Ï Üç günde on bir medal
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Üç günde on bir medal

view-icon 772
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda dowam edýän XXVII Bütindünýä tomusky Uniwersiadada Türkmenistanyň ýygyndysynyň gazananlarynyň üsti şu gün ýene-de iki medal bilen ýetirildi. Talyp oýunlarynyň üçünji gününde kümüş we bürünç medaly tatar göreşi “koreş” boýunça geçirilen ýaryşda erkekler toparymyz gazandy. Bu ýaryş guramaçylar tarapyndan ýaryşlaryň maksatnamasyna goşmaça sport görnüşi hökmünde girizildi.

Göreşiň bu görnüşi boýunça 21 ýurtdan 78 türgen agram derejeleriniň 6-synda medallar ugrunda bäsleşdiler. Şunda milli göreş däpleri giňden ýaýran Türkmenistan doly düzüm boýunça – 6 pälwany gatnaşdyryp, çykyş etdi. Olaryň ikisiniň hormat münberine çykmagy örän guwançlydyr.

Agamyrat Orazsähedow 71 kilograma çenli agramda bäsleşige gatnaşan 14 türgeniň içinde kümüş medala mynasyp boldy. Döwran Ýaýlymow bolsa 80 kilograma çenli agramda çykyş eden 18 türgeniň içinde bürünç medal gazandy.


Kümüş medal ugrunda A.Orazsähedow Ýelbek Sotwoldiýewi /Özbegistan/, Azizbek Karabekowy /Täjigistan/, Mihail Kosnekýany /Moldowa/ ýeňdi. Jemleýji duşuşykda Agamyrat güýçli garşydaş bolan Ildar Ginýatulin (Tatarystan, RF) bilen duşuşdy hem-de ikinji orna eýe boldy.

Biziň baýraga eýe bolan beýleki bir türgenimiz D.Ýaýlymow birmeňzeş hasap--4:0 bilen Denis Leşkowdan /Gazagystan/ we Igor Besleagadan /Moldowa/ üstün çykyp, iki ýeňiş gazandy.

Baýrakly orunlary eýelän türgenlerimiziň ikisi hem – Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary. Agamyrat we Döwran uly sporta alyp barýan ýollaryny Maryda grek-rim göreşi bilen meşgullanmakdan başladylar. Şondan başlap, milli ýygyndynyň agzalygyna çenli baryp ýetdiler. Emma geçen ýyl bolsa olar özlerini tutluşyklaryň täze görnüşinde – guşakly göreşde synap görmek kararyna geldiler.

Türkmenistanyň göreşleriň guşakly görnüşleriniň federasiýasynyň başlygy, ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Maksat Nasyrowyň we halkara derejeli sport ussady, milli ýygyndy toparyň uly tälimçisi Şöhrat Mämmedowyň ýolbaşçylygynda tutanýerli türgenleşikler tiz wagtdan öz miwesini berdi. Şu ýylyň maýynda A.Orazsähedow we D.Ýaýlymow Türkmenistanyň Kubogy ugrunda geçirilen ýaryşda ilkinji orunlary eýelediler we ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň düzüminde Kazanda geçirilýän Bütindünýä Uniwersiadada çykyş etmek hukugyny gazandylar. Bu ýerde olar tarar göreşi boýunça halkara arenasynda ilkinji gezek üstünlikli çykyş etdiler--dünýä möçberindäki oýunlarda ilkinji synanyşykda kümüş we bürünç medallar gazanyldy.


Guşakly göreş boýunça biziň ussatlarymyzyň Uniwersiadanyň eýesi –Russiýanyň ýygyndy toparynyň sportuň şu görnüşinde meýilleşdiren 11 medalyny alyp, uly seslenme döretdiler. Bu barada Bütindünýä talyplar oýunlaryna resmi taýdan iberilen köpsanly sport žurnalistleri, şeýle hem “Ak bars” Sport köşgüniň metbugat merkeziniň işgärleri bellediler. Bu ýerde guşakly göreş boýunça bäsleşikler geçirildi.

Final boýunça türkmen kärdeşi A.Orazsähedowyň ussatlygyna Uniwersiada-2013-iň çempiony russiýaly Ildar Ginýatulin hem ýokary baha berdi.

--Türkmenistandan gelen bäsdeşimiň örän güýçlidigine finala taýýarlyk görýän mahalym, onuň bu ýerde, Uniwersiadada geçiren bäsleşikleriniň wideoýazgylaryny synlanymda ençeme gezek göz ýetirdim—diýip, ol sylaglamak dabarasyndan soň, žurnalistlere berlen interwýuda aýtdy.

Şeýlelikde, Bütindünýä Uniwersiadanyň üç gününde şeýle wekilçilikli sport forumyna ilkinji gezek gatnaşýan Türkmenistanyň wekiliýeti 11 medal gazandy. Olardan 2-si altyn, 3-si kümüş we 6-sy bürünç medallardyr. Medallaryň toplumynyň 89-sy boýunça bäsleşikler geçirilenden soň, Türkmenistanyň wekilleri altyn medallaryň sany boýunça güýçli ýygyndylaryň onusynyň içinde ABŞ, Kanada, Beýik Britaniýa, Awstraliýa, Niderlandlar, Italiýa, Fransiýa, Awstriýa, Wengriýa, Polşa, Çehiýa, Slowakiýa, Şweýsariýa, Portugaliýa, Türkiýe, Rumyniýa, Meksika, Eýran, Hindistan we beýleki ençeme ýurtlaryň güýçli toparlaryndan öňe geçmegini dowam etdi.