Ï Iki ekipaž pellehana barýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Iki ekipaž pellehana barýarlar

view-icon 855
Türkmen ulag ýaryşyna gatnaşyjylarynyň “Ýüpek ýoly-2013” rallisine gatnaşmagy dowam edýär. Türkmen ekipažynyň ikisi altynjy tapgyrynyň Astrahan-Astrahan çuň we batgaly ýerlerden we çägeli bölekden halkalaýyn egrem-bugram ýollaryny üstünlikli geçip, altynjy tapgyry tamamladylar. 188 belgide çykyş edýän Gurbanberdi Daňatarow we Rafael Gaýnulin öňkileri ýaly öz netijelerini gowlandyrýarlar, olar absalýut hasapda 21-nji orunda barýarlar. 187-nji belgide çykyş edýän ekipaž hem (Şamyrat Gurbanow we Serdar Mollamyradow) öz ýoluny dowam etdirýär.

Mundan öňki bäşinji Elista-Astrahan 600 km golaý bolan tapgyrynda, bu ýerde 400 km ýaryşyň tizlikli görnüşinde, tehniki sebäplere görä 184-nji belgide çykyş edýän biziň ekipažymyz ýaryşdan çykmaly boldy.Agamyrat Annaýewe we Rejepnyýaz Annaberdiýewe indi diňe öz ýoldaşlaryna janköýerlik edäýmek galdy. Ekipažlar Galmygystanyň paýtagtyna 500 kilometrden gowrak ýoly geçip, 4 targyryň dowamynda geldiler.


Ertir uzak bolmadyk ýaryşdan soňra “Ýüpek ýoly” rallisiniň ýapylyşy hem-de ýeňijileri sylaglamak dabarasy bolup geçer. Türkmen ýaryşa gatnaşyjy kerweni yzyna öýe tarap ugrar. Ralliniň pellehanasy Wolga derýasynyň aşaky akymynda derýanyň Hazar deňzine guýýan ýeri bolan Astrahanda bolar.

“Ýüpek ýoly” rallisi indi dört ýyl bäri geçirilýär. “Ýüpek ýoly - 2013” rallisine Moskwanyň Gyzyl meýdançasynda 5-nji iýulda badalga berildi. Halkalaýyn tapgyrlaryň guralmagy netijesinde ýaryşyň maksatnamasyna täze çöl ýollary we gysgaldylan sürüşler girizildi.