Ï Elbrusyň belentliginde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Elbrusyň belentliginde

view-icon 805
Bu belentlige çykmagy 29-njy iýunyň öň ýanynda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Mälikguly Hojanyýazow amala aşyrdy.

Elbrus Kawkazdaky daglyk ýerdir, ol Russiýa Federasyýasynyň Kabardino-Balkariýa we Karaçaýewo-Çerkess respublikasynyň serhedinde ýerleşýär. Bu iki sany gerişden ybarat bolup, öçüp galan wulkanyň konusydyr. Onuň günbatar belentligi 5642 metr, Gündogar belentligi bolsa 5621 metrdir.


Daga çykyjylar gije sagat üçde ýola çykdylar. Gijäniň bu wagtynda firn – doly zire gar emele gelýär, onuň üsti bilen hereket etmek ýeňil bolýar. 7 sagatlap ýokary çykylandan soňra ol ýokarda boldy.

Syýahatça pul harajatlaryny kömek eden “MTS Türkmenistan” hojalyk hasaplaşygyndaky kärhananyň işgärleri bu üstünlik bilen şatlyklaryny paýlaşýarlar. Mälik Hojagulyýew bu belentlige çykmazdan ozal Monblananyň, Kilimanjoranyň we Akonkaguanyň belentliklerine çykmagy başardy.