Ï Ikinji gün – ikinji altyn medal!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ikinji gün – ikinji altyn medal!

view-icon 1107
Kazan, 8-nji iýul (TDH). Tatarystanyň paýtagtynda dowam edýän XXVII Bütindünýä tomusky Uniwersiadanyň bäsleşiklerinde Türkmenistanyň toparynyň baýraklarynyň üstüne ýene-de üç medal goşuldy. Talyplar Oýunlarynyň ikinji gününde ýurdumyzyň guşakly göreş boýunça zenanlar topary bir altyn medala we iki bürünç medalya mynasyp boldy. Sportuň bu görnüşi boýunça agram derejeleriniň bäşisinde 17 ýurduň wekilleri bäsleşdiler.

Ýaryşyň bu görnüşi boýunça Türkmenistana zenan türgenleriň 5-si wekilçilik etdi. Olaryň 3-si bolsa medallara mynasyp boldular. Munuň özi ýokary netijedir.



Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Gülbadam Babamyradowa ýaryşyň iň ýokary sylagyna mynasyp boldy. Ol bir ýyl mundan ozal Minskide sambo boýunça geçirilen dünýä çempionatynda çempion bolmagy başardy. Ine, indi 21 ýaşly zehinli türgen dünýäniň 162 ýurdundan gelen talyp türgenleriň arasynda Kazan şäherinde geçirilýän Uniwersiada-2013-de guşakly göreş boýunça ýeňiji boldy we altyn medaly eýelemegi başardy.

Gülbadamyň sportyň guşakly göreş görnüşi boýunça ilkinji gezek çykyş edýändigini ýtalanyňda, bu ýeňşiň has-da ähmiýetlidigini bellemeli. Uniwersiada gatnaşýan köpsanly daşary ýurtly žurnalistler bu habary täsin galmak bilen beýan etdiler we türkmen türgeniniň ussatlygyna haýran galdylar.

52 kilogram agram derejede çykyş edýän Gülbadam 10 türgeniň arasynda geçirilen ýaryşlaryň ilkinji bäsleşiginde russiýaly Alana Lazarowadan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Final ugrunda geçirilen bäsleşikde ol özbegistanly Zamira Ahmedowa bilen duşuşdy we ony 5:1 hasabynda ýeňdi. Gülbadam final duşuşygynda Azerbaýjandan gelen türgen Ulwiýa Kerimowadan 6:0 hasabynda arassa ýeňiş gazanmagy başardy.



Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby 58 kilogarma çenli bolan agram derejede çykyş edýän Ruşana Nurjowowa we şu institutyň uçurymy 66 kilograma çenli bolan agram derejede çykyş edýän Gülnar Haýytbaýewa ýaryşyň bürünç medallaryny eýelemegi başardylar. Ruşana baýrakly orny eýelemek ugrunda ähli tagallasyny gaýgyrmady, ol Slowakýadan gelen türgen Katerina Karna bilen 3-nji orun ugrunda geçirilen bäsleşigiň birinji döwünde ondan 0:2 hasabynda ýeňildi. Soňra R.Nurjowowa bäsdeşini 4:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bu tutluşykda utugyň netijeleri boýunça R.Nurjawowa 8:3 hasabynda ýeňiji boldy. Şeýle hem G.Haýytbaýewa ukrainaly türgen Marina Çernyşewadan 4:0 hasabynda üstün çykdy.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň uniwersiadanyň bäsleşiklerinde gazanýan üstünliklerini köpsanly žurnalistler giňden beýan etdiler. Kazanda geçirilýän ýaryşlarda gündelik neşir edilýän “Uniwersiada habarlary” atly gazetde “Türkmenistan: ilkinji synanyşykda gazanylan ýeňiş” ady bilen altyn medala mynasyp bolan Ýagşymyrat Annamyradowyň iki sany suratyny ýerleşdirdi. Olaryň biri pälwanyň final oýnundaky tutluşyk pursatyny, beýlekisi bolsa Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny belentde göterýän çempionyň şatlygyny beýan edýär. Habar beriş serişdeleriniň köpsanly wekilleri guşakly göreş boýunça geçirilen bäsleşikleriň netijeleri babatda Türkmenistan Uniwersiadanyň eýelerine, ýagny Russiýanyň türgenlerine mynasyp bäsdeşleriň biri bolup durýar diýip belleýärler.

Uniwersiadanyň iki gününiň dowamynda sylaglaryň 59 toplumy boýunça bäsleşikler geçirilenden soňra türkmenistanly türgenler medallaryň 9-syny eýelemegi başardy. Olaryň ikisi altyn, ikisi kümüş we bäş bürünç medallardyr. Biziň toparymyz medal hasaby boýunça umumykomandalyk derejede 8-nji orny eýeleýär. Türkmenistan bu görkeziji boýunça ABŞ-nyň, Awstraliýanyň, Niderlandlaryň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Wengriýanyň, Ukrainanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we başga-da birnäçe ýurtlaryň toparlaryndan öňe düşmegi başardy.