Rusiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda dowam edýän XXVII Bütindünýä tomusky Uniwersiadasynyň ilkinji üç gününde türkmen türgenleri medallaryň 11-sine mynasyp boldular. Şu gün
bolsa sportuň 18 görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi. Talyplaryň Oýunlarynyň geçýän mahaly köpugurly “Ak Bars” sport toplumy agyr atletikaçylarynyň bäsleşikleriniň guralýan ýerine öwrüldi.
Uniwersiadanyň dowamynda agyr atletika boýunça medallaryň 15 toplumy ugrunda bäsleşikler geçiriler. Oňa dünýäniň 50 ýurdundan zenanlaryň 106-sy erkekleriň bolsa 147-si gatnaşýar. Türkmenistanyň topary sportuň bu görnüşi boýunça uly tejribe toplady. Biziň türgenlerimiz agyr atletika boýunça olimpiýa bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşýar. Indiki Olimpiada oýunlarynyň daşda däldigini, onuň 2016-njy ýylda Braziliýada geçjekdigini nazara almak bilen, Türkmenistanyň agyr atletika býounça toparynyň türgenleri Kazanda geçirilýän Uniwersiada ýurdumyzyň agyr atletikaçylarynyň 7-sini gatnaşdyrdy. Olaryň ikisi, ýagny Şöhrat Hojamyradow we Rejepbaý Rejepow Milli spot we syýahatçylyk institutynyň talyplarydyr. Olar 77 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, beýleki türgenlere mynasyp bäsdeşlik edip bildiler. Olar 29 türgeniň arasynda iň gowularynyň biri bolmagy başardy.
Dünýäniň güýçli agyr atletikaçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşiklerde Ş.Hojamyradow ştangany silkip götermekde 140 kilogramy, itekläp galdyrmakda bolsa 160 kilogramy alyp, netijede 300 kilogram derejä ýetdi. R.Rejepow bolsa ştangany silkip götermekde 150 kilogramy, itekläp götermekde bolsa 180 kilogramy galdyryp, 330 kilogramlyk netijäni görkezdi we ýaryşyň güýçlüleriniň dokuzlygyna düşmegi başardy. Ol 8-nji orny Müsürden gelen türgen Muhammet Sultana giderdi. Şeýlelikde, Bütindünýä Uniwersiadasyna gatnaşýanlaryň sanyny hasaba alanyňda biziň türgenlerimiziň netijesi ozalkylardan has gowy boldy.
Häzirlikçe Kazanda geçirilýän Oýunlarda biziň türgenlerimiz sportuň guşakly göreş görnüşi boýunça iň ökdeleriň hatarynda durýarlar. Olar 2 altyn, 3 kümüş we 6 bürünç medallary gazanmagy başardylar.
Uniwersiada Şäherçesiniň meri F.Abdulganiýew Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary Ýagşymyrat Annamyradowy we Gülbadam Babamyradowany gazanan ýeňişleri bilen bäsleşikleriň ertesi güni gutlap, olara gutlag hatlaryny iberdi. Onda, hususan-da, şeýle diýilýär: “Size bagt we täze ýeňişleri tüýs ýürekden arzuw edýärin! Goý, siziň gazanýan üstünlikleriňiz we ýeten derejeleriňiz durmuş ýoluňyzy ýagtylandyrsyn”.