“Ýüpek ýoly” rallisinde türkmen ekipžlarynyň üçüsi badalga aldylar hem-de Garagum çölüne meňzeş bolan çägelik böleklerini üstünlikli geçmek bilen, ikinji we üçünji tapgyrda pellehana geldiler. Şeýlelik bilen ýaryşä gatnaşyjylar ralliniň üçünji gününde ikinji tapgyryň dowamynda Wolgograd-Wolgograd uly halkany ýerine ýetirdiler, ikinji gün bolsa Wolgogratdan Wolganyň çep kenarynda pellehana geleip, Astrahana çenli ýaryşdylar. Soňra bolsa sekiz günläp ýene-de bir halkany ýerine ýetirmeli. Ýaryşa gatnaşyjylara Elista garaşýar, tapgyrlaryň birinde bolsa ýene-de bir halkany ýerine ýetirmeli, diňe bäsleşigiň ahyrynda ýaryşa gatnaşyjylar ýene-de Astrahanda duşuşarlar. Bu ýerde 13-nji iýulda bäsleşigiň dabaraly ýapylyşy bolar. Häzirlikçe bola ýaryş gyzgalaňly dowam edýär.
188 belgi bilen çykyş edýän Daňatarowyň ekipažy üçünji tapgyryň netijeleri boýunça gowy netije görkezýär. T2-1 klasda olar gowy netije görkezdiler, T2 klasda üçünji netijäni görkezdiler. Şeýle hem absolýut hasapda pilot Daňatarow we şturman Gaýnulin ýeňil maşynlaryň 75 arasynda 23 bolup barýarlar. Umumy hsapda, ýene-de 25 sany uly awtoulaglary goşanyňd olar 34-nji orunda. Netije erbet däl. Üçünji gün türkmen ekipažlarynyň üçüsi hem çünji tapgyry çylşyrymsyz ýagdaýda jemläp, dördünji tapgyra üstünlikli başladylar. Mehanikler ekipažlaryň indiki tapgyra doly taýýar bolmagy üçin gije-gündüz awtoulaglary abatlaýarlar. Dördünji tapgyr hem Galmyk çägeliklerini öz içine alýar. Biz bu ýerde öz öýnüz ýaly duýarys diýip biziň türgenlerimiz degişýärler.
Ýubileý badalgasyna – “Ýüpek ýoly” bäşinji rallisiniň badalgasyna Moskwa-Astarhan ugry boýunça dünýäniň 27 ýurdundan 75 awtoulag we 25 ýük çekýän ulaglar çykdy. Olaryň arasynda türkmen ekipažynyň üçüsi bar. Ralliniň umumy uzynlygy – dört müň kilometrden hem gowrakdyr, onuň üç müň kilometri – tizlikli ýörite meýdançalardyr. Ýaryşyň dowamynda oňa gatnaşyjylara öz ussatlyklaryny ählisini görkezmek garaşýar, çägeli, gaty we batgalykly, egrem-bugram we tozanly ýollardan tizlik bilen geçmek, şeýle hem tzlikli, çöllük ýerlerde üstünlige bolan yhlas we erk bilen geçmek garaşýar. Ine, raliniň ýolunyň dürli çylşyrymlyklary şulardan ybarat. Jemleýji tagtanyň we gysga maglumatlaryň jemleri boýunça ulaglaryň köpüsi çägelikde batyp galýar, eýýäm döwülen ulaglar hem bar. Kimdir biri üerur bolup ýitirilen wagty dolmak üçin onuň yzyndan ýetjek bolýar, kimdir biri bolsa ähli päsgelçilikleri üstünlikli geçmek maksady bilen we sportyň bu görnüşi bilen bagly bolan drgynlylygy ýeňip geçmek üçin beýleki ulaglar bilen deň barýar...
Geçen üç tapgyryň jemi boýunça esasan hem fransuz we russiýaly ekipažlar öňde barýar. Ýaryşa gatnaşyjylaryň aýtmaklaryna görä, ikinji tapgyr bir-neme çylşyrymly boldy, şturmanlar nawigaiýa bilen işleşmeli boldylar. Bu birinji tizlikli ýol boldy, şol günüň ikinji tizlikli ýolunda eýýäm ýeňiliräk boldy – sürmeklik bady tiz almaga şertleri döretdi we şturmanlar üçin nawigasiýa ýönekeý bolup galdy. Üçünji tapgyryň ýolunyň birinji ýarymy kyn bolmady. Ýöne soňra çägeli çuňluklar başlandy, bu ýer howply ýerleri tapmak üçin we bu ýeňil bolmadyk tapgyry ýeňip geçmek üçin şturmanlaryň ünsli bolmagyny talap edýär. Bu menzil 486 kilometrdir. Biziň ekipažlarymyzyň ählisi pellehana üstünlikli barmagy başardylar.