň bolmalydygyny belledi.
Ýurdumyzyň paýtagtynda Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygynyň batly depginlerde alnyp barylmagy, bu köpugurly sport toplumynda 30-dan gowrak sport desgasynyň bolmagy onuň derejesiniň ýokarydygyndan habar berýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz sportuň dürli görnüşleri boýunça gurlan, häzirki zaman tehniki we sport enjamlary bilen doly üpjün edilen täze sport desgalaryny netijeli peýdalanmagyň, olarda talyp ýaşlaryň göwnejaý derejede türgenleşikleri alyp barmagyny üpjün etmegiň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny nygtady.
Şeýle hem ýurdumyzda köpçülikleýin sportuň ösdürilmeginiň, türkmen sportunyň dünýä derejesine çykmagy ugrunda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň eýýäm özüniň guwandyryjy netijelerini berýändigini nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen Aziada – 2013-iň bäsleşiklerinde türkmen türgenleriniň şowly çykyş etmegi, olaryň köpüsiniň şu institutyň talyplarydygy we Kazanda geçirilýän Bütindünýä tomusky Uniwersiadanyň ilkinji günlerinde talyp türgenleriň ýokary üstünlikleri gazanmaklary munuň aýdyň subutnamasydyr diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan maksatnamalaýyn çäreleriň yzygiderli dowam etdirilmegi barada birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz türkmen sportunyň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagy hem-de onuň halkara derejesinde giňden wagyz edilmegi we ussat türgenleriň hatarlarynyň artmagy boýunça öňde goýlan wezipelere institutyň ýolbaşçylarynyň we talyp ýaşlarynyň abraý bilen hötde geljekdigine ynam bildirdi.
Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowyň hasabatyny diňledi. Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäherde gurulýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak, paýtagtymyzda ýol gurluşygynyň netijeliligini artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Şeýle hem häkim paýtagtymyzyň ulag ýollaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtmak bilen, Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän 10 ýyl Abadançylyk şaýolunyň Bitarap Türkmenistan şaýolundan Bekrewe şaýoluna çenli bolan aralygynyň doly gurlup gutarylandygyny habar berdi we milli Liderimizden onuň açylyp ulanmaga tabşyrylmagyna ak pata bermegi haýyş etdi.
Paýtagtymyzda ulag gatnawlyrynyň sazlaşygyny üpjün etmek, ýoldan gatnaýanlar üçin Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talabyna laýyk gelýän amatlyklary döretmek şäher häkimliginiň degişli düzümleriniň öňünde durýan möhüm wezipelerdigini bellemek bilen hormatly Prezidentimiz bu ugur boýunça alnyp barylýan işelriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz 10 ýyl abadançylyk şaýolunyň täze gurlan böleginiň şu hepdäniň çarşenbe güni açylsa, maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.
Ýurdumyzyň baş şäherinde durmuşa geçirilýän çäreleriň nusgalyk derejä eýe bolmalydygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň arassaçylygyna, bagy-bossanlygyň döredilmegine, şäherde abadançylygyň, tertip-düzgüniň berk berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň ulag ýollarynyň durkuny täzelemek, täzelerini gurmak, köpri gurluşygyny alyp barmak bilen baglanyşykly işlerde dünýäniň iň kämil tehnologiýalarynyň we usullarynyň ulanylmalydygyny belledi.
Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň hemmesine berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.