Ï Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň nebit we tebigy gaz ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň nebit we tebigy gaz ministrini kabul etdi

view-icon 733
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Hindistan Respublikasynyň nebit we tebigy gaz ministri Marpadi Wirappa Moýlini kabul etdi.

Duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Pranab Mukerjiniň we Hindistanyň Premýer-ministri Manmohan Singhiň mähirli gutlaglaryny we türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Jenap Marpadi Wirappa Moýliniň nygtaýşy ýaly, Hindistan Türkmenistana hoşniýetli dost we ygtybarly, jogapkärli hyzmatdaş hökmünde garap, onuň bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz tarapyndan Türkmenistanyň hem Hindistan bilen öz gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýan aragatnaşyklara, deňhukukly netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny belledi. Hindistan Respublikasynyň Prezidentine we Premýer-ministrine öz mähirli sözlerini ýetirmeklerini aýdyp, milli Liderimiz täze taryhy eýýamda hil taýdan täze gatnaşyklar bilen üsti ýetirilýän döwletara türkmen-hindi aragatnaşyklarynyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirýändigini nygtady. Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda geçirilýän Medeniýet günleri hem bu gatnaşyklaryň barha ýygjamlaşýandygynyň subutnamasydyr.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we myhman Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge degişli Ýolbaşçy komitetiniň mejlisiniň gün tertibine girizilen ileri tululýan meseleleriň birnäçesi boýunça özara pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, jenap Marpadi Wirappa Moýli Hindistan Respublikasynyň Türkmenistan tarapyndan başy başlanan hem-de oňa gatnaşyjy ýurtlaryň halklarynyň abadançylygyna hyzmat etmegine gönükdirilen bu iri möçberli energetika taslamasyna ygrarlydygyny beýan etdi. Şunda Hindistanyň türkmen tebigy gazyny almaga bolan gyzyklanmasy bellenildi. Bu bolsa ýurduň depginli ösýän ykdysadyýetiniň artýan sarp edijiligi bilen şertlendirilendir.

TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň netijelilik we uzakmöhletleýinlik ýörelgelerinde ýola goýulýan ygtybarly türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de berkidilmegine ýardam etjekdigini nygtap, türkmen döwletiniň Baştutany we myhman onuň durmuşa geçirilişini taraplaryň tizleşdirmäge umumy tagallalaryny hem-de şu maksatlar bilen hemme zerur çäreleri görmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, geljekki transmilli gaz magistralynyň özüniň gönüden-göni maksadyndan başga-da, dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň hakyky köprüsine öwrüljekdigi, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak işine hyzmat etjekdigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz we Hindistan Respublikasynyň nebit we tebigy gaz ministri hoşlaşanlarynda ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taraplaryň üýtgewsiz erkine hem-de ikitaraplaýyn ymtylmalaryna daýanyp, däp bolan türkmen-hindi gatnaşyklaryny mundan beýläk hem iki dostlukly döwletiň we halkyň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Sunil Jaýn gatnaşdy.