Ï Gurban Beghanowyň tutanýerliligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gurban Beghanowyň tutanýerliligi

view-icon 841
Gurban Beghanowyň berk erki Inçhonda 29-njy iýun-6-njy iýul aralygynda geçirilen ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynda gazanan üstünligini doly suratda gahrymançylykly üstünlik diýip hasaplasa bolar. Sebäbi türkmen türgeni Aziýa oýunlary başlamazdan ozal türgenleşik wagtynda şikes aldy. Şonuň üçin ol ähli başa-baş söweşlerini aýagynyň şikesi bilen geçirdi. Şonuň üçin hem hakykatyň hatyrasyna türgeniň berk güýjüne we erkine dogrybaha bermek gerek. Ol ringe agyra döz gelip, hakyky edermenligi we berk häsiýete ýugrulan ýeňişe bolan ynamy görkezeni üçin hem altyn medala mynasyp boldy.

Gurban Dowon Gymnasium sport toplumynyň söweş meýdanynda üç söweşi geçirdi. Türkmenistanyň kikboksing milli federasiýasynyň başlygy, at gazanan türgenleşdirijiniň okuwçysy öz ýeňşine bolan gadamyny Yragyň söweşijisi Al Bahawi Mohammet Mutar Abdullah bilen söweşiniň dörtden bir finalynda başlady.


Ýaryşyň soňky tapgyrlarynda köp hänärmenler G. Beghanowyň garşydaşy, Mongoliýanyň Ýerdene Namdjilma ýeňiş gazanar diýip çak etdiler. Sebäbi, soňky ýyllarda mongol kikboksing mekdebi halkara sport äleminde öňdäki orunlary eýeleýäp gelýär.

Ýöne türkmen türgeni iň berkden – berk türgeniň hem ugruny tapyp, ýeňip bilýandigini subut etdi. Munuň şeýledigini Gurban bilen Iordaniýanyň toparynyň wekili Ahmad Mohammad Salman Aldjaradjreh bilen bolan söweşdäki gazanan tutanýerli we ynamly ýeňişi subut etdi.

Aziýa oýunlarynyň soňky günleri janköýerleriň köp ýygnanan gününde geçirilen söweşde iordaniýaly türgen hüjüme başlap, başynda öz artykmaçlygyny görkezip başlady. Ýöne G.Beghanow hemme hüjümlerden sowlup, ýyldyrym çaltlygynda garşylyklaýyn zarbalary bilen ikinji tapgyrda öz artykmaçlygyny görkezdi.

Ikinji arakesmeden soň ýagdaý üýtgemedi. Türkmen türgeni utuklary gazanmagy dowam edýärdi, onuň garşydaşy iordaniýaly türgen bolsa bagtyny synamak üçin hüjüme başlanda eýýäm giçdi. Türkmenistanly türgen söweşi ýeňişe çenli eltdi.


Ýaryşdan soň men agsap gelýän, ýöne özüni bagtyň çür depesinde saýýan ýeňiji bilen gürrüňdeş boldum. Gurban başa-baş söweş wagty aýagynyň şikesi barada pikir etmän, diňe oňa janköňerlik eden mähriban Watany barada pikir edenini boýun aldy. Şonuň üçin ahyrky söweşden soň baýraklary gowşuryş dabarasynda, Döwlet senasynyň sazyna türkmen tugy sport toplumynyň gümmezine çenli ýokaryk galdyrylanda ildeşimiz uly buýsanç duügularyny başdan geçirdi. Gurban Beghanow ýeňşiň bu pursatlary köp ýyllaryň tutanýerli türgenleşmeleridir diýip belleýär.

Gurban bilen bir toparda Aziýa oýunlarynda dünýäniň çempiony bilen ringde söweşmeli bolan Şöhrat Hallyýew (63,5 kg çenli) barada hem aýdyp geçeli. Gyrgyz türgeni Alekseý Fedoseýewiň dünýä ilkinjiligiň altyn medalyndan daşary, WBKF we W5 bölümde К-1 wersiýasy boýunça Interkontinental dünýä çempiony ady bar. Ýöne garşydaşynyň tanymal ady Şöhradyň utulyşyna sebäp bolmady. Ýakyn söweşde biziň türgenimiz Fedoseýewden artyk gelýärdi. Aýak bilen işlemekde azrak tejribe ýetmedi. Ýöne indi Şöhrat Hallyýew gyrgyz türgeniň söweş alyp barmak usulyny duýup, indiki söweşe taktiki taýdan taýýar bolup barar.


Ýene-de bir türkmen kikboksçysy Allamyrat Annamyradow (81 kg çenli) Aziýa oýunlarynda dörtden bir final duşuşygyna ýetmegi başardy. Şonuň üçin hem Aziýanyň güýçli türgenleriň sekizligine girmekligiň özi örän uly üstünlik.

Şonuň üçin türkmen kiksboksçylaryň ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynda eden çykyşlaryny doly suratda uly üstünlik diýip hasaplap bolar. Üstesine-de başa-baş söweşiň bu görnüşi boýunça Aziýa oýunlarynda dört agyrlyk derejesinde medallar oýnaldy. Olaryň ikisi bilen türkmen türgenleri ýeňijiniň hormat münberine ýol ýasadylar.