Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz ukrainaly kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, Prezident Wiktor Ýanukowiçi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan jogapkärli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Milli Liderimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanmak bilen belläp, Ukrainanyň baştutanyna deňlik, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan, däbe öwrülen dostlukly türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň berkidilmegine goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Prezident Wiktor Ýanukowiç gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Ukrainanyň Türkmenistan bilen dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklady. Şunda ol soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny we mazmun taýdan ep-esli baýlaşandygyny belledi. Ukrainanyň baştutany öz ýurdunyň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ymtylýandygyny belläp, şol hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatynyň amala aşyrylmagy umumy bähbitlere hyzmat eder diýip nygtady.
Telefon söhbetdeşliginiň barşynda iki ýurduň Liderleri türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklaryny, şeýle hem döwletara gatnaşyklarynyň esasyny düzýän gumanitar – medeni gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn berkitmek we ösdürmek üçin örän amatly şertleriň bardygyny bellediler. Söhbetdeşler şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen döwletiniň Baştutany öz ukrainaly kärdeşini doglan güni bilen ýene bir gezek gutlap, oňa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wiktor Ýanukowiç hoşlaşanlarynda, Türkmenistanyň we Ukrainanyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine dostluk gatnaşyklaryna we giň möçberli hyzmatdaşlyk ugruna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassykladylar.