Ï Nuraly Ýalkapow – pälwan we çempion
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nuraly Ýalkapow – pälwan we çempion

view-icon 1162
Bu 23 ýaşly türgen az sözlegen we örän sada. Ýapyk binalarda we söweşjeň sungaty boýunça ýakynda Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen IV Aziýa oýunlarynda ol ýokary taýýarlyk görnüşinde bolmak üçin boş wagtynyň ählisini türgenleşik zallarynda geçirdi. Gahrymanymyz bilen tanyş bolalyň: Nuraly Ýalkapow – göreş bäsleşigi boýunça 90 kilograma çenli agram derejede Koreýada geçirilen Aziýa oýunlarynyň ýeňijisi.


Nuraly – göreş boýunça nesil tärini dowam etdiriji. Ol eýýäm dogulanyndan oňa uly sport geljegi kesgitlendi. Sebäbi onuň kakasy Arslan Ýalkapow sport göreşi boýunça Türkmenistanyň at gazanan türgenleşdirijisi. Şonuň çin hem ony, IV Aziýa oýunlaryny geljekki ýeňijisiniň ýaňy 8 ýaşy dolanda onuň dogduk mekany bolan Lebap welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Dostluk şäherçesiniň pälwanlar sport toparyna aldylar. Onuň ilkinji resmi tälimçisi kakasy boldy, ýaş halypasy bolsa Nurgeldi Rozyýew boldy, ondan soňra bolsa Ýazberdi Setdarowyň toparyna geçdi. Şondan iki ýyl soňra bolsa ol ýene-de kakasynyň ýolbaşçylygynda türgenleşýär. Onuň kakasy öz ogluna türgenleşiklerde hiç-hili ýeňillik bermedi. Netijede bolsa Nuraly sport durnuklylygy, güýçli häsiýet we güýçli erk ýaly häsiýetleri özünde jemledi N. Ýalkapow indi birnäçe ýyl bäri milli ýygyndynyň düzüminde çykyş edýär. Ol bu ýerde Türkmenistanyň at gazanan tälimçileriAta Adaýewiň we Dörtguly Tejenowyň ýolabaşçylygynda öz ussatlygyny ýokarlandyrdy. Nuraly ýygygyndyň düzüminde köp sanly iri halkara derejesindäki bäsleşiklere gatnaşdy. Ol sport göreşiniň birnäçe görnüşleri boýunça ýokary orunlary birnäçe gezek eýelemgi başardy. Meslem, ol göreş bäsleşigi boýunça dünýä çempionaty-2007-de bürünç medaly, dzýudo boýunça halkara bäsleşigi-2011-de altyn medaly, sambo boýunça Merkezi Aziýanyň herket edýän çempiony we beýleki köp sanly üstünlikleri gazanmagy başardy. Ynha indi bolsa Nuraly öňki gazanan medallarynyň üstüne ýene-de bir ýapyk binalarda we söweşjeň sungaty boýunça IV aziýa oýunlarynda altyn medaly goşdy.


Inçhonda türkmenistanly türgeni diňe bir türgenler we tälimçiler gutlaman, eýsem Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny biziň paýtagtymyza geçirmek dabarasyna gatnaşmak üçin bu ýere gelen Aşgabat şäheriniň häkiminiň hut özüniň gutlandygyny ýatlap geçmelidiris. Mundan hem başga türkmenistanly türgeniň gazanan bu owadan ýeňşi Ansan Sangroksu Gymnasium sport toplumynyň tribunasyny dolduran köp sanly tomaşaçylaryň aýratyn ýadynda galdy. Olaryň köpüsi Türkmenistandan gelen çempiony gutlamak we özleri bilen ýadigärlik surata düşmek ýörite sport “obajygyna” geldiler. Ýöne Nurala iň gyzgyn gutlaglar Aşgabatda garaşýardy. Ony bu ýerde ejesi Gülnara Ýalkapowa, dogany we uýasy gyzgyn garşyladylar. Ejesi ogluny - çempiony gujaklnda göz ýaşyny saklap bilmedi. Ýöne bu enäniň hakyky pälwana öwrülen öz körpe ogluna bolan buýsanjydy.


N.Ýalkapowyň Aşgabada gelmeginiň aýratyn hormata eýe bolandygyny aýdyp geçmelidiris. Howa menzilinden başlap,ol şäheriň içinden Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny açyk ulagyň üstünde saklap geçip gitdi. Bu görnüşler biziň ýurdumyzyň ähli künjegine ýaýradyldy, raýatlar IV Aziýa oýunlarynyň çempionyny dik durup el çarypmak bilen sylagladylar.

Mälim bolşy ýaly, şunuň ýaly sport çäresi 2017-nji ýylda Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallary netijesinde gurulýan Olimpiýa şaherçesiniň binýadynda geçiriler. Şonuň üçin hem, Nuraly özüniň Inçhonda gazanan üstünliklerini bu oýunlarda berkitjekdigini ynam bilen aýdýar. Özi hem şol döwürde onuň men diýen wagtynda (27 ýaşynda) we kämil sport görnüşinde bolar.

Onuň topardaky ýoldaşlary Inçhonda Aziýa oýunlarynda kümüş medaly gazanmagy başardylar. Olar hem indiki sapar “kümüşi” “altyna” öwürmek üçin ellerinden gelenini aýamajakdyklaryny beýan etdiler. Koreýada Muhammet Temurowyň (73 kg çenli), Serdar Jümmiýewiň (81 kg çenli), Aýna Jumakulyýewanyň (52 kg çenli) we Nasiba Surkiýewanyň (63 kg çenli) wise-çempion bolandyklaryny ýatlap geçmelidiris. Olar hem Nuraly bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan pul baýragy bilen sylaglandylar.